Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentler ynamy dikeltmäge synanýar


Gurbanguly Berdimuhammedow bilen Dmitriý Medwedew iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyk barada hem gürrüň edipdirler.
Gurbanguly Berdimuhammedow bilen Dmitriý Medwedew iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyk barada hem gürrüň edipdirler.

“Türkmenistan: altyn asyr” saýty türkmen lideriniň rus kärdeşine Orsýetde adam pidalaryna getiren betbagtçylykly hadysa bilen bagly gynanjyny beýan edendigini ýazýar.

Türkmen hem rus habar serişdelerinden görnüşine görä, prezidentler Gurbanguly Berdimuhammedow bilen Dmitriý Medwedew iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyk barada hem gürrüň edipdirler. Resmi habarlar prezidentleriň ikisiniň hem türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça alnyp barylýan işlerden kanagatlanýandygyny tassyklaýar. “Gündogar” oppozision saýtynyň rus metubagatyna salgylanyp ýazmagyna görä, taraplaryň ikisi hem ynam we özara düşünişmek bilen bagly ähli meseleleri çözmäge taýýardyklaryny aýdypdyrlar.

Emma bu habarlarda Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda soňky aýlarda dörän düşünişmezlikleriň nähili çözüljegi barada anyk bir zat aýdylmaýar. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Aşgabat bilen Moskwanyň gaz söwdasynyň iş ýüzünde togtamagy zerarly sowapdy.

“Gutlamaly ýagdaý”

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, iki prezidentiň arasynda telefon gürrüňiniň bolmagy we taraplaryň özara ynamy hem düşünişmegi dikeltmek barada gürrüň etmegi gutlamaly ýagdaý. Ol iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň özara peýdaly, deň derejeli hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilmelidigini aýdýar.

Şeýle-de A.Bugaýew bu gatnaşykda Aşgabadyň pozisiýasynyň berkeýändigine ünsi çekýär: “Orsýet tarapy her hili ýollar bilen haýbat hem atyp gördi, türkmen tarapyny äsgermezçilik hem edip gördi, ýöne gaz turbasynda bolan hadysadan bäri geçen 5-6 aý wagt türkmen tarapynyň hem öz pozisiýasynyň kemala gelendigini görkezdi” diýip, Bugaew aýdýar. Şeýle-de, Bugaýew indi Türkmenistana Ýewropanyň-da, Birleşen Ştatlaryň-da kömek etjegine Orsýet göz ýetiren bolmaly diýýär.

Biraz öň rus prezidenti Dmitriý Medwedew Hazar boýundaky dowletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy guramasyny döretmek baradaky ideýany ýatlap, şeýle guramanyň Hazar deňziniň töweregindäki ýurtlaryň ykdysadyýetine saldamly goşant goşjagyny aýdypdy.

Azerbeýjanyň “Bakililar. AZ” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, azerbeýjanly syýasaty öwreniji Rasim Musabekow Medwedewiň Hazar boýundaky döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky pikirini has köp derejede Türkmenistana gönükdirilen hasaplaýar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, Medwedewiň bu ideýasy Orsýetiň öňki SSSR-iň territoriýasynda agalygyny saklamak meýli bilen bagly. Ol bu meýliň Orsýeti Ukriana, Gürjüstan, Belarus ýaly öňki ýaranlaryndan daşlaşdyrandygyny, onsoň bu ýagdaýyň Aşgabady hem Moskwadan uzaklaşdyryp biljegini aýdýar.

“Indi syýasaty üýtgetmeli”

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Artýom Ulunýanyň pikirine görä, Orsýet Federasiýasynyň ýolbaşçylary indi GDA ýurtlary bilen gatnaşykda öz ileri tutýan meselelelerini anyk kesgitlemeli we arkalaşyga girýän döwletlere bolan gatnaşyklaryny köp babatda üýtgetmeli. Ol: “Bu ýerde indi öz milli bähbitleri bolan özbaşdak ýurtlar bilen gatnaşyk barada gürrüň barýar we muny hökman nazara almaly” diýýär.

Ulunýanyň pikriçe, türkmen tarapynyň problemasy Berdimuhammedow tarapyndan ýygy-ýygydan dile getirilýän açyklyk bilen bagly. “Bu açyklyk dünýä bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmaga näderejede laýyk gelse, bu onuň ýurt içindäki pozisiýasyny hem berkitmekde ulanylyp bilner” diýip, Ulunýan pikir edýär.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew hem bu pikir bilen ylalaşýar. Onuň pikiriçe, türkmen döwleti Orsýet ýaly güýçli döwlet bilen deň gatnaşyklarda öz bähbidini gorap bilmek üçin içki reformalary güýçlendirmeli: “Türkmenistan öz aýagynyň üstünde berk durmak üçin öz içindäki reformalary gaty çaltlandyrmaly. Söz, metbugat azatlygy, köp partiýalylyk boýunça geçirilmeli reformalar tizleşdirilse, şonda türkmen hökümetine işlemek has aňsat düşer” diýip, synçy pikir edýär.

Onuň ynanjyna görä, bu hili reformalar häkimiýet bilen halky has ysnyşdyryp, bütewi, aýrylmaz we güýçli bir göwrä öwürer. Şeýle-de, ol bu ýagdaýyň Kremliň Aşgabada gatnaşyklaryna hem täsir ýetirjegini çak edýär. “Türkmenistan diňe ýolbaşçylary bilen gürleşilýän ýurt däl-de, eýsem ýönekeý raýatlaryň hem gepiniň-sözüniň eşidilýän we diňlenýän ýurduna öwrülse, bu onuň dünýä derejesinde beýgelmegine we Orsýetiň Aşgabada gatnaşyklarynyň has sylanyşykly bolmagyna getirip biler” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew biz bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.
XS
SM
MD
LG