Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kanunçylyk we adam hukuklary


Türkmenistanyň Mejlisi.
Türkmenistanyň Mejlisi.

2009-njy ýyl soňuna golaýlaýar. Ýylyň käbir jemlerine eýýäm syn etmek mümkin. Geçip barýan ýylda kanunçylyk, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişi, oňa gözegçilik, halkyň gündelik durmuşyna onuň täsirleri barada bu gezekki tegelek stol programmamyzda gürrüň edilýär.

Söhbetdeşlige Aşgabatdan kanunçylyk hem adam hukuklary meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Şwesiýadan türkmen parlamentiniň öňki deputaty, oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow gatnaşýarlar.

Programmany Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

Alyp baryjy: “2009-njy ýylda Türkmenistanda näçe kanun kabul edildi?”

A.Baýryýew: “Meniň hasabyma görä, Mejlis 2009-njy ýylda 22 sany kanun kabul etdi. Möhüm kanunlaryň arasynda “Jenaýat iş ýörediş kanuny”, “Zähmet kodeksi”, “Migrasiýa gullugy hakyndaky kanun” ýaly kanunlar bar.

Alyp baryjy: “Türkmenistanda täze kanunlaram kabul edildi, öňki kanunlaram işläp dur. Şol kanunlar halkyň hak-hukugyna, gündelik durmuşyna nähili täsir ýetirýär, Amanmyrat Bugaew?“

A.Bugaýew: Birinjiden, şol kanunlaryň nähili kabul edilýänliginden ilat köpçüligi habarsyz galýar. Hiç bolmanda hepdede bir sagat telewideniýe arkaly Mejlisiň işini göni alyp görkezmeli köpçülige. Jemgyýet üçin kabul edilýän kanunlara jemgyýetiň özüniň gözegçilik etmegi gerek.

Halmyrat Söýünow: 2007-nji ýyldan bäri, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri Türkmenistanda 84 kanun we 4 sany düzgünnama kabul edildi. Bu uly iş. Ýöne şol kanunlaryň döwlete ýa halka ýetirýän täsiri duýulmaýar. Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok, grajdan jemgyeti ýok, adamlaryň konstitusion hukuklary gödek bozulýar. Metbugat üsti bilen millete düşündiriş işleri geçirilmeýär.

Alyp baryjy: Türkmenistanda kanunlaryň işlemeýändigine subutnama köp diýip, Türkmenistanly pensiýadaky ýurist şeýle gürrüň berdi:

“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji bölümi adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary hem borçlary barasynda. Ondaky 30 maddanyň 28-si graždanlaryň hukuklaryny kepillendirýär. Galan ikisi bolsa graždanlaryň borçlaryny kesgitleýär. Esasy kanuny dykgat bilen okap çykan adam 28 maddada görkezilen adam hukuklarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilmeýändigine göz ýetirip biler. Ýöne borçlar baradaky talaplar welin, diýseň berk ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, ählumumy harby borçlulyk, döwlet salgytlaryny hem beýleki tölegleri tölemek ýaly borçlaryny ýerine ýetirmedik adamlaryň garşysyna jenaýat işi gozgalýar. Konstitusiýanyň kepillendirýän adam hukuklarynyň bozulmagy ýaly hadysalar üçin jeza çäreleri Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulmandyr.

Ýene bir mysal, Türkmenistanyň kanunlarynda aýallaryň göwrelilik we çaga dogurýan döwründe hem çagasy bir ýaşaýança, çagalara bolsa 14 ýaşaýança tölegsiz medisina hyzmaty kepillendirilýär. Owadan ýazylan bu kanunlar iş ýüzünde işlemeýär. Mugt medisina hyzmat-a däl, 1-nji klasa ugratmak üçin saglyk öýüniň kassasyna çaganyň saglygy barasyndaky sprawkany almak üçin resmi suratda 200- 250 müň manat tölemeli.

