Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti gurluşyklara aýlandy


Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, ýurtda uly gurluşyk proýektlerine gol çekilende, onuň maliýe tarapyna ekspertler keseden baha bermeli.
Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, ýurtda uly gurluşyk proýektlerine gol çekilende, onuň maliýe tarapyna ekspertler keseden baha bermeli.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk obýektleriniň zakazçysy bolan Aşgabat şäheriňin hakimliklerinin, ministrlikleriniň haýyşyna görä, Aşgabat şäheriňdaki we şäheriň etegindaki möhüm gurluşyk obýektlerine aýlandy.

Türkmen prezidenti öz tabşyrygyna görä, fransuz kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan birnäçe täze desgalaryň taslamalary bilen tanşypdyr. Şeýle-de, prezident Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň dowamynda möhüm gurluşyk obýektleriniň biri hasaplanylýan Medisina uniwersitetiniň gurluşyk meýdanynda bolupdyr. “Gap-inşaat” kompaniýasynyň “Göz keselleriniň merkezi” atly gurluşyk proýektine girizen özgerişlikleri bilen tanşypdyr.

Uly masştably gurluşyklardan soň Aşgabadyň durky üýtgärmi? Gurluşyk işlerine professional derejede çemeleşilermi?

Türkmenistanyň Niderlandiýadaky hökümetden garaşsyz demokratik birleşmesiniň başlygy Wýaçeslaw Mämedowyň pikirine görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk syýasatynda alyp barýan işi Nyýazowyň döwründe başlanan gurluşyk syýasatynyň dowamydyr. “Aşgabadyň gurluşygyna sarp edilen puluň ýurduň beýleki welaýatlaryndan alynýandygyny we munuň Türkmenistanyň beýleki regionlarynyň ösüşine ýaramaz täsir etjekdigini ýatdan çykarmaly däl.”

Özbegistanly jemgyýeti öwreniji Iskandar Hudaýbergenowyň pikirine görä bolsa, uly masştabdaky gurluşyklaryň amala aşyrylmagy bilen şäheriň görnüşi, elbetde, owadanlaşar, emma şäheriň mazmuny öňküligine galar. “Çünki şäheriň mazmunyny ýýtgetmek üçin adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny üýtgetmeli. Eger-de adamlarda erkinlik bolsa, şäheriň mazmuny üýtgär, bolmasa, diňe daşky görnüşi owadanlaşar.”

Öňler Aşgabatda gurulýan jaýlar mermer bilen bezelýärdi. Hatda Aşgabada “ak şäher” hem diýýärdiler. Emma käbir spesialistler bu bezegiň adam organizmine zyýanlydygyny aýdýarlar.

Gurluşyk işlerine professional derejede çemeleşmek zerur, eýse mundan beýläk oňa şeýle çemeleşilermi?

Häzir Şwesiýada ýaşaýan synçy Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, professional çemeleşme entek göze ilmeýär. "Sebäbi gurluşyk hakykatdan hem düýpli gurluşyk boljak bolsa, ony spesialistleriň garamagyna bermeli. Gurluşyk ministrliginde öz ýeterlik spesialistleri bar bolsa, işi şolara tabşyrmaly. Şolar iş salyşmaly we her bir daşary ýurt kompaniýalaryňyn hödürleýän proýektlerini dürli taraplardan özleri analiz etmeli, barlamaly."

Wýaçeslaw Mämedow häzirki gurluşyklarda professional çemeleşmäniň, umuman, bolmajakdygynyň esasy sebäbi häzirem Nyýazow döwründe işlän gurluşyk kompaniýalaryňyn kontrakt bilen işleýändigini, şonun üçin hem professional çemeleşmä garaşmaly däldigini aýdýar.

Hudaýbergenowyň pikirine görä bolsa, Merkezi Aziýanyň halklaryňyn mentalitetinde daşky görnüş owadan bolmaly diýen pikir birinji orunda goýulýar. Şonuň üçin hem şol wagtlar mermer jaýlar gurlup, adamyň saglygy barada hiç kim pikir etmändir. Biziň şertlerimizde täze binalary sähel başgaçarak, ýagny ony nämä ulanjakdygyňy göz öňünde tutup, gurmaly.

Wýaçeslaw Mamedow özüne hormaty bar gurluşyk kompaniýalaryňyn Türkmenistanyň gurluşygyna barmajakdygyny aýdýar. “Sebäbi Türkmenistanyň resmileri tarapyndan goýulýan şertler bilen uly gurluşyk kompaniýalary ylalaşyp bilmezler. Ol ýerde diňe öňräkden ornaşan we durşy bilen korrumpirlenen türk firmalaryňyn işlemegi mumkin. Türkmenistandaky gurluşyklar korrupsiýanyň esasy ýoludyr.”

Mamedowyň aýtmagyna görä, uly göwrümli gurluşyklara ýeke bir adam kontrol edýär. “Hiç hili proektiň býudjeti parlament tarapyndan tassyklanylmaýar. Eger-de ýurtda döwlet budjetini, gurluşyk proýektlerini parlament tassyklanlygynda, gurluşyga gitjek harajata paralment kontrollyk edenliginde, bu pudakda korrupsiýa bolmazdy.”

Ak Muhammet Welsaparyň pikiriçe, Türkmenistanda esasan türk gurluşyk kompaniýalarynyň işlemegi endige öwrülipdir we bu talaba laýyk däl. "Aşgabatda alyp baryljak gurluşyk işlerine ýapon gurluşykçylaryny, ýapon gurluşyk kompaniýalaryny çekmeli. Sebäbi Aşgabat örän gorkuly seýsmiki zonada ýerleşýär. Seýsmiki zonada gurluşyk etmek işlerinde hem bütin dünýäde ýapon kompaniýalary örän ygtybarly hasaplanylýar."

Uly kompaniýalaryň gelmezligi

Hudaýbergenow Türkmenistana Ýewropanyň uly gurluşyk kompaniýalaryňyn gelmeýändiginiň iki sebäbi bolmagy mümkin diýýär. «Birinjisi, türk firmalarynyň gurýan binalarynyň hiliniň we bahasynyň türkmen resmilerini kanagatlandyrýan bolmagy mümkin. Ikinjiden, türk firmalaryny öz bähbidi üçin ulanmak, ýagny aýdylýan korrupsiýanyň gülläp ösmegidir. Onsoňam, gurulýan binanyň halk üçin nä derejede zerurdygy hem uly rol oýnaýar.»

Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, ýurtda uly gurluşyk proýektlerine gol çekilende, onuň maliýe tarapyna ekspertler keseden baha bermeli. Gerek bolsa bu işe daşary ýurt ekspertlerini çekmeli. "Şu işde parahorlyga ýol bermezlik üçin ilkinji nobatda döwletiň ähli işlemeli edaralary hem-de metbugat öz ýerinde saz işläp durmaly."

Hudaýbergenowyň pikiriçe, halk bähbitli binalaryň gurulmagy, gurluşykdaky korrupsiýanyň öňüni almak üçin ýurtda söz azatlygy bolmaly, halkyň pikiri häkimiýetlere ýetip durmaly, onsoňam, ýurtda kanunlar, döwlet institutlary işlemeli.

Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, uly göwrümli gurluşyk proýektlerine prezident gol çekmeli dal, prezidentiň öz işi bar, gurluşyk ministrliginiň hem - öz işi. "Bu işe metbugat gözegçilik etmeli. Beýleki kontrollyk edýän institutlar hem şol Gurluşyk ministrliginiň baglaşýan şertnamalaryna gözegçilik etmeli. Ýöne prezident ylymly-bilimli, bu ugurdan işlemeli spesialistleriň işini, emelini elinden alsa, elbetde, bu taýda ýalňyşlyklaryň boljakdygy öňünden belli."
XS
SM
MD
LG