Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Migrasiýa gullugy barada” kanun kabul edildi


Döwlet migrasiýa gullugynyň wideo gözegçilik edýän otagy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň wideo gözegçilik edýän otagy.

Türkmenistanyň parlamenti häzirki wagtda ýurduň kanun sistemasyny kämilleşdirmek boýunça geçirýän işleriniň çäginde “Türkmenistanyň sanitariýa kodeksini tassyklamak we durmuşa girizmek boýunça kanuny”, “Ýaraglar baradaky” kanuny we “Migrasiýa gullugy barada” täze kanuny kabul edenligini habar berdi.

Türkmenistanyň kanun sistemasynyň üstüni ýetirýän täze kanunlaryň döwlet, sosial-ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi üçin zerur şertleri döredýänligini bellemek bilen TDH gullugy kabul edilen täze kanunlaryň Türkmenistanyň milli bähbitlerini hasaba alýanlygyny, şeýle-de halkara kanunlarynyň we ylalaşyklarynyň umumy kadalarynyň berjaý edilişini üpjün edýänligini habar berdi.

Maglumatda Türkmenistanyň “Migrasiýa gullugy baradaky” kanunyň şu günki günüň ýagdaýlaryna laýyklykda kämilleşdirilenligi bellenildi emma täze kanunyň aýratynlyklary takyklanmady.

“Migrasiýa gullugy baradaky kanun” näme?

Hukukçy Timur Misrikhanowyň sözlerine görä, “Migrasiýa gullugy baradaky” kanun we Migrasiýa gullugyň özi 2003-nji ýylda döredildi we ýörite döredilen bu gulluga daşary ýurtlulary registrasiýa etmek ygtyýary berlipdi.

Timur Misrihanow “Migrasiýa gulluk baradaky” täze kanunyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň Baş kanunyndaky üýtgetmeler bilen baglydygyny çak etdi. “Üýtgetmeler esasan raýatlaryň ýurduň daşyna çykmak düzgünlerine bagly bolup biler diýip, çak edýärin. Ozalky kanunda döwletiň öz raýatlarynyň hereket azatlygyny çäklendirmäge 14 punktdan ybarat ygtyýarlyklary göz öňünde tutulýar. Emma şol punktlaryň hiç biri soňky ýyllaryň dowamynda ýurtdan çykmakda kynçylyk çeken raýatlaryň işine gabat gelmeýär. Şonuň üçin täze kanunyň kabul edilmegi raýatlary ýurduň daşyna çykarmazlygy kanunlaşdyrmak çäresi bolup biler” diýip, T.Misrihanow aýtdy.

Hukukçyiň sözlerine görä, halk içinde “Gara sanaw” diýlip atlandyrylýan sanawda 10 müňden gowrak adamyň ady görkezilen. Ol raýatlar ýurduň daşyna çykmak mümkinçiliginden doly mahrum edilýär. Raýatlary Türkmenistandan başga ýurtlara çykarmazlyk bilen bagly wakalar ýaňy-ýakynda ýene ýüze çykdy.

ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky we Bolgariýadaky uniwersitetlerinde okamak islän, emma Türkmenistandan goýberilmedik ýaşlardan birnäçesiniň ýakyn günlerde uçara we gury ýer barlag-geçiş nokatlaryndan goýberilmänligini “Türkmen inisiatiwasy” guramasy habar berdi.

“Gara sanaw”

Şol bir wagtda-da “Gara sanawa” gatnaşygy bolmadyk raýatlaryň-da ýurtdan çykmagynyň çakdanaşa agyrdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň raýatlaryna, öz wagtynda bolşy ýaly Migrasiýa gullugyndan çykyş rugsadyny almak düzgüni resmi derejede ýatyrylan hem bolsa, galyberse-de täze kanunlaryň kabul edilmegine we düzgünleriň üýtgedilmegine garamazdan, ýurduň serhet gulluklarynyň köne düzgünlerden örän uly kynçylyk bilen el çekýänligi gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň birinde ýaşaýan Jeren Baýramowa Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Öň çykyş wizasyny urdurmalydy, soň düzgüni ýeňilleşdirdiler. Emma köp ýerde hazire çenli adamlar köne düzgünler boýunça işleýärler, meselem KPP-lerde. Kanunlar üýtgese-de, köp ýerlerde täze düzgünler boýunça işlänoklar. Gaty gorkýarlar adamlar. Şeýle bir öwrenişipdirler türkmenler daşyna çykarmaly däl diýip. Inisiatiwany öz eline alyp, ýerlerde çözüp boljak meseleleri-de aňsat-aňsat çözmeýärler. Şonuň üçin serhetlerde para bermek gaty ýörgünli”.

Aýratynam aýallara ýurtdan çykmagyň hasam agyrdygyny we olaryň ýurtdan çykarylman, yzyna köp gaýtarylýanlygyny Jeren Baýramowa gürrüň berdi.

Daşary ýurtlularyň öňündäki kynçylyklar

Türkmen raýatlary ýurduň daşyna çykmak bilen bagly kynçylyklara duçar bolýan bolsalar, daşary ýurtlular Türkmenistana barmak üçin wiza almagyň örän kyndygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da soňky ýyllarda Türkmenistana baryp gaýtmak düzgünleri resmi taýdan belli bir derejede ýeňilleşdirildi. Türkmenistana ozalky ýyllara garanda daşary ýurtlular has köp baryp başladylar. Meselem, halkara konferensiýalardyr-sergilere köp barýan daşary ýurt resmilerinden hem biznes wekillerinden daşgary, resmi toparlaryň düzüminde bolmadyk orsýetli hem günbatarly zurnalistleriň hem Türkmenistanyň ilçihanalaryna wiza üçin ýüz tutup, Türkmenistana özbaşdak syýahat edýänligine birnäçe mysallar bar.

Häzirki wagtda ýurduň açyk bolmagynyň örän ähmiýetlidigini belläp, Timur Misrikhanow öz raýatlarynyň hereket azatlygyny üpjün etmek meselesini çözmegiň ilkinji nobatda Türkmenistanyň özüne bähbitlidigini nygtady.

Türkmenistan daşary syýasy, ykdysady gatnaşyklaryny we syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge taýýarlyk bildirýär. Ýurduň kanunlaryny halkara kanunlaryna laýyk getirmek islegini mälim edip, Türkmenistan halkara konsultasiýalaryny hem geçirýär.
XS
SM
MD
LG