Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky gaz ylalaşygy detektiw häsiýetini dowam etdirýär. Bu ylalaşyk we onuň bilen bagly köp sowal jogapsyz galýar.
Halkara synçylar şol ylalaşyga Orsýet tarapyndan “Gazpromyň” hojaýyny Alekseý Milleriň däl-de, onuň orunbasary Aleksandr Medwedewiň gol goýmagyna ünsi çekýärler.
Iki ýurduň arasynda birnäçe aýlap dowam eden gaz oňşuksyzlygynda Miller köplenç ýakymsyz çykyş edipdi. Täze ylalaşyga gol goýuşlygy Miller bilen baglanyşdyrmazlygy Aşgabadyň isländigini aradan aýryp bolmaz. Çünki ylalaşygyň ahyrky pursatynda Moskwa ýagdaýlary has-da dartgynlaşdyrmazlyk kararyna geldi. Emma, bu ylalaşyga Milleriň reaksiýasy matal bolmagynda galýar.
Eýse, Miller onuň şertleri bilen doly ylalaşdymyka ýa-da D.Medwedew “Gazpromyň” hojaýynynyň islegine garşy gidip, şertnama gol goýulmagy bilen ylalaşdymyka? Bu şertnamanyň mazmuny hem matal bolmagynda galýar. Ol barada yglan edilen esasy san synçylarda käbir skeptizmi döredýär. Ylalaşyga laýyklykda, “Gazprom” her ýylda 30 milliard kubmetr türkmen gazyny satyn alar.
Esasy gümürtiklik
Hut şu ýerde-de esasy gümürtiklik ýüze çykýar. Çünki owal 30 milliard kubmetr gaz barada agzalmaýardy. Bu ylalaşyga gol goýanlaryň biri Medwedew täze ýylda Orsýetiň “azyndan 11 milliard kubmetr” türkmen gazyny aljakdygyny seresaplylyk bilen habar berdi. Hut şunuň bilen bagly “Kommersant”gazeti “Gazpromyň” başga bir ýolbaşçysynyň hem “biz azyndan 11 milliard kubmetr gaz satyn almakçy” diýendigini ýazdy.
Şu ylalaşyk bilen bagly detektiwiň soňy Orsýete akdyryljak türkmen gazynyň bahasy bilen bagly tema bolup görünýär. Taraplar işine şeýle bir pugta boldular we gazyň nyrhy barasynda asla dil ýarmadylar. Haýsy tarapyň şeýle syrlaryň ýaşyrylmagyny isländigi hem näbelli.
Orsýetiň metbugatynda türkmen gazy üçin haýsy bahanyň ýerlikli boljakdygy barada käbir sanlar peýda boldy. Ol bahany Ukarinanyň Orsýetden alýan gazy üçin töleýän nyrhy bilen deňeşdirýärler. Has dogrusy, gazyň her müň kubmetrine 195 dollar tölener diýlen çaklamalar bar.
Näme üçin syrly?
Gazyň bahasy bilen bagly intrigany taraplaryň ikisiniň hem birnäçe wagtlap goldamagy ahmal. Emma, olar umumy tassyklamalar bilen çäklendiler. Ýagny, iki ýurduň gaz gatnaşyklarynda bahalar Ýewropanyň gaz bazaryndaky formula boýunça kesgitleniler.
Eýýäm Halkara metbugatynda Germaniýadaky esasy nyrh barada agzalýar. Ýagny, gazyň her müň kubmetrine 360 dollar tölemek. Hatda, eger Orsýet bu baha bilen ylalaşsa-da, Aşgabatdaky gepleşiklere gatnaşan Orsýetiň wekilleri bu baha transport çykdajylarynyň we beýleki yörite tölegleriň girmeýändigini boýun aldylar. Emma, şeýle yörite kesgitlemeler bilen bagly jikme-jikler iki ýurduň jemgyýetçiligi üçin hem entek syr bolmagynda galýar.
Eger ahyrky türkmen-ors gaz ylalaşygy ilkibaşdan şular ýaly syrly bolsa, ol durmuşa geçermikä? Eýse, tümlüge bukulýan bu ylalaşyk tiz wagtda nobatdaky şowsuzlyga duçar bolmazmy? Eýse, onuň syrlylygy bilen bagly fakt taraplaryň haýsy-da bolsa biriniň ylalaşykdan nägiledigini aňlatmaýarmy?
2003-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ozalky sertnamany üýtgetmegin inisiatory Orsýet boldy. Türkmenistan täze şertlere garşylyk görkezdi. Asgabadyň bu mejbury ylalaşmaly bolan ýagdaýy täze baglaşylan sertanama öz täsirini ýetirermi? Eger yetirse, onda bu näche basym bolarka?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.