Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan boýunça ýene-de seslenildi


Ynsan hukuklaryny we žurnalitleri goraýjy guramalar Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäplerini derňemek, A.Amangylyjow bilen S.Hajyýewiň işine gaýtadan garamak çagyryşy bilen Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenip gelýärler.
Ynsan hukuklaryny we žurnalitleri goraýjy guramalar Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäplerini derňemek, A.Amangylyjow bilen S.Hajyýewiň işine gaýtadan garamak çagyryşy bilen Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenip gelýärler.

Şu ýyl Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Ogulsapar Myradowanyň türmede ýogalanyna üç ýyl doldy.

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň “Owadandepe” türmesinde heläk bolan žurnalistiň urgularyň we gynamalaryň yzy galan jesedi birnäçe günden garyndaşlaryna tabşyrylypdy. Žurnalistiň ölüminiň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan henize çenli resmi düşündiriş berilmedi.

Ynsan hukuklaryny we žurnalistleri goraýjy guramalar O.Myradowanyň ölüminiň sebäplerini garaşsyz derňemek we onuň bilen bilelikde tussag edilip, açyk-aýdyň bolmadyk sud prosesinde türmä höküm edilen žurnalist Annagurban Amangylyjowy we ynsan hukuklaryny goraýjy Sapardurdy Hajyýewi boşatmak çagyryşlary bilen türkmen häkimiýetilerine ýüzlenmegini dowam etdirýärler.

“Serhetsiz Reportýorlar” maglumat ýaýratdy

Ogulsapar Myradowanyň 2006-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň türmesinde ýogalmagynyň ýyl dönümine gabatlap ýaýradan maglumatynda žurnalistleri goraýjy “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň bellemegine görä, şu günki gün daşky dünýäni özüne çekmäge çalyşýan türkmen hökümeti Ogulsapar Myradowa bilen bilelikde tussag edilen ýene iki adamyny zamun saklamagyny dowam etdirýär.

Ogulsapar Myradowa 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda tussag edilipdi. Ondan iki gün ozal žurnalist Annagurban Amangylyjow we graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýew tussag edildi. Halkara guramalaryň habar bermegine görä, olar başda içalyçylykda güman edilip, soň ýarag saklamak ýaly aýyplamalar bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde degişlilikde alty we ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Türkmen Helsinki Fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa tussag edilmeginiň hakyky sebäpleriniň olaryň graždan aktiwligi sebäpli bolanlygyny öňe sürdi.

“Munuň şol wagtky rehimsiz hem repressiw şertler bilen bagly bolanlygy hemmä mälim. Adamlaryň islendik graždan aktiwligi repressiýalara sebäp bolýardy. Žurnalist we aktiwist Myradowa, Amangylyjow we Hajyýew dagylar hem şeýle ýagdaýa düşdi. Olar Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy we ýurduň sosial durmuşy barada halkara guramalar bilen işleşenligi üçin azatlykdan mahrum edildiler. Ogulsapar Myradowa bolsa hatda janyndan hem mahrum edildi” diýip, Begmedowa aýtdy.

Täjigül Begmedowanyň sözlerine görä, Annagurban Amangylyjow tussag edilmeginiň öň ýanynda Fransiýanyň TV-5 telewideniýesiniň žurnalistine Türkmenistan barada maglumat taýýarlamakda ýardam bermäge synanyşypdy. Fransiýanyň TV-5 telewideniýesinden maglumat almak başartmady.

“Serhetsiz Reporterlar” guramasynyň ýaýradan maglumatyna görä, soňky döwürde A.Amangylyjowyň we S.Hajyýewiň saglyk ýagdaýlary hasam ýaramazlaşdy. Olar, hususanam, aşgazan, böwrek we aýak kessellerinden ejir çekýärler. Olaryň ýanyna halkara guramalar goýberilmeýär. Myradowanyň, Amangylyjowyň we Hajyýewiň garyndaşlaryna ýurdy terk etmek gadagan edilýär, telefonlary diňlenilýär we olaryň işlemek hem ýokary bilim almak mümkinçilikleri çäklendirilýär.

Käbir maglumatlarda, meseläniň Günbatar döwletleriniň, hususan-da, soňky döwürde Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürýän Ýewropa Bileleşiginiň resmileri tarapyndan hem gozgalýanlygy habar berilýär.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we postsowet döwletleri boýunça bölüminiň müdiri Elsa Widalyň radiomyza aýtmagyna görä, Türkmenistanyň hökümeti öz adyna halkara guramalar tarapyndan edilýän ýüzlenmelere üns bermän gelýär.

Elsa Widalyň pikirine görä, ýagdaýyň iru-giç ädimme-ädim özgerjegine umyt bar, emma wagt gidýär: “Adamlar türmede galyp, erbet şertlerde saklanýarka, meselä mümkin boldugyndan tiz çözgüt tapmak zerur”.

“Türkmenistanyň özi düşünjeli çemeleşmeli”

Soňky döwürde açyk daşary syýasaty yglan edýän we demokratik Günbatar döwletleri bilen gatnaşyklaryny ösdürýän Türkmenistanyň açyk-aýdyň sud edilmezden türmä basylan adamlaryň tussaglykda galmagyna göz ýummagy dowam etdirmegine näme sebäp bolup biler?

Tajigül Begmedowa şeýle pikirde: “Täze häkimiýetler bu mesele boýunça çynlakaý syýasy erk-isleg bildirmeýär. Häkimiýetler daşarky keşbini gowulandyrmaga çalyşýan hem bolsalar, munuň üçin zerur talaplary ýerine ýetirmeýärler. Meniň pikirimçe, ýagdaýyň özgermegi üçin hem prezident hem-de onuň töweregi öňki režime baha bermeli. Diňe şondan soň olar bar bolan gödek ýalňyşlyklary boýun alyp bilerdiler, bu bolsa öz nobatynda ýurduň daşarky abraýyny gowulandyrardy”.

“Eger prezident G.Berdimuhamedow aýdýan sözleriniň edýän işlerine gabat gelmegini isleýän bolsa, Hajyýew we Amangylyjow tussaglykdan boşadylmaly” diýip, “Serhetsiz Reporterlar” Guramasy 16-njy sentýabrda ýaýradan maglumatynda ýazdy we Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň ýyl dönümi bilen baglylykda, şeýle-de, Ýewropa Bileleşigine hem ýüzlenip, “Türkmenistan bilen söwda hem diplomatiýa taýdan islendik amatly mümkinçilikler ynsan hukuklarynyň we pikir azatlygynyň ähmiýetini gaçyrmaly däl” diýip nygtady.

Türkmen Helsinki Fondunyň başlygy Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, halkara jemgyýetçiliginde Türkmenistany halkara borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrmak hukugy bar, emma ýurduň içerki ýagdaýynyň özgermegi üçin Türkmenistanyň özi düşünjeli çemeleşmeli.
XS
SM
MD
LG