Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen modelçileriň kolleksiýasy Moskwada


Türkmenistanly dizaýner Gülälek Annasähedowanyň kolleksiýasyndan, 24-nji oktýabr, 2009 ý.
Türkmenistanly dizaýner Gülälek Annasähedowanyň kolleksiýasyndan, 24-nji oktýabr, 2009 ý.

Şu günler Moskwada Beýik moda hepdeligi geçýär. Orsýetiň paýtagtynda 1994-nji ýyldan bäri geçirilýän Moda dabarasyna şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanyň modelçileri hem gatnaşýarlar.

Şu ýyl Şwesiýanyň meşgur awtomobil kompaniýasy Volvo bilen partnerlykda, “Volvo-Moda” hepdeligi ady bilen Mokwanyň Gostinyý Dwor kompleksinde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde 22-nji oktýabrda “Wepa Söýün” Moda oýüniň kolleksiýasy görkezildi.

“Wepa Söýün” kolleksiýasy



“Wepa Söýün” kolleksiýasy stil taýdan 80-nji ýyllara salgy berýär, geýimler şifon, organza ýüpegi we tafta ýaly matalardan tikilip, nagyş we “Swarowski” daşlarlary bilen bezelen diýip, moda öýüniň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan tomaşaçylar Türkmenistanly modelçileriň işini ilkinji gezek görýänligini we özlerinde gowy täsir galdyranlygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi Lýudmila Kolsiwa görkezilen kolleksiýany “Inçe milli usullar bilen hödürlenen Gündogar pisintli Ýewropa klassikasy”, diýip häsiýetlendirdi.

Orsýetiň moda senagaty üçin möhüm waka hasaplanýan we şu ýyl 15-nji ýyldönümini belleýän bu moda dabarasynda ozalky ýyllarda dünýäniň iň meşgur Versaçi, Roberto Kawalli, Nina Riççi, Trussardi ýaly Moda öýleriniň kolleksiýalary görkezilipdi. Şu ýyl Moda hepdeligini Orsýetiň meşgur modelçileri Walentin Ýudaşkiniň kolleksiýasy açdy.

Wepa Söýün Moskwadaky Moda hepdeligine gatnaşmaklygyň özi üçin “edilen we ediljek işler boýunça hasabat” boljagyny, kolleksiýasynyň görkezilmeginiň öňýanynda Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gülälek Annasähedowa

24-nji oktýabrda Türkmenistanly modelçi Gülälek Annasähedowanyň kolleksiýasy görkezildi.

Gülälek Annasähedowa keteni bilen işleýär. Onuň Moskwadaky Moda hepdeliginde hödürleýän “Ýüpek Ýol” kolleksiýasynda türkmen däp-dessurlarynyň we milli geýimleriniň döwrüň dizaýn garaýyşlary bilen utgaşýanlygy “Volvo- Moda hepdeliginde” köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin çap görnüşinde ýaýradylan maglumatlarda aýdyldy.

Moda hepdeliginiň çäginde Moskwanyň Gostinyý Dwor kompleksinde Gülälek Annasähedowanyň kolleksiýasyny ýörite stendlerde görmek mümkin. Awtoryň sözlerine görä, kolleksiýa görkezilenden soň geýimleri satyn almak mümkin.
XS
SM
MD
LG