Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistana eksport Eýran daýhanlaryna bähbitli"


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy Radio Fardanyň ykdysady meseleler boýunça bilermeni Fereýdun Zernägaryň aýtmagyna görä, Eýran, umuman, agrar ýurt we ilatyň dörtden bir bölegi oba hojalyk pudagynda işleýär.

Onuň aýtmagyna görä, oba hojalyk önümleri diňe ýurduň içinde sarp edilmän, bir bölegi daşary ýurtlara-da eksport edilýär. Önümiň eksport edilmeginde bar bolan býurokratik meseleleri kiçi daýhan hojalyklarynyň özleri çözmän, daýhanlar tarapyndan esaslandyrylan kooperatiwler çözýär.

Eýranyň galla we gök önüm ýetişdirýän esasy welaýatlarynyň başynda Türkmenistan bilen serhetdeş Gülüstan we Horasan welaýatlary durýar. Bu iki welaýatda zähmetkeş türkmen daýhanlary-da ýaşaýarlar.

Oba hojalygy ugrundan ýokary okuw jaýyny tamamlan Yusuf Kor bu welaýatda ýaşaýan daýhanlaryň özara bileleşikleri döretmekde tejribeleriniň bardygyny aýdýar.

Eýranyň Oba-hojalyk ministrliginiň berýän hasabatyna görä, türkmenleriň ýaşaýan Gülüstan welaýatynda tonnalap galla, pagta we beýleki gök önümler ýetişdirilýär. «Keşawerz» (Daýhan) internet saýtynyň mälim etmegine görä, Eýranly daýhanlaryň üstünliginde şu faktorlar esasy rol oýnaýar:

1. Ekiş üçin daýhanlara zerur bolan tohum, dökün, ýangyç suw we beýleki tehniki enjamlar ýeňillik bilen berilýär, bu babatda kynçylyga gaty az duş gelinýär.

2. Daýhanlaryň önümleri ätiýaçlyk şertnamasy bilen doly goralan. Guraklyk bolan ýagdaýynda, hasyla dürli mör-möjek zyýan ýetiren halatynda ýa-da sil gelip, zyýan berende, zyýanyň öwezini döwlet dolýar.

3. Oba hojalyk banky az göterim bilen daýhanlara karz pul berýär.

4. Öndürilen önümler hökümetiň kesgitlän nyrhy esasynda satuwa çykarylýar.

5. Daýhanlaryň özleri tarapyndan döredilen birleşikler nyrhlaryň bellenmeginde täsirli rol oýnaýar we daýhan birleşikleri önümleri bazarlarda ýerleşdirmekde erkin hereket edýärler.

6. Hökümet oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilmeginde daýhan birleşiklerine goldaw bermek maksady bilen olary dürli salgytdan boşadýar diýip, «Keşawerz» diýen internet sahypasy maglumat berýär.

“Ýöne Eýranyň bagbanlary Hytaýdan we Arap Emirliklerinden getirilýän önümleriň artmagy netijesinde öz önümleriniň satylman, çüýräp galýanlygyndan zeýrenýärler diýip, oba hojalyk ugrundan bilermen, Radio Fardanyň žurnalisti Zernegar aýdýar.

Onuň pikiriçe, Türkmenistana garanyňda Eýranly bagbanlaryň öz önümlerini owadan hem gelşikli gaplarda eksport etmekde tejribesi köp: «Eýran Türkmenistan bilen goňşy, onsoň öz önümlerini Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana eksport etmek Eýran daýhanlarynyň bähbidine». Bu pikir bilen Yusup Kor-da ylalaşýar.

Ýeri gelende aýtsak, zerurlyk bolan halatynda Eýranyň daýhanlary dürli neşirlerde we internet saýtlarynda öz ýagdaýlary we işde duş gelýän kynçylyklar hakynda mesele gozgaýarlar. Bu saýtlaryň üsti bilen olar önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny-da gözleýärler.
XS
SM
MD
LG