Wezipeli emeldarlar üçin ýerlerde kanun ýok - diýip, ýurist gürrüňini dowam etdirdi: “Türkmenistanda ýeňil maşynlardaky 03 nomer häkimliklere, 04 – polisiýa, 05 – ýörite, salgyt we beýleki gözegçilik gulluklaryna degişli bolup, olar üçin ýol hereket düzgünleri ýok, islän wagty, islendik ýerde kadalary bozýarlar. Azgalan edaralarda işleýän adamlar öz hususy maşynlarynda-da tizlik, beýleki çäklendirmeleri, gadagan edýän, buýrujy bellikleriň ählisini äsgermezlik edýärler.

Polisiýa, prokuratura hem beýleki kanun goraýjy organlar ýokary wezipeli adamlaryň garşysyna hiç hili çäre görüp ýa-da eden jenaýaty üçin jenaýat işini gozgap bilmeýärler. Olaryň üstünden jenaýat işi diňe döwlet baştutanynyň görkezmesi bilen gozgalyp bilinýär.

Welaýat, etrap derejesindäki ýolbaşçylar göwnüne ýaramadyk islendik ýönekeý adamyň üstünden jenaýat işini gozgadyp bilýärler, köplenç etmedik jenaýatlaryny şol adamlara boýun aldyrýarlar. Sudlar totalitar režim bolan sowet döwründe-de halk tarapyndan saýlanylýardy, Nyýazow olary özi belledi. Şol düzgüniň häzirem saklanyp galýandygy üçin sud seljermesinde wezipeli adamlaryň, häkimiýet eýeleriniň islegine görä netije, höküm çykarylýar. Ýurtda kanunçylyk ugrundan düýpli reformalar geçirilmese, bu ýagdaýyň düzelmek şansy ýok diýerlik”
.

Alyp baryjy: “ Konstitusiýadan aşakda durýan kanunlar bilen bagly ýagdaý nähili?

Türkmenistanistanly pensioner ýurist şeýle diýdi: “2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmenistanyň zähmet kodeksi güýje girdi. Şol kanunda iş gününiň 8 sagatdan, iş hepdesiniň 40 sagatdan köp bolmaly däldigi ýazylypdyr. Ýöne biziň ýurdumyzda adaty işgär edara ýolbaşçysynyň islegine görä işlemeli, kanuny çäklendirmelere seredilmeýär. Edaralarda iş sagadynyň dowamlylygy 10 sagatdan az däl. Muňa ýurtdaky 34 sany pagta arassalaýjy zawodlaryň şu günlerki iş tertibini mysal getirmek bolar. Şol zawodlaryň işçileri 2009-njy ýylyň pagta hasyly işlenilip gutarylýança, geljek ýylyň aprel-maý aýlaryna çenli hiç bir dynç almazdan, hepdede 7 gün işlemeli. Şondan soň täze hasyl kärhana gelip ugraýança, olary buýruk esasynda işden çykarýarlar. Oňler olara tölegsiz zähmet rugsady berilýärdi. Kanun esasynda şol mejbury dynç alyş wagty işgär kesellese, oňa hak tölemeli bolýan eken. Şol puly tölemezlik üçin pagta arassalaýyş möwsümi gutaran badyna olary işden boşadýarlar hem täze möwsümde ýaňadan täze işgär hökmünde kabul edýärler. Ine, şu praktika, edilýän iş barasynda Zähmet kodeksinde ”hiç zat ýazylmandyr” diýip, türkmenistanly ýurist aýtdy.

A Baýryýew:
“Türkmenistanly ýuristiň aýdýanlary dogry. Kanunlar ýurtda bir taraplaýyn, häkimiýetleriň peýdasyna işleýär. Kanunlar soňky döwür halkara tejribeleri göz öňünde tutulyp düzülýär, olar kämil. Ýöne olaryň işlemeginde gaty uly kynçylyklar bar. Nyýazow döwründe “Prezidentiň sözi - kanundyr” diýen ýörelge bardy. Ol düýpden nädogry. Kanunlaryň hakyky işlemegi üçin olaryň hemmelere deň täsir etmegi zerur.”

