Ýaňy-ýakynda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy täze öz býudjetini kabul etdi. Orsýetiň “Wedomosti” gazetiniň ýazmagyna görä, satýan gazynyň möçberi iki esse azalansoň, “Gazprom” başga ýurtlardan satyn alýan gazynyň mukdaryny-da iki esse azaltmakçy. Şeýlelikde 2009-njy ýylyň dördünji çärýeginde kompaniýa tarapyndan satyn alynjak gazyň mukdary ýylyň ikinji çärýeginiň derejesinde bolar.
375 dollara türkmen gazy
“Wedomosti” gazeti şu ýylyň başynda “Gazpromyň” beýleki ýurtlara garanda Türkmenistandan iň gymmat bahadan gaz satyn alanlygyny ýazýar we türkmen gazynyň her kubometriniň “Gazproma” 375 ýarym dollardan düşenligini habar berýär. Türkmenistanyň şu ýylyň birinji çärýeginde Orsýete akdyran gazynyň mukdary we bahasy barada takyk resmi sanlar çap edilmändi.
Türkmenistan bilen Orsýet arasyndaky gaz söwdasy şu ýylyň aprel aýynda kesilipdi. Muňa sebäp bolan “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisiniň Türkmenistana degişli bölegindäki partlamada Aşgabat Moskwany aýyplapdy we “Gazpromyň” turbadan alýan gazynyň mukdaryny duýdansyz azaltmagynyň tehniki näzaslyklara sebäp bolanlygyny aýdypdy.
Gaz geçirijisiniň awariýa bolan ýerinde anyklaýyş işleriniň ýakynda tamamlananlygy we munuň Türkmenistan bilen Orsýetiň gaz söwdasy boýunça gepleşiklere dolanmagyna mümkinçilik berýanligi 18-nji sentýabrda bolan hökümet maslahatynda aýdyldy.
Öz nobatynda Orsýet Türkmenistan bilen gaz söwdasy boýunça planlarynyň üstüni açman gelýär. “Gazprom” kompaniýasynyň dolandyjy geňeşiniň metbugat wekili Sergeý Kupriýanow kompaniýanyň täze býudjetiniň kabul edilenligini tassyklady, emma ol gaz satyn almak bilen bagly detallaryň üstüni açmaýandyklaryny “Azat Ýewropa/Azatlyk” radiosyna aýtdy.
Şol bir wagtda-da satyn alynjak gazyň “Gazpromyň” täze býudjetiniň esasy çykdajyly bölegini emele getirjekdigini “Wedomosti” gazeti ýazýar.
Maglumatda aýdylyşyna görä, kompaniýanyň Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň öňündäki borçlary barada aýdylmaýan hem bolsa, gazyň ortaça bahasy geçen ýylkysyndan iki esse ýokary bolup, onuň her müň kubometriniň ortaça bahasy 271 dollara durar.
Gutarnykly karara gelnipdir
Sanlardan gelip çykyşy ýaly bu söwda ykdysady taýdan, göräýmäge, uly bir girdejili däl, emma muňa garamazdan, Orsýetiň türkmen gazyny satyn almak barada gutarnykly karara gelenligi hem habar berilýär.
“Segodnia.ru” internet saýty araky özara duşuşykda Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gaz söwdasyny dikeltmek kararyna gelendiklerini belledi.
Sentýabr aýynda Turkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri iki gezek duşuşdylar: 11-nji sentýabarda Gazagystanyň Aktau şeherinde geçirilen resmi bolmadyk sammitde we “Ýüpek Ýoly” awtoýörişi bilen bagly Türmenbaşy şäherinde bolan dabarada.
Şol gepleşikleriň yz ýany, ýagny 18-nji sentýbarda eden çykyşynda Gurbanguly Bedimuhamedow Türkmenistan bilen Orsýetiň “degerli wekilleriniň” arasynda bolan gepleşikleriň “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisiniň işlemegine degişli tehniki meseleleriň bärnäçesini çözmäge mümkinçilik berenligini belledi. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.
“Segodnia.ru” internet saýty “Gazprom” türkmen gazyny satyn almak bilen ykdysady taýdan zyýan çekse-de, Orsýetiň Türkmenistan bilen gaz söwdasyndan el çekmejegini çak edýär we munuň sebäbini Moskwanyň Ýewropa gaz satmakda Türkmenistanyň özüne bäsdeş bolmagyny islemeýänliginde görýär.
Aşgabadyň günbatara tarap hereketleri
“Türkmenistanyň gaz eksportynyň ugurlaryny köpeltmek, şol sanda onuň Ýewropa tarap edýän aktiw hereketleri we synanyşyklary ünssüz galmady” diýip, “Segodnýa ru” internet saýty şol bir wagtyň özünde Moskwanyň käbir eglişiklere razy bolan bolmagyny hem çak edýär.
Energiýa mesleleri boýunça Rumyniýaly bilermen Dan Susio Türkmenistanyň gaz söwdasynda dürli ugurlar bilen hyzmatdaşlyga bildirýän isleginiň ähmiýetini nygtady. Ekspertiň bellemegine görä, ýurduň diňe belli bir ugra, şol sanda Günbataryň teklip edýän proýektine bil baglaman, gazyny dürli alyjylara satmaga çalyşmagy ykdysady taýdan düşnükli hereket.
“Bu nukdaýnazardan gaz satmak boýunça gyzyklanmalar hemmä düşnükli. Sebäbi häzirki wagtda Orsýete gaz satmak Türkmenistan üçin ýeke-täk ýol bolup durýar. Şonuň üçin bu Türkmenistanyň Orsýete ýeke-täk partnýor hökmünde garaýanlygyny aňlatmaýar" diýip Dan Susio belleýär.
Açyklyk islenýär
Energiýa boýunça ekspert Dan Susionyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň potensial partnýorlary Türkmenistanyň öz energiýa syýasatynda has açyk bolmagyny isleýärler. "Sebäbi onuň “Gazprom” bilen gaz söwdasy uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ýagdaýda bu ýurduň köpugurly planlaryna howp döredip biler".
Häzirki wagtda Türkmenistan birnäçe täze gaz geçirijilerini işe girizmäge taýynlanýar. Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň we Eýrana tarap gurulýan goşmaça turbanyň açylmagyna garaşylýar.
“Turkmenistan.ru” internet gazetiniň ýazmagyna görä, 30-njy sentýabrda Turkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleriniň arasynda bolan telefon gepleşiginde G.Bedimuhamedow täze gaz geçirijisiniň global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky aktiw aragatnaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýanlygyny belledi.