Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda nebit-gaz konferensiýasy geçirilýär


Aşgabadyň Sergi köşgi.
Aşgabadyň Sergi köşgi.

“Türkmenistanyň nebit-gazy 2009” atly 14-nji halkara konferensiýa şu günler Aşgabadyň Sergi merkezinde geçýär.

Resmi maglumatlara görä, bu sapar konferensiýa 400-e golaý daşary ýurtly, ýagny dünýäniň 28 ýurdundan 160 kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyna halkara derejesinde gyzyklanma güýçlenýärkä, raýat azatlyklaryny äsgermän gelýän ýurduň içerki ýagdaýyna bildirilýän aladalanmalar hem artýar. “Global Witness” guramasy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň diktaturasyna göz ýummagynyň sebäpleri bilen bagly temadan hasabat çap etdi.

Türkmenistanyň nebit-gaz konferensiýalaryna we sergilerine köp sanly halkara kompaniýalarynyň gatnaşmagy, halkara biznes elitasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge örän gyzyklanýanlygyny görkezýär diýip, ýurduň resmi maglumatlarynda nygtalýar.

17-nji noýabrda Aşgabadyň Sergi merkezinde açylan “Türkmenistanyň nebit-gazy 2009” atly halkara sergisinde Germaniýanyň, Awstriýananyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Orsýetiň, Gazagystanyň, Ýaponiyanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň we ýene onlarça ýurtlaryň kompnaiýalarynyň önümleri we hyzmatlary barada habar berýän pawilonlar işleýär.

Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň arasynda Türkmenistan bilen öňden bäri işleşýän “Petronas” “Dragon Oil”, “Gazprom” ýaly kompaniýalar bilen bir hatarda Türkmenistan bilen ýaňy-ýakynda işleşip başlan dünýä derejesinde ençeme iri kompaniýalar hem bar. Olaryň arasynda, hususan-da, Germaniýanyň “RWE AG” we Ýewropada iň iri nebit-gaz kompaniýasy bolan Awstriýanyň “OMV” kompaniýasy hem gatnaşýar. Bu kompaniýalar Ýewropa Bileleşiginiň öňe sürýän “Nabukko” proýektini amala aşyrmak boýunça konsorsiumyň esasy gatnaşyjylary hem bolup durýarlar.

Käbir synçylar Günbatar kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek ymtylmalarynyň belli bir derejede Türkmenistandaky diktatura goldaw berýänligini belleýärler.

ÝB Türkmenistandaky diktaturany näme üçin goldamaly däl?

“Global Witness” guramasy ýaňy-ýakynda ýaýradan hasabatynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandaky diktaturany nämüçin goldamaly däl diýen sowaly orta atdy we munuň bäş sebäbini öňe sürdi. Maglumatda şu günki gün Türkmenistandaky režimiň Ýewropa Bileleşiginiň käbir agzalarynyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň goldawyna eýe bolanlygy bellenilýär.

“Global Witness” guramasyndan Tom Maýn Türkmenistanda ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlygyna garamazdan, Ýewropa Parlamentiniň şu ýyl Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny makullanlygyny, geljekki ýylda bolsa partnýorlyk we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýanlygyny belledi. Tom Maýnyň sözlerine görä, 2010-njy ýylda Ýewropa Parlamentinde, Ýewropa Komissiýasynda we Ýewropa Geňeşinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna has içgin garaljagyna garaşylýar, şonuň üçin häzirki wagtda açyklyk hem ynsan hukuklary temalaryny gozgamagyň pursaty bolup durýar.

“Global Witness” guramasynyň ýaýradan hasabatynda bellenişine görä, Ýewropa Komissiýasy gaz satyn aljak bolup, Türkmenistan bilen ýakynlaşýar. Emma şu günki gün Ýewropa ýylda diňe 10 milliard kubometr gazy teklip etmäge ukyply Türkmenistanyň wada beren gazy ýylda 500 milliard kubometr gazy sarp edýän Ýewropa Bileleşiginiň gaza bolan talabynyň diňe 2%-ni emele getirýär. Şeýlelikde Türkmenistan bilen ýakynlaşmak Ýewropa Bileleşiginiň energiýa problemasyny çözmeýär diýip, Global Witness, Ýewropa bileleleşiginiň Türkmenistandaky diktatura boýun bolmaly däldiginiň bäş sebäpleriniň birini dellilendirdi.