Alyp baryjy: “Aşyrguly, siz möhüm meseläni gozgadyňyz. Dünýä standartlaryna laýyk kanunlar kabul edilýär. Şol kanunlar bazar ykdysadyýeti bolan, bazar gatnaşyklary işläp duran ýurtlar üçin niýetlenen. Şol kanunlar Türkmenistanda kabul edilse-de, bazar ykdysadyýeti, bazar gatnaşyklary ýok, şonuň üçin olar göwne makul işläp bilmeýär”.

A.Baýryýew: “Men Türkiýäniň meşhur prezidentlerinden biri Turgut Ozalyň bir sözüni getirmekçi. Ol: “Men halkyma köp zat berip bilmedim, ýöne üç zady berdimmikäm diýýärin: ykydysady azatlygy, syýasy azatlygy hem wyždan azatlygyny” diýipdir. Şol azatlyklaryň ýok ýerinde jemgyýet bir adamyň erki, emri bilen ýaşamaly bolýar. Şeýle ýagdaýda kanunlaryň doly güýjünde işlemegine şübhe bilen garap bolar”,

A.Bugaýew: “Kanunlaryň işlemegi üçin hökümete degişli däl jemgyýetçilik guramalar gerek. Ikinjidenem, Konstitusion sud gerek”.

H.Söýünow: “Ýurtda syýasy reformalar geçirmeli. Häzirki hökümet häkimiýet başyna bikanun geldi.Onsoň ol nädip kanunlaryň işlemegine kontrollyk edip biler?”

Alyp baryjy: Şu ýyl kabul edilen kanunlaryň ýene biri “Immigrasiýa hakyndaky“ kanundyr. Ol türkmenistanly graždanlara ýurtdan erkin çykmaga we erkin gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär.Ýöne kanunlary halka düşündirmekde iş geçirilmeýändigini şu günki programma gatnaşýan adamlar nygtadylar. Hökümet tarapyndan bu iş edilmese-de, käbir halkara guramalar tarapyndan türkmenistanlylar üçin bu ugurdan käbir peýdaly işler edipdir.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi türkmen paýtagtyndaky fransuz ilçihanasynyň maliýeleşdirmeginde “Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň çäginden daşary erkin ondan-oňa gitmegi” at bilen Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň, esasy kanunynyň aşagyndaky kanunlaryň esasynda maglumatlar toplumyny türkmen we ors dillerinde öz internet saýtynda çap edipdir.

Şol maglumatlary internetden tapyp, özüňiz hem okap bilersiňiz. Saýtyň adresi: www.osce.org/documents/cit/2008/12/37019_tk.pdf

Şol dokumentden käbir bölekler:

“Türkmenistanyň Konstitsiýasynyň 24-nji maddasy her bir adama döwletiň çäklerinde erkin ondan-oňa baryp gelmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga hukuk berýär. Ýöne Konstitusiýa Türkmenistana gelmäni we onuň çäklerinden daşary çykmany gös-göni kepillendirmeýär, şol bir wagtda-da ýurduň daşyna çykmakda haýsydyr bir çäklendirmäni göz önünde tutmaýar. Türkmenistanyň daşyna çykmak boýunça Konstitusion düzgünleriň ýok şertlerinde bu mesele kanunlar we kanularyň aşagyndaky aktlar esasynda kadalaşdyrylýar” diýlip, dokumentiň başynda bellenilipdir.

“Migrasiýa hakyndaky kanunyň 55-nji maddasynda “Türkmenistanyň graždanlary gulluk borjy hem şahsy işleri boýunça, syýahat üçin we beýleki maksatlar bilen ýurtdan çykyp biler” diýlipdir. Olar ýurtdan çykylýan ýerde – serhetde Türkmenistanyň graždanynyň pasportyny ýa diplomatik pasportyny ýa-da gulluk pasportyny, deňizçiniň pasportyny görkezmeli. Şol dokument talaba laýyk düzüw bolmaly.

