Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sowatlylyk ösýärmi?


BMG-nyň adam ösüşi boýunça hasabatynyň 2007-2008-nji ýyllardaky bilim görkezijisi Türkmenistany dünýäniň 177 ýurdunyň arasynda sowatlylyk babatda 109-njy orunda goýýar.
BMG-nyň adam ösüşi boýunça hasabatynyň 2007-2008-nji ýyllardaky bilim görkezijisi Türkmenistany dünýäniň 177 ýurdunyň arasynda sowatlylyk babatda 109-njy orunda goýýar.
8-nji sentýabr – Halkara Sowatlylyk güni. UNESCO-nyň maglumatyna görä, Ýer togalagynda uly adamlaryň arasynda 776 million bisowat bar. Bu bolsa, dünýäde her bäş adamdan biriniň sowatsyzdygyny görkezýär. Şeýle-de şu günki gün dünýäde 75 million çaga mekdep sistemasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmeýär.

Türkmenistanda sowatlylygyň derejesi

BMG-nyň adam ösüşi boýunça hasabatynyň 2007-2008-nji ýyllardaky bilim görkezijisi Türkmenistany dünýäniň 177 ýurdunyň arasynda sowatlylyk babatda 109-njy orunda goýýar. UNICEF-iň maglumatlarynda Türkmenistanda uly adamlaryň arasyndaky sowatlylyk 2000-2007-nji ýyllarda 100 prosent diýlip görkezilipdir. Şol ýyllarda çagalaryň mekdebe kabul edilişi 99 prosent diýilýär.

Ählumumy sowatlylyk meselesi Türkmenistanda sowet ýyllarynda giňden çözüldi. Şol döwür sowat ojaklarynyň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we beýleki okuw jaýlarynyň ýyl-ýyldan köpeldilmegi hem köp okuwçy kabul edilmegi, ylym jaýlarynyň öz işini giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy, metbugatyň ösmegi bilen Türkmenistan sowatlylygyň barha artýan ýurduna öwrüldi.

SSSR dargandan soň Türkmenistanda täze bilim syýasaty yglan edildi we ýaşlara üç dili – türkmen, rus, iňlis dillerini suwara öwretmek wezipesi öňde goýuldy. Synçylar türkmen bilim sistemasynda garaşsyzlyk ýyllarynda dörän kynçylyklaryň bu wezipäni ýerine ýetirmäge ýol bermändigini aýdýarlar. Emma bu iş Tükmenistanda açylan türkmen-türk mekdeplerinde gowy ýerine ýetirildi we şol mekdeplerde okan ýaşlaryň sowat derejesi beýleki mekdepleri gutaranlaryňka garanda gowy diýen pikirler bar.

Şonuň bilen birlikde garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana gelen halkara guramalary bilim ugrundan alyş-çalyş programmalary esasynda türkmen ýaşlaryna bir topar mümkinçilik döretdiler. Mysal üçin, sowet döwründe türkmen ýaşlary, ýaş alymlar günbatar ýurtlaryna ýa Türkiýä gidip, bilimlerini artdyryp ýa ylym bilen meşgullanyp bilmedik bolsalar, garaşsyzlykdan soň bu ugurda belli bir mümkinçilikler döredi we türkmenistanly ýaşlaryň belli bir bölegi daşary ýurtlara çykyp bildi. Synçylar bu ýagdaýyň Türkmenistanda ilatyň umumy sowat-düşünjesiniň köpelmegine belli bir derejede oňyn täsir edendigini aýdýarlar. Emma bu medalyň diňe bir tarapy.

Medalyň beýleki tarapy

Soňky ýyllarda türkmen bilim sistemasy barada birnäçe hasabat taýýarlan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy F.Tuhbatullin täze häkimiýetleriň Nyýazow döwründe gysgaldylan okuw möhletlerini dikeltmegi, täze hem hemmetaraplaýyn abzallaşdyrylan mekdepleri gurmaga başlamagy bu ugurdaky problemalaryň boýun alynmagy boldy diýýär. Emma ol häkimiýetleriň wada beren reformalarynyň durmuşa geçibermeýändigini we bu ugurda heniz uly bir üýtgeşikligiň görünmeýändigini aýdýar.