Başga bir sebäp

Gurama munuň ikinji sebäbini Türkmenistanyň gaz zapaslaryna bagly problema bilen delillendirýär. “Gaffney Cline Associates” Türkmenistanyň gaz baýlyklary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýandygyny yglan eden hem bolsa, ýurduň iň uly gaz ýataklary gury ýer böleklerinde ýerleşýär, emma bu ýerdäki türkmen gazy Orsýete, Hytaýa, Eýrana satylýar we içerki bazarda ulanylýar. Hazar deňzinde hem gaz bar, emma Türkmenistan we Azerbeýjanyň arasynda suwasty baýlyklaryň üstünde dawa dowam edýär. Üstesine bu ýurtlaryň Hazar deňzi boýunça goňşulary bolan Orsýet bilen Eýranyň hem Ýewropa tarap täze gaz geçirijisiniň gurluşygyna razy bolmazlygy-da ähtimal diýip, Global Witness ýazýar.

Guramanyň hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen dialogda ýiti meselelerden gaça durmak arkaly ýurtda adam hukuklarynyň düzeljegine garaşmak we Türkmenistan bilen diplomatik çaknyşyklardan gaça durmak pozisiýalary hem ýazgarylýar.

“Global Witness” Ýewropa kompaniýalarynyň türkmen gazy üçin geljekki tölegleriniň ýitirim bolmagynyň ähtimaldygyny hem aradan aýyrmaýar we öz çaklamalaryny Nyýazow döwründe nebit-gaz eksportynyň uly möçberdäki girdejileriniň daşynda emele gelen gümürtikligiň gaýtalanmagynyň mümkinligi bilen delillendirýär hem-de ýurduň maliýe pudagynyň soňky döwürde aýdyňlaşmanlygyny belleýär.

”Global Witness” guramasyndan Tom Maýn häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda prinsipial pozisiýany öňe sürmäge ukyply diýip, hasap edýär.

“Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen biznes gatnaşyklaryna gyzyklanma bildirýärkä pursatdan peýdalanmaly diýip, hasap edýäris. Turkmenistan energiýa eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýar, şol sanda Ýewropa tarap hem garaýar. Şeýle ýagdaýda tehniki ýardam we maýa goýumlar taýdan öz ýardamyny teklip edýän Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandan ynsan hukuklary we açyk-aýdyňlyk ugrunda anyk ädimleri talap etmeli” diýip, Tom Maýn aýtdy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Öz nobatynda Türkmenistan özara bähbitli we uzak möhletleýin halkara partnýorlygyň ýurduň nebit-gaz pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň esasy ugry bolup durýanlygyny yglan edýär. Nebit-gaz senagatyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň 2030-nji ýyla çenli milli strategiýasyna görä, ýurduň gaz önümçiligini dört esse, nebit önümçiligini bolsa 10 esse artdyrmak planlaşdyrylýar. Geljekde Türkmenistanyň gaz önümçiligini ýylda 250 milliard kubometre, nebit önümçiligini bolsa 100 million tonna ýetirmekçidigini prezindet G.Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda ýangyç energiýa pudagy boýunça geçiren ýörite maslahatynda aýtdy.

Emma Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösüşi uly möçberdäki maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt inwestisiýalaryny hem talap edýär.

Energiýa meseleleri boýunça bilermen Dan Sucio şeýle pikirde: “Turkmenistanyň tebigy baýlyklary bar, bu dogry. Emma ýurduň nebit-gaz pudagynyň ösüşi ägirt uly maýa goýumlaryny hem talap edýär. Bu maýa goýumlaryny kim ýatyrjak we olaryň möçberi nähili bolar diýen sowallar entek jogapsyz galýar”.

“Global Witness” guramasy inwestisiýalary, tehniki ýardamlary, diplomatik goldawy teklip etmäge ukyply Ýewropa Bileleşigini öz nobatynda Türkmenistandan graždanlaryň esasy ynsan hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etmäge-de ukyply diýip, hasap edýär.
XS
SM
MD
LG