Kanunyň “Türkmenistandan çykmagyň kadalaşdyrylýan aýratyn ýagdaýlary” atly 34-nji maddasynyň 3-nji bölüminde şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň graždanlary ýurduň daşynda okap biler. Daşary ýurtlarda bilim almak üçin graždanlarda okuw jaýyndan tassyknama ýa-da çakylyk haty bolmalydyr. Şol dokumentler bolmadyk halatynda daşary ýurda çykmaga rugsat berilmän biler”.

Bişkekde okaýan türkmenistanly studentlerde şol dokumentler bar ahyryn.

ÝHHG-niň çap eden dokumentinde ýurtdan çykmaly däl ýa-da wagtlaýyn çykmaly däl topara degişli sanaw berlipdir. Olaryň arasynda döwlet syrlaryny bilýänler, garşysyna jenaýat işi gozgalanlar, suduň hökümi bilen boýnuna goýlan borjy ýerine ýetirmeýänler, harby gulluga degişliler we beýlekiler bar. Bulara kanunlaryň maddalary esasynda düşündirişler berilýär.

Eger ýurduň daşyna çykmak bilen bagly jedel dörese, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy Türkmenistanyň islendik graždany üçin öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramak üçin ýuridik gorag serişdelerine mümkinçilik berýär. Şol serişdeler
- Prokuror gözegçiligi.
- Jedeli suddan öň deslapky çözmek.
- Suda şikaýat etmek.

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky kanunyň “8-nji maddasynda: “Kanunlaryň bozulandygy barada graždanlaryň şikaýatlaryna prokuratura organlary seretmäge ygtyýarly” diýen sözler bar. Eger Türkmenistanyň graždany ýurduň daşyna çykmak hukugy haýsydyr bir organ ýa-da wezipeli adam tarapyndan bozuldy hasap etse, ol prokuratura ýüz tutup bilýär, prokuror bellenen wagt içinde graždanyň hukuklaryny dikeltmek üçin bu işde günäkär adamy ýa-da döwlet organyny kanun esasynda jogapkärçilige çekip bilýär.

Eger ýüz tutan graždan prokuroryň kararyndan kanagatlanmasa, ol Türkmenistanyň Baş prokuroryna çenli şikaýat edip bilýär.

Daşary ýurda goýberilmedik adamlar suda ýüz tutmazdan ozal şol saklan organlar ýa wezipeli adamlar bilen düşünişmäge hem meseläni ýerinde çözmäge synanyşmaly. Dokumentde Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary esasynda bu barasynda-da giňişleýin düşündirişler berlipdir.

Bu iş ýerinde çözülmese, graždan suda ýüz tutup bilýär. Ol ýaşaýan ýerinde ýa-da wakanyň bolan ýerinde suda ýüz tutup biler.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň çap eden dokumentiniň soňunda Türkmenistanyň migrasiýa boýunça döwlet gullugyna ýazyljak arzanyň nusgasy-da berlipdir.

Alyp baryjy: Täze ýylda nähili kanunlary kabul etmek gerek?

A Baýryýew: “Ilkinji nobatda syýasy partiýalar hakyndaky kanun gerek. Ýaşaýyş jaý kodeksi gerek. Ozal bar, ýöne hökman täzeden kabul edilmeli kanun – metbugat baradaky kanundyr”.

A.Bugaýew: “Ýurtda bazar ykdysadyýetine, hususy eýeçilige geçmek üçin anyk programma gerek. Konsitusion sud gerek. Şol üçüsi bolan halatynda kanunlar işlär”.

H Söýünow: “Şu aýdylan teklipler bilen ylalaşýaryn. Hemmesi dogry”.

Alyp baryjy: Hormatly diňleýjiler, şu günki gozgalan meseleler boýunça siziň her biriňizde öz pikiriňiz, öz garaýşyňyz bardyr, goşjak ýa sorajak zatlaryňyz bardyr. Olary internet saýtymyza ýazyp bilersiňiz. Hatlaryňyza garaşýarys.
XS
SM
MD
LG