Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Zerli Nyýazowyň aýrylmagy ýiti yşarat bolup biler"


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow.

Halkara planda geçen ýyl Türkmenistan üçin şowly ýyl boldy. Şunuň ýaly aýgytly öňe ümzük atmalar ýurduň içerki durmuşy bilen bagly şu ýyl hem dowam etdirilse, logika laýyk bolardy.

Ýylyň başy Türkmenbaşynyň zer çaýylan heýkelini paýtagtyň merkezinden aýyrmak baradaky karar bilen has-da meşhur boldy. Ýönekeý türkmenistanlylaryň arasynda Bu ideýa garşy çykjak tapylmasa gerek.

Ýöne Nyýazowyň ýolbaşçylygynda diktator režimini gurmaga aktiw gatnaşanlaryň hem ony goldanlaryň gaýga batmagy mümkin. Şeýle adamlar häzirem ýurduň dolandyryjy apparatynda işleşip ýörler.

Zerli Nyýazowyň aýrylmagy olar üçin juda ýiti yşarat bolup biler, şol yşarat olaryň möwrütiniň geçip barýandygyny aňladar, haýalam bolsa, öňe tarap gyşarnyksyz hereket bilen ýurduň gazaply geçmişden daşlaşýandygyny aňladar. Belki, olaryň käbiri Nyýazowyň režimini hem şahsyýet kultuny döretmäge gatnaşandygy üçin jemgyýetiň öňünde jogap bermeli bolar.

Ýokary jogapkärli wezipeleri eýelemek bilen şol köne kadrlar wagtynda sylag-serpaýlara mynasyp bolan öňki işini, ýörelgesini dowam etdirýärler. Olaryň biri häzirem ideologiýa we propaganda ýolbaşçylyk edýär. Ol Nyýazowyň üýtgewsiz hem wepaly kömekçisi bolan Wiktor Hramowdyr. Onuň häkimiýetiň düzüminde saklanyp galmagy türkmen jemgyýetinde ideologiýanyň we propagandanyň özgermändigini görkezýär.

Hramow ýaly bu ugurdan ussat kişiler şahsyýet kultunyň köne elementlerini şu günki prezidentiň hem boýnundan dakmaga, onuň maňlaýyna ýelmemäge synanyşýarlar. Ýöne bu iş, haýsy tarapdan alsaňam, hiç bir tasa gelmez – indi döwür başga. Gurbanguly Berdimuhamedowdan ikinji ”Türkmenbaşyny” ýasamak ýa döretmek başartmaz. Häzirki prezident düýbünden başga ambisiýalary bolan başga bir adam.

Iki prezidentiň arasyndaky tapawut

Merhum Nyýazow bilen onuň arasyndaky tapawut – Berdimuhamedow praktiki taýdan işläp ýören lukman, ol öz wagtynda professionalyň tejribesine eýe bolup bildi. Merhum Türkmenbaşy welin, diri wagty öz esasy hünärinden professional derejedäki tejribäni gazanyp bilmedi. Şonuň üçinem edil şonuň ýaly ýene bir nusga ýasajak bolsalar, ol ýaramaz hilli bolup çykar.

Ýöne welin, wagtynda saklamasaň, köne ýarag ýurda aýakbagy bolmak bilen geçmişi gaýdyp getirmäge synanyşar. Onýyllyklaryň dowamynda ýapyklygy, gysyşlary başdan geçiren ýurt ösüşden başga-da, sagdynlaşma, aýňalma, özüne gelme prosesini başdan geçirmeli.

Lukman hökmünde muňa G.Berdimuhamedow gaty gowy düşünýär. Halkara arenasynda geçen ýyl Türkmenistanyň gazanan üstünliklerinden soň köp sanly türkmenistanlylarda-da, ýurduň daşyndakylarda-da 2010-njy ýylda ýurduň içerki durmuşynda gowy özgerişler bolar diýen ýagşy umytlar bar. Şol isleg-arzuwa esaslaram ýeterlik.

1-nji ýanwardan “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” täze kanun güýje girdi. Üç ýyl mundan öň bu gürrüňi edilýän organ S.Nyýazowyň halky mynjyradýan, gorkuzýan, sesini basyp ýatyrýan şahsy apparatydy. Şu günki gün welin, goý, teoriýa taýdan bolsun, öňki prezident döwründe bar bolan kanun bozmalary aradan aýyrmaga mümkinçilik bar.

Başgaça aýdylanda, prinsipde häzir Türkmenistanda boglan, depgilenen hukuklary dikeltmäge, öňki režim döwründe şol hukuklary kemsidilenlere hem, goý, ölenden soň bolsun, Nyýazowyň hut özüne aýyplama, günä bildirmäge kanuny mümkinçilik bar. Şol hukuk bozmalaryň sanardan juda köp bolandygyna, şol hukuk bozmalaryň pidalarynyň häzirem türmelerde jeza, ejir çekýändigine şübhelenmeýänler gaty köp.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG