Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sergeý Mihalkowyň hatyrasyna...


Orsýetiň belli şahyry Sergeý Mihalkow, 1-nji iýul, 1971 ý.
Orsýetiň belli şahyry Sergeý Mihalkow, 1-nji iýul, 1971 ý.

Geçen hepdede, has takygy 27-nji awgustda Orsýetiň iň belli şahyry, çagalar edebiýatynyň uly ussatlaryndan biri Sergeý Mihalkow 96 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Mihalkow ömrüniň 80 ýylyny çeper edebiýata bagyş etdi. Onuň kitaplarynyň umumy tiraz sany 300 million çemesi boldy. Ol edebiýatyň ähli ugurlary boýunça işledi. Ýöne çagalar şahyry, satiriki ýazyjy hem dramaturg hökmünde at aldy. Onuň 1935-nji ýylda çykan Stýopa daýy eseri hem basnýalary aýratyn meşhurlyk gazandy.

Sergeý Mihalkow iki gezek SSSR-iň döwlet Gimnini ýazypdy. 1944-nji ýylda Staliniň adyny wasp edýän Gimn 55-nji ýyldan soň, Staliniň ady galdyrylyp aýdyldy. Soňra ol 1977-nji ýylda SSSR-iň täze Gimnini, 2000-nji ýylda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Gimnini döretdi.

Kreml diwarynyň düýbündäki Näbelli soldatyň mazar daşyndaky:

Seniň adyň näbelli
Mertligiň seniň ebedi

--diýen ýazgy hem Sergeý Mihalkowa degişlidir.

Ol SSSR-de satiranyň orun almagyna ýardam etdi. Çagalar edebiýatynyň ösmegine, çagalar üçin neşirleriň döredilmegine uly kömek berdi. Bu edebiýaty höweslendirmek üçin, baýraklaryň berilemgini gazandy. Ol ençeme ýyllap Russiýa Federasiýasynyň Ýazyjylar bileleşigine ýolbaşçylyk edip geldi. Ol Stalinden başlap, Wladimir Putine çenli sowet we rus döwlet ýolbaşçylarynyň ählisi bilen gowy aragatnaşyk saklamagy başardy.

Şonuň bilen birlikde ol Kommunistik partiýanyň syýasatyny goldap, erkin pikir ýöretmekçi bolýan galamdaşlaryna garşy durdy. Pasternagy, Solženisini, Sinýawskini, Bukowsikni hem beýlekileri tankytlady. Şonuň üçin, galamdaşlarynyň arasynda mydama tankyt ýassygy bolup geldi. Ony çemeçillikde hem ýaranjaňlykda aýypladylar. Ol barada ençeme ýaňsylaýjy anekdotlar döredi. Ol bolsa öz eden işinden, geçen durmuş ýolundan, dürli döwürlerde wagta hem şerte görä, ýütgäp duran syýasy garaýşyndan birjik-de ýüz öwürmedi hem geçmişine puşman etmedi.

Sergeý Mihalkow türkmen çagalar edebiýatynyň hem ençeme türkmen ýazyjy-şahyrlaryň ýakyn dostudy. Onuň eserleri türkmen diline terjime edilipdi.

Kerim Gurbannepesowyň terjimesinde bu şahyryň bir eseri.

Sergeý Mihalkow

Ugur tapyjy towşan

(Basnýa)

Towşany
ýaş toýuna çagyrdy Kirpi,
Toýuň saçagynyň uludy hörpi.
Her kim bir-birini
meýden ýakýardy.
Öýde suw deregine şerap akýardy.

Toý gyzdy… Towşanjyk şeýle bir içdi,
Öňküje akylam başyndan göçdi.
Samrady, gyllygy akdy erninden.
“Gaýt-jakk! Gaýtjak!” Diýip turdy ýerinden.

“Ýat-da, ertir öräýt! – Ýalbardy Kirpi: –
Ýolda ýolbarslara… ýal borsuň belki!”
“Ýolbarsmy! Ýolbarsjyk nämejikmişin?
Gelsin bärik! Häzir dökeýin dişin.
Hamyn diri soýup, öwrüp possuna,
Özüni hem ýalaňaçlap kowaryn
Dörän ýerine – gyzgyn Afrikasyna…”

Diýip, towsup çykdy. Ýetdi jeňňele,
“Gelsin bärik, kim uruşsa meň bile.
Ýekeje ädim hem tesmerin yza.
Derisin sypyryp, basaryn duza!”

Bu ses gulagyna ýetdi Ýolbarsyň,
Ukudan oýandy. Galdy ol haýran.
Görse Towşan! “Weý, wiý, senmidiň asyl,
Ölesiň geldimi, samsyjak haýwan.
Hany, agzyma gir!
Ýuwdaýyn seni!”
Towşan pýanlykdan açyldy şo bat:
“Hawa… hawa… men… men… Aý, ýöne ýaňy
Myhmanlykda boldum… Dadaýdym… bir zat,
Bagyşla günämi, eý, tokaý hany!
Seniň saglygyňa içdim hemmesin!
Goý, sag bolsun – diýdim. – Ýolbarsyň jany,
Hiç mahal başyna bela gelmesin!
Özi-de, nesli-de uzak ýaşasyn!
Diýip, göterdim men ähli tostumy…”
…Ýolbars kem-kem gowşatdy-da penjesin,
Boşadyp goýberdi pýan dostuny

“Biri azar berse, aýdaýgyn maňa,
Her tikesin gulak ýaly edeýin!”

Ýolbars çyn ýolbarsdy. Bilýärdi ýöne
Ýaranjaňlaryň gadyryn…

Çeşme : Rus metbugaty; Türkmen sowet ensiklopediýasy.
XS
SM
MD
LG