Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýada aktiwist bolmak aňsat däl


20-nji oktýabrda tussag edilen ekolog Andreý Zatoka.
20-nji oktýabrda tussag edilen ekolog Andreý Zatoka.

20-nji oktýabrda tussag edilen ekolog Andreý Zatokanyň işine täzeden garalyp, ol jerime salnyp, azatlyga goýberildi.

20-nji oktýabrda bazarda tussag edilen 53 ýaşly A.Zatoka nätanyş bir adamy ýençmekde aýyplandy. Graždan aktiwistine garşy gozgalan sud prosesi boýunça diňlenişik ol tussag edileninden diňe dokuz gün soň geçirilýär. Onuň aklawçysy hem yzarlamalara we basyşlara sezewar edildi.

Zatoka tarapyndan urlup-ýenjildi diýlen adamy sud-medisina barlaglaryndan gaýtadan geçirmek we derňew eksperimentini geçirmek barada Zatokanyň arzasyny häkimiýetler ret edipdir.

6-njy noýabrda Daşoguzyň welaýat sudy Zatokanyň işi boýunça şäher sudunyň ozalky çykaran hökümini üýtgetdi. Ýagny, şäher sudunyň Andreý Zatoka bäş ýyl türme tussaglygyny bermek baradaky çykaran kararyna kassasion tertipde garap, welaýat sudy ony jerime salmak bilen çalşyrypdyr.
Şeýdip, soňky üç ýylyň dowamynda iki gezek öz üstüne ýüklenen aýyplamalara garamazdan, aktiwiste tussaglykda uzak galman, sypmak başartdy.

Zatokanyň bitiren işleri

Andreý Zatokany ýakyndan tanaýan adamlar onuň Türkmenistan üçin gaty köp işleri edendigini aýdýarlar. Mysal üçin, ekolog bilen uzak wagtlap işleşen Farid Tuhbatullin özleriniň Türkmenistanyň tebigatyny goramak ugrunda, türkmen tebigaty baradaky maglumatlary ösüp gelýän nesle ýetirmek babatda eden işleri hakda bize şeýle gürrüň berdi:

“Zatoka beýlekiler bilen bir hatarda “Jeýhundan Hazara çenli” atly kitaby çap etmegiň inisiatory boldy. Bu kitapda Türkmenistanyň tebigaty, ýurtda ösýän ösümlikler, haýwanat dünýäsi barada jikme-jik maglumatlar berildi. Şol kitap boýunça hem Türkmenistanyň tebigaty barada orta mekteplerde sapak berilýärdi. Belli bolşy ýaly sowet döwründe Orsýetiň tebigaty hakda köpräk öwredilýärdi. Türkmenistanyň tebigaty barada mekdeplerde köp maglumat berilmeýardi” diýip, hukuk goraýjy aktiwist Farid Tuhbatullin belledi.

Şol kitaplaryň Türkmenistanyň ilatynyň arasynda henize çenli meşhurdygyny sözüne goşup, Farid Tuhbatullin Türkmenistanda ekologiýa, tebigaty goramak meselesine degişli hemme kanunlaryň ýygyndysyny hem bir kitap görnüşinde çap edendiklerini bize gürrüň berdi.

Tuhbatulin soňky döwürde Andreý Zatokanyň çagalara bilim berip, daýhanlar bilen ekologiki ekerançylygyň nämedigi barada, dökünleri daýhanlaryň özleri taýýarlap bilmegi üçin edilmeli işler hakda, nädip ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyryp bolar diýen ýaly meseleler boýunça iş geçirendigini aýdyp berdi. Emma Nyýazowyň döwründe häkimiýetler halka peýdalymy-dälmi parhy ýok, haýsy-da bolsa, aktiwligi basyp ýartyrmaga çalyşýardylar. Şeýdip, 1992-nji ýylda Zatoka bilen Tuhbatullin tarapyndan döredilen Daşoguzyň “Ekologik kluby” 2003-nji ýylda hasapdan öçürilip, ýapylypdy.

2006-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen häkimiýetleri Andreý Zatokany galp aýyplamalar bilen türmä basmaga synanyşypdylar. 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda A.Zatoka Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we ÝHHG-niň wekilhanasynyň adyna hat bilen ýüzlenip, özüniň uzak wagtlap yzarlanýanlygyny we hatda öýüne kimdir biriniň özünden bidin baryp-gaýdanlygyny, ýurtdan çykmak hukugynyň bozulýandygyny aýdypdy.

Zatokanyň goşa raýatlygy bolandygy sebäpli onuň işine Orsýetiň hukuk goraýjylary hem Kreml ýakyndan syn edip, onuň azat edilmegi ugrunda hereket etdiler.