«Häkimiýetleriň täze mekdepleri gurmagy begendirýär, ýöne daşary ýurtlarda okaýan studentleriň belli bir böleginiň ýolundan saklanmagy ýaly ädimler bu meselede yzagaýdyşlyk boldy» diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Synçylaryň käbiri garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň sosial goraglylygynyň sowet ýyllarayndakydan azalandygyny we bu ýagdaýyň ilatyň umumy sowatlylyk derejesine ýaramaz täsir edendigini öňe sürýär.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, «Türkmenistanda sowada, bilmäge höwes gitdigiçe azalýar». Ýazyjy bu ýagdaýyň sebäbini ilatyň güzeran aladasynyň köpelmegi, ýönekeý adamlara eklenç etmegiň kynalmagy bilen düşündirýär.

Bu pikiri bäherdenli mugallym Sazak Durdymyradow hem tassyklaýar. Şeýle-de ol bilim meseleleri barada metbugatda dürli pikirler bilen çykyş etmek mümkinçiliginiň gaty çäklendirilendigini aýdýar.

Bu pikiri Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewe içini döken ýerli mugallym hem tassyklaýar. Adyny aýtmazlyk şerti bilen interwýu beren mugallymyň pikiriçe, täze neşir edilen okuw kitaplarynyň mazmuny gaty gowşak we olar barada metbugatda açyk pikir alşylmagy gerek.

Emma žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyewiň pikirine görä, täze häkimiýetleriň mugallymlaryň iş sagadyny ýeňletmegi çagalara sowat öwretmegiň hiline gowy täsir edipdir we onda bilim reformasy geljekde has hem ýaýbaňlanar diýen umyt bar.

Mekdep geçmişde baýlaryň, eklenç aladasy az adamlaryň çagalarynyň wagtyny peýdaly geçirmegi üçin döredilen ýer bolupdyr. Emma häzir özüni sylaýan döwletler raýatlaryna baý ýa garyp diýmän, mümkin boldugyça deň okuw şertlerini döretmäge çalyşýarlar.

Jemgyýet we metbugat

Türkmen häkimiýetleri ýaşlar üçin gowy okuw şertleriniň döredilýändigini aýdýarlar. Şonuň bilen bir wagtda ol ýerde işsizligiň derejesiniň gaty ýokarydygy, adamlaryň iş gözläp, öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur bolýandygy barada hem resmi bolmadyk maglumatlar bar. Bu ýagdaýyň täze gelen ýerlerinde ýazgy edilmedik, “propiska” etdirip bilmedik çagalaryň okuwa alynmagyna päsgelçilik döredýändigini aýdýarlar.

Metbugatyň sowat-düşünjäniň ösmeginde ullakan roly bar. Emma türkmen metbugaty iki onýyllyga golaý Nyýazowyň şahsyýet kultuna hyzmat etdirildi. Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, türkmen metbugaty bu çyrçykdan heniz hem saplanyp bilenok. «Türkmen metbugatynyň şunuň ýaly bisowatlaşan, şunuň ýaly burnuňdan aşagyny görmezlik ýagdaýyna düşen wagtyny men bilemok» diýip, Bugaýew aýdýar.

«Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistan ilatyň sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlara döwrebap bilim bermek meselesinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan teklip edilýän kömek programmalaryndan ullakan peýda tapyp bilerdi diýýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ilatyň sowatlylyk derejesi aşak gaçdymy ýa ýokarlandy, bu bize belli däl. Sebäbi türkmen metbugaty bu barada dürli pikirleri çap etmekden, çekişmeler, açyk pikir alyşma guramakdan näme üçindir saklanýar.
XS
SM
MD
LG