Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaýgysyzyň ogly bilen


Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine.
Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine.
(Moskwa äheňleri)

G. Atabaýewiň ogly Keminäniň gürrüňinden: “Men öz ildeşlerimi diňe 1956-njy ýyldan soň görüp ugradym. Olar şondan soň bize kän geldiler. Sebäbi kakam aklanypdy. Ýöne Aşgabatda kakamyň ýadygärligi ýykylansoň, olaryň aýagy kesildi...”

N. Aýtakowyň ogly Zeliliniň gürrüňinden:
“Kakamyň Aşgabatdaky ýadygärligi ýykylyp, ol ikinji gezek öldürilenden soň, ildeşlerim maňa jaň etmelerini hem kesdiler. Ýogsa olar öň öýümden çykmazdylar...”

Alys rus tokaýynda,
eteginde Moskwanyň,
Gaýgysyzyň ogly bilen
örtedim hem ýakdym janym

Aýralyga gyýyldym, hak,
hem gyýyldym illerime.
Galyp bilmän ýatdym uzak,
urulan deý billerime.

Garry dubuň ýapraklaryn,
synlap aşakdan, uzakdan.
Iki türkmen, derdi agyr,
ýatdyk ýegşerip ýazykdan.

Ot ýanyp dur şatyrdadyp,
guran agaçlaň süňňüni.
“Türkmenimi oýnaýarlar,
sanadyp ýüzi, “müň güni”...
diýip içim gepledýärin,
“Gürlesene” diýýän Kime.
“Ejirde-le aňrym-bärim,
gabalan-la türmä, sime...”

Kim, Kemine, biziň üçin
ýöne ogly Gaýgysyzyň.
Gürrüň berýär kesip-kesip,
hemem “Diňle - diýýär - yzyn!”

Göz öňüme gelýär bary,
kino ýaly, gussasy kän.
Türkmenimiň köýen ary,
aýdyp bolmaz, kyssasy kän.

öňe çykan serdarlaryn
çapyp-çapyp gidipdirler.
Ysmaz edip mydarlaryn,
çakyp-çakyp gidipdirler.

Gorky bolup, gam bolup kän,
zäher ornapdyr süňňüne.
Türkmen gaýgy bilen iňňän
bakýar öňdäki “müň güne»...

Gowulyk ýok, bilýär magat,
gaýraty ýok galkynmaga.
Hak, hudaýdan tapman tagat,
çem gelene diýýär “aga»...

“Il” diýeni aň-edenli,
“pul” diýenler ýeňer boldy.
Il rysgyna kast edildi,
ak ýagyşlar diňer boldy.

Gurar boldy çeşme-çaýlar,
ýaşyl ýeller epgek boldy.
Hiç geçmedi günler-aýlar.
Ýyllar gysyr emgek boldy.

Aldadylar türkmenimi,
“Öňde gowy günler” diýip.
Pesiň pesi çykdy öňe:
“Maňa diýiň -- diýdi -- beýik!”

“Maňa ägirt diýiň -- diýdi,
-- Serdar diýiň» diýdi ýene.
Ah, “Akyldar diýiň -- diýdi,
-- Mydar diýiň» diýdi ýene.

“Gözel ili” Pyragynyň
çekdi ýüzüne garany.
Halallykdan nutuk sözlär
ile bellentgi haramy...

Ýanar daglar, solar baglar,
gözbaşlar çekiler, gurar.
Bilbilleri kowar zaglar,
menziline ýetmez ugran...

Alys rus tokaýynda,
ogly bilen Gaýgysyzyň,
dert aýdyşdyk gara gamda,
käte sowap, käte gyzyp.

Birden-birden basdy ýaman
ilden aýralygyň labry.
“Jyzyrt» edip köze daman
ýaşly gözler bakdy aňry...

Bu nämüçin beýle boldy?
O nämüçin peseldi dag?
Ömür geçdi, öýle boldy,
boý almady ekilen bag...

Göýdük boldy göwünlermiz,
hemem eli gysga bolduk.
Hazana soldy güllermiz.
Hiç sagalmaz hassa bolduk.

Dat elinden gara nebsiň,
ýurda gelen belamydy?
Öz türkmeni öz iliniň
boýnundan salar hamydy...

Alys rus tokaýynda,
aşagynda garry dubyň,
diýdik: “Näme üçin türkmen
ekeledýär ogra ugyn?»

Süňke meňzeş berýozalar
baş yraşýar derdimize.
Diýdik: “Soňsuz biparhlygy
kim getirip berdi bize?»

Garry sosna Aý yşgyna
dymdy yrap çüri başyn.
Oda ýabşyrylan tüňçe
ýaňagyndan dökdi ýaşyn...

Haka ýaran bolan türkmen,
diýjek bolan dogrusyny,
öz ilinden gaçgak boldy,
ýüregne salyp gasyny...

Kim, Kemine Atabaýew,
ýumşak adam, göwni ýarym.
Mellegine aýlanar ýör,
il derdin unutjak aryp...

Unut nire, gussalary
aldar gitjek deýin daglap.
Gaýgysyzyň gamly ogly,
hem agtygy Täçgök agaň...

Meger, ata-baba arman
batyp, ornapdyr ýüregne.
Ýere yhlas edýär arman,
görseň, özem aga ine.

“Türkmen şeýle» diýseň ýüzün
sallap hapa bolýar örän.
Gamly ogly Gaýgysyzyň,
kakasynyň, otdan dörän!

Alys rus tokaýynda,
eteginde Moskwanyň,
Gaýgysyzyň ogly bilen
örtedim hem ýakdym janym.

Aýralyga gyýyldym, hak,
hem gyýyldym illerime.
Galyp bilmän ýatdym uzak,
urulan deý billerime...

Moskwa, iýul, 1997.
XS
SM
MD
LG