Merkezi Aziýadaky tebigaty goraýjylar

Ekologiýa meseleleri bilen gyzyklanýan, Amerikanyň Wirginiýa ştatynda ýerleşýän “Crude Accountability” atly hökümete degişli däl guramanyň direktorynyň orynbasary Mişen Kinmanyň aýtmagyna görä, tebigaty goramak ugrunda iş alyp barýan aktiwistleriň köpüsi Merkezi Aziýa regionynda dürli ýanamalara sezewar edilýärler. “Bütin Merkezi Aziýa regionynda tebigaty goraýjy hem graždan aktiwistler dürli yzarlamalara, basyşlara sezewar edilýärler. Olaryň janyna howp abanýar. Köp halatlarda olar işsiz galýarlar. Olaryň dogan-garyndaşlaryna garşy hem käbir halatlarda şeýle çäreler görülýär”.

Mysal üçin, göňşy Özbegistanda graždan jemgyýetine degişli toparlar häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda saklanýarlar. Ýöne Özbegistanyň Ekologik hereketiniň aktiwistleri häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edip bolýandygyna görelde görkezdiler. 2008-nji ýylda Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň prezident Karimow bu hereketiň agzalary üçin parlamentde 15 orun berilmeli diýip, görkezme berdi. Şeýdip, režime tankydy garaýşy bolan topar häkimiýetler bilen işleşip başlady.

Gazagystanda bolsa graždan hem ekologiýa boýunça aktiwistlere häkimiýetleriň örän ýöwüz daraýandyklary aýdylýar. Demirgazyk Gazagystanda Berezowka atly obanyň ýaşaýjylary Garaçaganak nebit ýatagy zerarly tebigatyň hapalanmagy üçin häkimiýetlerden kompensasiýa talap edip, özleriniň başga ýerlere göçürilmegini soradylar. Şol ýerdäki hukuk goraýjy aktiwist Swetlana Anosowa öz hereketleri üçin ýerli häkimiýetlerden hem polisiýa işgärlerinden dürli ýanamalara sezewar edildi.

Hukuk goraýjy aktiwist Ýewgeniý Žowtis bir adamynyň ölümine sebäp bolan ýol heläkçiligi üçin türme tussaglygyna höküm edildi. Žowtisiň özi serhoş
Tebigaty goramak ugrunda iş alyp barýan aktiwistleriň köpüsi Merkezi Aziýa regionynda dürli ýanamalara sezewar edilýärler.
adamyň maşynynyň astyna özüni taşlandygyny aýdyp, bu heläkçiligiň öňüni almaklygyň mümkin bolmandygyny belledi. Emma häkimiýetler onuň işi boýunça garaşsyz derňew geçirmekden boýun gaçyrdylar.

1998-nji ýylda Gyrgyzystanyň Kumtor atly altyn ýataklarynda işleýän ýük daşaýjy maşyn bir tonnadan gowrak zäherli sianid maddadan ybarat ýüki bilen derýa agdaryldy. Netijede derýanyň ýakasynda ýerleşýän köp obalaryň içimlik suwuna bu zäherli madda düşdi. Emma bu hadysa üçin häkimiýetlerden kompensasiýa talap eden, ekologiýa boýunça hökümete degişli däl guramanyň aktiwistleri 2002-nji ýyla çenli dürli yzarlamalara sezewar edildiler.

Bu barada aktiwistleriň lideri Erkingul Imankojoýewa radiomyz bilen söhbetdeşliginde şeýle gürrüň berdi: “Häkimiýetler biziň guramamyzyň hemme agzasyny - 20 aýaly tussag etdiler. Biziň hemmämizden bir şpris bilen gan aldylar, bizi urup-ýençdiler. Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri öýüme gelip, ony kamera düşürdiler. Goňşy-golama-da, şolar ýaly gyzymyz bolsa, ony atyp öldürerdik diýdiler” diýip, aktiwist bize gürrüň berdi.

Emma bu kynçylyklara garamazdan, Merkezi Aziýa regionynda käbir aktiwistlere öz talaplarynyň ýerine ýetirilmegini gazanmak başardýar. Mysal üçin, 2008-nji ýylda Gazagystanyň Baş sudy “Ýaşyl gorag” atly ekologiýa boýunça hökümete degişli däl guramanyň arzasyny kanagatlandyryp, ýerli häkimiýetleri Garaçaganak nebit ýatagynyň howasynyň ýagdaýy barada wagtal-wagtal maglumat bermäge borçly etdi. Bir aýdan soň ýerli häkimiýetler şeýle maglumaty berdiler diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG