Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilegi güýçli birini ýeňer, bilimi güýçli – müňüni!


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
Häzirki döwürde ylymsyz-bilimsiz aljak galaň ýok. Ugran ugruňda düýpli düşünje, hakyky ylym-bilim gerek. Eger Türkmenistanyň orta mekdepleri, orta we ýokary okuw jaýlary, şeýle-de yaňy-ýakynda gaýtadan açylan Ylymlar Akademiýasy hakyky ylym ojaklaryna öwrülmese, onda hiç haçan türkmeniň geýregi galmaz.

Eýse, ýurduň ýolbaşçylary muňa ýeterlik düşünýärmikäler? Bir görseň, düşünýäne meňzeş. Emma bu ugurda berilýän tabşyryklar bilen olaryň soňraky netijelerini deňeşdirseň, onda bu meselede entek bärden gaýdylýandygy görünýär.

Ýaňy-ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň hökümet maslahatynda ýurdy sosial-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy. Onda bilim ulgamynyň işi-de agzaldy. G.Berdimuhammedow bu barada şeýle diýdi: "Bu ugurda meselä kompleksleýin çemeleşmeli. Mekdepleriň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylmagyndan başlap, tä okuw kitaplaryňdyr, okuw gollanmalarynyň we beýleki zerur esbaplaryň, depderdir gündeliklere çenli – ählisi ýokary derejede bolmaly we iň ýokary hil standartlaryna gabat gelmeli."

Nähili ajaýyp sözler! Dogrusyny aýtsaň, Nyýazow döwründe Türkmenistanyň bilim pudagynyň dargadylandygyna köýüp ýören adamlaryň ýüregine melhem boljak sözler! Emma bu sözleriň aýdylan we möhüm tabşyrygyň berlen wagtyna üns berseň, begenmäge-de, guwanmaga-da esas galanok. Sebäbi prezident bu tabşyrygy Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustdaky ýygnagynda, ýagny okuw ýyly başlamagyna bary-ýogy iki hepde galanda berýär!

Elbetde, bilim ugrundan jogapkärleriň prezidente baş egip, "Bu buýrugyňyzy hökman ýerine ýetireris!" diýjeklerine ikirjiňlenýän ýok. Emma olaryň öz wadalarynda tapyljakdyklaryna welin, hut özümiň-ä şübhäm gaty güýçli. Sebäbi bu iş iki hepde-de ýa iki aýda çözdürjek mesele däl. Şol sebäpden bu tabşyrygyň diňe howaýy sözler bolup galmak howpy örän uly. Eger prezident bu tabşyrygy iň bärkisi ýylyň başynda, ýanwar aýynda beren bolsa, nähili gowy bolardy. Onda bu okuw ýylyna çenli orta mekdepler üçin iň bärkisi depderdir gündelikleriň ýetişjekdigine umyt galardy. Häzir welin, hatda şoňa-da umyt ýok.

"Wagt gerek"

Okuw kitaplarydyr okuw gollanmalaryna gezek gelende, ýagdaý has agyr. Olary ilki ýazmaly, soň döwrebap görnüşde neşire taýynlamaly we çap etmeli. Bu gyssagara-da bitjek iş däl. Alymlar okuw kitaplaryň we gollanmalaryň üstünde ýyllap işleýärler. Ylymlar Akademiýasy bolsa, diňe häzir açyldy. Ozalky diktatoryň eden-etdilik bilen dargadan Ylymlar Akademiýasynyň işini täzeden ýola goýmak hem hakyky alymlary jemlemek bir ýa-da iki ýylyň işi däl, oňa wagt gerek. Diýmek, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamy örän we örän agyr ýagdaýda. Eger hökümet bu pudagyň işine, onuň problemalaryna we zerur meseleleriň çözgütlerine özüniň her ýygnagynda yzygiderli garap, bitirilen hem bitirilmedik işleriň hasabyny berk ýöretmese, ýurduň bilim ulgamynyňam, türkmen ylmynyňam güni kyn bolar.

Ylym-bilim ulgamy saz we netijeli işlemese-de, ýurduň geljegi şu günküsinden hiç haçan tapawut etmese gerek. Häzirki zaman dünýäsinde haýsy ýurt ylyma-bilime yzygiderli üns berse, bu ugra uly sermaýalary gönükdirse, şol ýurt hem ylmy-tehniki ösüşde, şonuň netijesinde-de sosial-ykdysady, medeni ösüşde we beýleki ugurlarda illerden öňe saýlanýar. Onsoň bilim ulgamynyň, hemme ýurtlarda bolşy ýaly, biziň üçinem aýratyn möhümdigini ýanjap oturmak artykmaç. Diýmek, bu meseläni aram-aram agzap geçeniň ýeterlik däl, bu ugurda örän oýlanyşykly döwlet programmasyny işläp düzmek hem tizden-tiz kabul etmek gerek. Diňe şonda bu proplemany düýpli hem kompleksleýin çözmek başardar.

Bir zat jedelsiz, bu dünýäde ylmyň-bilimiň ýerini tutjak güýç ýok. Başgaça bolanlygynda, "Bilegi güýçli birini ýeňer, bilimi güýçli – müňüni" diýen nakyl döremezdi. Ata-babalarymyz bu ajaýyp nakyly bilekleriniň güýçli wagty döredip, öz soňky nesillerine öwütleriň seresi hökmünde goýup gidipdirler. Bize indi ol nakyly diňe boýnumyzdan doga edinip dakynaýmak galýar…

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG