Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygy boldy


Ýewropa Birleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk, 15-nji sentýabr, 2009 ý.
Ýewropa Birleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk, 15-nji sentýabr, 2009 ý.
Brýusselde 15-nji sentýabrda Ýewropa Birleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň resmileriniň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi.

Bu barada, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat boýunça bölüminiň metbugat wekili Kiristiane Hohmann bilen Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hanym Kiristiane Hohmann, bu ýygnagyň gün tertibi we şonda maslahatlaşylýan temalar barada bize dolurak maglumat beräýseňiz?

Kiristiane Hohmann: Bu ýygnakda global ykdysady krizis we onuň ýetirýan täsiri, regional howpsuzlyk meseleleri, energiýa, suw we tebigat bilen bagly dürli ugurlar boýunça gürrüň ediler.

Azatlyk Radiosy: Bu ýygnakda adam hukuklary bilen bagly meselelere hem üns berilýärmi?

Kiristiane Hohmann: Bu mesele bu konferensiýanyň gün tertibiniň esasy temalaryndan biri däl, emma her haçanda howpsuzlyk ýagdaýlary barada gürrüň edilende, ady agzalýan ýurtlarda, elbetde, demokratik ösüşler bilen bagly hem diskussiýa edilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz ençeme ýyldan bäri ady agzalýan şol ýurtlar bilen adam hukuklary we syýasy azatlyklar ýaly meseleler hakda gürrüň edip gelýärsiňiz. Şol ýurtlar bilen aragatnaşygyňyzda olary bu hili talaplary kabul etmäge mejbur edip biljek haýsydyr bir mehanizm barmy?

Kiristiane Hohmann: Meniň pikirimçe, siz iki meseläni biri-biri bilen garyşdyrýarsyňyz, olardan biri Merkezi Aziýada ýerleşýän şol ýurtlaryň hersi bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara gatnaşygy, beýlekisi bolsa, Merkezi Aziýa boýunça ministerler derejesinde geçirilýän regional konferensiýadyr.

Şol regionde ýerleşýän ýurtlar bilen geçirilýän gepleşiklerimizde biz bu barada hökman gürrüň edýäris. Bu hili gymmatlyklar biziň Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýamyzyň bir bölegidir. Öň hem belläp geçişim ýaly, bu ýurtlar bilen howpsuzlyk boýunça geçirilýän gepleşikler adam hukuklary, syýasy azatlyklar ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Ekspert Endrýu Skrolin bilen söhbetdeşlik

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziya ýurtlarynyň aragatnaşygy we bu ugurdaky problemalar barada Halkara krizis toparynyň aragatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Endrýu Skrolin bilen hem söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Skrolin, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýada ýerleşýan ýurtlaryň arasynda ministrler derejesinde ýygnak geçirildi. Ýewropa Birleşigi üçin şol regionyň ähmiýeti nämeden ybarat, bu barada bize maglumat beräýseňiz?

Endrýu Skrolin: Merkezi Aziýa ençeme nukdaynazardan Ýewropa Bileleşigi üçin gaty möhüm bir regiondyr. Ilki bilen Türkmenistanyň Owganystana goňşydygy, Brýussel üçin bu ýurduň ähmiýetini artdyrýar. Sebäbi soňky birnäçe ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiligi, şol sanda Ýewropa Birleşigine girýän ýurtlar, Owganystan bilen gaty gyzyklanýarlar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziyanyň ykdysady mümkinçilikleri hem Ýewropa üçin gaty möhümdir, käbir Ýewropa kompaniýalary Gazagystan ýaly ýurtlarda uly iş alyp barýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen aragatnaşygy barada gürrüň edilende, ilki bilen göz oňüne gelýän zatlardan biri – regionyň energiýa baýlygydyr. Şunlukda Ýewropanyň öz ykdysady bähbitleri bilen gyzyklanyp şol ýurtlaryň içerki ýagdaýlaryna üns bermeýänligi aýdylýar, siz bu barada nähili pikirde?

