Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekolog Andreý Zatoka ýene tussagda


Moskwadaky «Memorial» merkeziniň, düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň maglumatlaryna görä, tanymal ekolog hem graždan aktiwisti Andreý Zatoka Daşoguzda tussag edildi.

Bu waka 20-nji oktýabrda boldy. Şol gün aktiwistiň 53 ýaşynyň dolandygy aýdylýar. Adatça bolşy ýaly, resmi Aşgabat bu habara hiç hili reaksiýa bildirmeýär. Ýagdaý şeýle bolansoň, adam hukuklaryny goraýan guramalaryň ýaýradan maglumatlary Zatokanyň tanyşlarynyň gürrüňlerine esaslanýar.

Ol gürrüňlerde aktiwistiň bazardan öz doglan gününi bellemek üçin iýer-içer ýaly zatlary satyn alyp ýörkä oňa bir nätanyş, öýsüz-öwzarsyz sypatyndaky adamynyň ýumrugyny düwüp topulandygy aýdylýar. Andreý ol adamdan çekeräk durmaga çalyşýar we soňra munuň prowakasiýadygyny çaklap, polisiýany çagyrmak üçin gaçmaga başlaýar. Emma golaýda nobatçylyk çekýän iki polisiýa işgäri onuň özüni tussag edýärler. Bu Zatokanyň tanyşlarynyň beren maglumaty.

“Memorialyň” maglumatlary


«Memorial» merkeziniň ýazmagyna görä, şol gün agşam sagat 9-larda şäher polisiýa bölüminiň işgärleri ony goýberjekdiklerini aýdypdylar. Ýöne soň Zatoka onuň saklanýandygy, sebäbi bozgaklyk edip, ötegçä orta agyrlykda zeper ýetirendigi aýdylýar. Bu fakty medisina ekspertizasynyň we üç şaýadyň tassyklaýandygy hem habar berilýär.

Şeýle-de «Memorial» türkmen häkimiýetleriniň Zatokany 2006-njy ýylyň dekabrynda hem şübheli aýyplama esasynda jogapkärçilige çekmäge synanyşandygyny, emma 2007-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda, Nyýazowyň ölüminden soň, suduň oňa şertli jeza berendigini ýazýar. Zatokanyň işi köp sanly halkara guramalarynyň protestlerine sebäp bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri Zatokanyň gurnan Daşoguz ekologiýa klubuny 2003-nji ýylda ýapypdylar. «Memorial» Zatokanyň tanyşlaryna salgylanyp, häkimiýetleriň ony soňky ýyllar ýurtdan çykmakdan mahrum edendigini ýazýar. Adam hukuklaryny goraýan merkeziň maglumatlaryna görä, iýul aýynda polisiýa golsuz bir arzany tutaryk edinip, Zatokanyň goňşularyndan onuň «hylwathana gurnandygy» barada sorag edipdirler.

Içeri syýasatyň berkidilip başlanmagy

«Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin öz maglumatlaryna görä, Zatoka bildirilýän aýyp boýunça oňa bäş ýyl türme tussaglygynyň howp salýandygyny aýdýar. «Munuň üstesine, ol öň hem sud edilen we şertli ýyl kesilen adam, bu aktiwistiň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrýar» diýip, Tuhbatullin aýdýar.

«Memorial» merkezi Zatoka bilen bagly täze hadysanyň günbatar ýurtlarynyň Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryna gyzyklanmasynyň artmagy netijesinde tankydy gowşatmagy we Türkmenistanda içeri syýasatyň berkidilip başlanmagy bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýär. Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, Andreý Zatoka Daşoguz şäher polisiýasynyň inisitiwasy bilen däl-de, eýsem paýtagt Aşgabatdan berlen görkezme esasynda tutulana meňzeýär.
XS
SM
MD
LG