Halkara studentler guni
Halkara studentler guni ýetip geldi. Bu senäni her ýyl bellemek 1941-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Londonda geçirilen Studentleriň Bütindünýä Kongresinde karar edildi.
Bu günüň taryhy 1939-njy ýylda Çehiýadaky faşistik okkupasiýa döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Şonda studentleriň faşizme garşy aksiýalary basylyp ýatyrylypdy. 1939-njy ýylyň 17-nji noýabrynda ýurduň studentler bileleşiginiň ýolbaşçylary faşistik häkimiýetler tarapyndan tussag edilipdi we atylypdy.
Studentler jemgyýetiň öňdebaryjy topary hasaplanýar. Olar öz ykballaryna degişli meselelerde hatda köçelere çykyp protest bildirýärler we häkimýetlerden öz haklaryny talap edýärler.
Türkmenistanly studentleriň durmuşunda hem soňky ýyllarda birnäçe gowy özgerşikler boldy. Turkmenistanyň uniwersitetlerine girmek üçün owalky 2 ýyllyk staž zerurlygy ýatyryldy. Ýokary okuw jaýlarda okuwlar 5 ýyllyk edildi. Daşary ýurtlara gidýän ýaşlaryň sany hem artdyryldy.
Ýöne bulara garamazdan olaryň kynçylklarynyň az däldigi habar berilýär. Su ýyl daşary ýurtlara okuwa gidýän yaşlaryň resmi registrasýa edilmegini Bilim ministrligi talap etdi. Hasam Gyrgyzystandaky Amerikan uniwersitetinde okaýan studentleriň uly bölegi entegem okuwlaryny dowam etdirip bilmeýärler. Bu studentler öz problemalary derhal çözuler diýip umyt edýärler.
H1N1 dümewi
Türkmenistanda dümewden mekdep okuwçylarynyň hem-de studentleriň arasynda keselleýänleriň sany köp diyilýär. Dümew, belli bolşuna görä, umuman jemgyýetçilik ýerlerde, umumy jaýlarda, meselem klaslarda giň ýaýraýar diyip, Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew bilen söhbetdeş bolan ýaşlar aýdýarlar.
Ýaş çatynjalar
Yaňy maşgala guran ýaşlar täze durmuşa başlaýarlar. Olarda şatlykly günler bilen birlikde kynçylyklaram bolýar. Bularyň hasam sosial ykdysady ýagdaýlarynyň ýaramazdygy habar berilýär. Sebäbi bir tarapdan olar toý üçin çykdaýjylaryny tölemeli bolýarlar. Başga tarapdanam olaryň arasynda işsizlik entek dowam edýär.
Maddy mesele esasy kynçylyk hasaplansa-da söýgüsiz durmuş gurmak hem aýrylyşmaga sebäp bolýar diýilýär. Şu temadan Turkmenistandaky habarçymyz Soltan Açylowa bir ýaş gyz bilen söhbetdeş boldy.