Endrýu Skrolin.
Endrýu Skrolin:
Elbetde, regionyň energiýa baýlygy Ýewropa Bileleşigi üçin gaty möhümdir. Sebäbi bu serişde boýunça Ýewropa Birleşigi Orsiýete bil baglaýar. Emma şol bir wagtyň özünde bu ençeme nukdaýnazardan gaty çylşyrymly bir ýagdaý bolup durýar. Ilki bilen Orsýet öz gaz zerurýetiniň uly möçberini Merkezi Aziyanyň hasabyna üpjün edýär. Şunlukda Orsýet bu regionda ýerleşiýän ýurtlara diňe hyzmatdaş hökmünde garaman, eýse olara öz täsiriniň astyndaky region hökmünde seredýär.

Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigi üçin bu regiondan gaz satyn almak häzirlikçe diňe hyýal ýaly bolup görünýär. Şonuň üçin men Ýewropa Birleşigi Merkezi Aziýadan gaz alyp başlaýança, entek çözülmeli meseleleriň gaty köpdügini pikir edýärin.

Eger Ýewropa Bileleşigi uzak möhletde bu regionyň energiýa baýlygy bilen gyzyklanýan bolsa, onda howpsuzlyk we durnuklylyk meselesine-de üns bermeli bolar. Sebäbi adam hukuklary we syýasy problemalar durnuklylyga-da öz täsirini ýetirýär. Mälim bolşuna görä, howpsuzlyk ýagdaýy üpjün bolmadyk haýsydyr bir ýurda daşary ýurtlar we kompaniýalar diplomatik we maliýe taýdan maýa goýmazlar. Sebäbi bu hili ýurtlaryň mydama bölünmek howpy bar.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşýarlar we şol ýygnaklarda adam hukuklary we syýasy azatlyklar barada hem gürrüň edilýänligini aýdýarlar. Bu baradaky talaplary ýerine ýetirmäge şol ýurtlary mejbur edýän haýsydyr bir mehanizm barmy?

Endrýu Skrolin: Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary baradaky temadan ençeme nukdaýnazardan diňe göz üçin peýdalanýanlygyny aýdyp bolar. Yagny olar bu temany gozgap, gysga wagtyň içinde ony yza süýşürip, beýleki meselelere geçip gidýärler.

Hakykata garanda, adam hukuklary meselesine diňe halkyň hak-hukugy bilen bagly bir ýagdaý hökmünde garamaly däl, bu howpsulyk bilen bagly mesele. Eger siz asuda goňşularyňyzyň bolmagyny we olar bilen berk ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy isleýän bolsaňyz, siz olaryň howpsuzlyk taýdan durnukly ýurtlar bolmagyny-da göz oňünde tutmaga mejbur.

Özebgistan ýaly ýurtlar bu hili kategoriýa asla girenok. Sebäbi şol ýurtda adam hukuklary aç-açan depgilenýär. Emma muňa garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň şol ýurtlary bu ugurdan öz talaplaryny berjaý etmäge mejbur edip biljekdigini aýtmak kyn. Şol bir wagtyň özünde ol ýurtlaryň halkara derejesinde boýun alan borçlary-da bar. Meselem, olaryň ählisi adam hukuklary boýunça halkara jarnamasyna goluny goýan ýurtlardyr. Şunlukda olar bu dokumente gol çekmek bilen adam hukuklaryna hormat goýmaga, syýasy we söz azatlygyna ýol bermäge-de özlerini borçly etdiler.

Emma häzirki döwürde Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlar öz boýun alan bu borçlaryny berjaý edýän ýurtlaryň hataryna goşulanoklar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýurtlary öz boýun alan jogapkärçiligini berjaý etmäge mejbur edip biljek hey bir mehanizm ýokmy?

Endrýu Skrolin: Elbetde, olary jezalandyrmak ýaly bir düzgün ýok. Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary bilen bagly ýagdaýlara seredýän öz institutlary bar. Olar Özbegistan ýaly ýurtlar bilen geçirilýän dialoglarynda, elbetde, bu meselä-de üns beriýän bolmaly. Şol guramalar ady agzalýan ýurtlarda şeýle problemalaryň bardygyna wagtal-wagtal ünsi çekýärler, emma olary bu baradaky jogapkärçiligini berjaý etmäge mejbur edip biljek bir sistema ýok.
XS
SM
MD
LG