Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ilerlemeler bar, ýöne din azatlygy ýok!”


Aşgabatdaky Ärtogrul Gazy metjidi.
Aşgabatdaky Ärtogrul Gazy metjidi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň din azatlygy boýunça ýyllyk hasabaty Türkmenistanda din azatlygy meselesinde ilerleme bolandygyny habar berýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, dowam edýän problemalara garamazdan, ol ýerde syn edilen döwürde köp sanly kiçeňräk ilerlemeler bolupdyr. Gowy edilen işleriň biri hökmünde hasabatda öňki prezidentiň «Ruhnama» kitabynyň ýurduň ruhy hem medeni durmuşynda wagyz edilmesiniň azalandygy bellenilýär.

Şeýle-de hasabatda hökümetiň welaýat merkezleriniň her birinde uly we oba-şäherleriň bir toparynda kiçeňräk metjitleri gurmagy dowam etdirendigi ýazylýar.

Din azatlygy baradaky habarlary çap edýän «Forum 18» habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körliý hem Türkmenistanda din azatlygy meselesinde belli bir ilerlemeleriň bolandygy baradaky pikir bilen ylalaşýar.

"Käbir ilerlemeler boldy"

Körliýniň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ol ýerde din azatlygy meselesinde käbir ilerlemeler boldy, ýagny polisiýa ýa-da gizlin polisiýa dini toparlaryň hudaýa çokunýan wagtlary beýle köp reýd geçirmeýär. Ýöne Körliý şol bir wagtda Türkmenistanda din azatlygynyň ýokdugyny hem öňe sürýär.

Ekspertiň pikirine görä, Türkmenistanda adamlar öz ynançlary esasynda dini binalary gurmak, açmak ýa bir dini binany başga bir ýere geçirmek ýaly meselelerde azat-erkin däl. Şeýle-de ol din wekilleriniň dini edebiýatlary çap etmek, paýlamak, satmak ýa import etmek meselesinde hem azat däldigini aýdýar.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda musulmanlar haja, Mekgä zyýarata gitmek mümkinçiligini aldylar. Emma Körliý türkmenistanlylaryň ýylda bir gezek Mekgä haja gitmekde hem berk hökümet çäklendirmesi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýändigini aýdýar. «Hökümet haja gitjek adamlary gazaply çäklendirýär we, aýdylmagyna görä, 5 müň adama kwota berilýän halatynda diňe 188 adamy Mekgä iberýär»..

Din we döwlet

Synçylar Türkmenistanda diniň kanun boýunça döwletden aýrydygyny, emma döwletiň din işlerine hemmetaraplaýyn goşulýandygyny we ony doly kontrolda saklaýandygyny, munuň din azatlygyna düýpden garşy gelýändigini aýdýarlar.

Feliks Körliý metjitleriň hem aýry-aýrylykdaky dini jemgyýetleriň karary esasynda däl-de, eýsem diňe hökümetiň, köplenç bolsa prezidentiň karary bilen gurulmaly edilýändinini aýdýar.

Feliks Körliýniň pikirine görä, Türkmenistanda dini jemgyýetleriň kanun durumy hem dürli-dürli ýagdaýda, ýagny olaryň birleri belli bir kanuny durumy eýe bolsa, başgalary kanuny durumy asla alyp hem bilmeýär. «Şol sebäpden olar kanun esasynda özlerini gorap bilmeýärler» diýip, Körliý aýdýar.
XS
SM
MD
LG