Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we hytaý işçileri çaknyşdy


Ynamly çeşmäniň wakanyň bolan ýerinde, gurluşykda işleýän bir ýigidiň sözlerine salgylanyp aýtmagyna göra, çaknyşygyň sebäbi hytaýlylar ýerli gurluşykçylary äsgermeýärler.
Ynamly çeşmäniň wakanyň bolan ýerinde, gurluşykda işleýän bir ýigidiň sözlerine salgylanyp aýtmagyna göra, çaknyşygyň sebäbi hytaýlylar ýerli gurluşykçylary äsgermeýärler.

Türkmenistandan ynamly çeşmäniň beren maglumatyna göra, 12-13-nji sentýabr günleri Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň başlanýan ýeri bolan Samandepede hytaýly we türkmenistanly gurluşykçylaryň arasynda çaknyşyk bolup geçipdir.

Resmi bolmadyk maglumatlara görä, iki tarapdan hem ejir çekenler bar. Hytaýlylardan 15-e golaýyny keselhanalara alyp barypdyrlar. Çaknyşyga gatnaşan türkmenistanlylaryň käbirleriniň tussag edilendigi hem aýdylýar.

Adamlaryň arasynda peýda bolan gürrüňlere görä, iki tarapdan hem adam pidalary bolupdyr. 200-e golaý adam tussag edilipdir. Ynamdar çeşmaniň maglumatyna göra, Lebap welaýatynda içeri işler we kanun tertibini göräýjy organ işgärileri şu günler güýçlendirilen režimde işleýärler.Ýol gözegçiligi postlarynda hem polisiýanyň işgärleri nobatçylyk çekýärler.

Ynamly çeşmäniň wakanyň bolan ýerinde, gurluşykda işleýän bir ýigidiň sözlerine salgylanyp aýtmagyna göra, çaknyşygyň sebäbi hytaýlylar ýerli gurluşykçylary äsgermeýärler, olar bilen gödek gürleşýärler. “Hytaýly ussalar, eger-de diýenleri bolmasa, ýerli gurluşykçylara el götermekden hem gaýtmaýarlar. Şonuň üçin hem hytaýlylar bilen türkmenistanlylaryň arasynda hemişe dartgynly ýagdaý saklanyp galýar. Ownukly-irili çaknyşyklar günde-günaşa ýüze çykýar.Bu gezekki çaknyşygyň has ula ýazmagynyň sebäbi zähmet hakynyň öz wagtynda berilmändigi. Türkmen işçileriniň gahar-gazabyna sebäp bolýan zat, şol bir iş üçin hytaýlylara türkmenistanly işçileriňkiden 2-2,5 esse köp hak berilýänligidir.”

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi olarda beýle maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň işgäri-de, özlerinde beýle maglumatyň ýokdugyny aýtdy.,

Wakanyň düýp sebäpleri näme?

Synçy Suhbat Abdullanyň pikirine göra, Hytaý hazir ösüp barýan ýurt. “Hytaý tebigy, gazylyp alynýan baýlyklara mätäç ýurt. Şonuň üçin hem Hytaýyň maksady tebigy baýlyklary arzan bahadan satyn almak we özüniň bir gezeklik, arzan harytlaryny şu ýurtlara satmakdan ybaratdyr. Bu ýerde türkmenler bilen hytaýlylaryň arasynda çaknyşygyň bolmagynyň sebäbi hytaýlylaryň özleridir. Hytaýyň alyp barýan syýasatydyr”.

Abdullanyň aýtmagyna görä, hytaýlylar ýörüte hünärli işçileri işe almak bahanasy bilen ähli gowy işlere öz işgärlerini alýarlar, Gara, agyr işlere bolsa, ýerli işçileri alýarlar. “Şunuň özi-de, adamlaryň hukuklarynyň eýýäm bozulýandygyny görkezýär. Eger-de Hytaýyň hökümeti dogry syýasat alyp barmakçy bolsa, işgärleriň deň ýaryny hytaýlylardan, deň ýaryny-da ýerli ilatdan almaly”.

Suhbat Abdullanyň sözlerine göra, öz territoriýasyndaky gurluşyklarda öz raýatlarynyň işlemegini, iş bilen üpjün edilmegini gazanyp bilmändigi hem türkmen häkimiýetleriniň kemçiligidir. “Eýse, türkmen raýatlarynyň akyly şol gaz geçirijiniň gurluşygynyň derejesine ýetmedimikä? Resmiler şertnamany düzen wagtlarynda bu proýektde öz raýatlarynyň işlemelidigini göz öňünde tutup, ýörüte madda goşmaly ekenler”.

Jemgyýeti öwreniji Kamron Aliýewiň pikirine göra bolsa, soňky döwürde hytaýlylaryň arasynda milletçilik güýçlenipdir. “Bu ýagdaýy Hytaýyň öz içinde bolýan wakalardan we hadysalardan hem görmek mümkin”.

“Türkmenler bilen bolan çaknyşygyň sebäbi iş tertibindäki tapawutlar, iş hakynyň azlygy we aýlygyň öz wagtynda berilmändigi, mentalitetdäki tapawutlar, onsoňam türkmen häkimiýetleriniň diňe türk kompaniýalary bilen işläp, hytaýlylar bilen işleşmek tejribesiniň azlygyndan hem bolmagy ahmal» diýip, jemgyýeti öwreniji Kamron Aliýew aýtdy.

Hytaýly we türkmenistanly gurluşykçylaryň arasynda bolan çaknyşyk barasynda Türkmenistanyň metbugatynda entek hiç hili maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG