Hepdäniň duşenbe güni Hazar meselesinde hyzmatdaşlyk boýunça Astrahanda geçiren maslahatynda Orsýetiň pezidenti D.Medwedew ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasyny döretmek başlangyjyny hem öňe sürdi.
Şeýle guramanyň döredilmegi Hazar deňzi boýunça konwensiýanyň düzülmegine we region döwletleriniň özara dawalarynyň çözülmegine nähili täsir ýetirip biler?
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasynyň döredilmegi Orsýetiň prezidentiniň sözlerine görä, “ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine uly goşant goşup bilerdi”.
“RIA Nowosti” agentliginiň maglumatyna görä, şeýle guramanyň döredilmegine degişli mesele geçen ýylyň oktýabr aýynda, Astrahanda hökümetara ykdysady konferensiýada wise-premýerler derejesinde maslahat edilipdi. “Şonda karara gelinmedik hem bolsa, bu ideýa ýeterlik gyzyklanma bildirildi” diýip, Dmitriý Medwedew şu ýylyň 17-nji awgustynda Hazar meselesi boýunça Astrahanda geçiren maslahatynda aýtdy.
Şeýle guramanyň döredilmegi başda Orsýet we Eýran tarapyndan goldanyldy, soňra Gazagystan we Azerbeýjan hem goldaw bildirdiler. Türkmenistan garşy çykypdy diýip, “RIA Nowosti” ýazýar.
“Gyzykly ideýa”
Azerbeýjanyň prezidentiniň administrasiýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Nowruz Mämedow Orsýetiň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasyny döretmek inistiwasyny “gyzykly ideýa” diýip atlandyrdy. Emma ol mundan öň Hazar deňziniň statusynyň çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy.
“Özara bölünişik meselesi Orsýet, Azerbeýjan we Gazagystan arasynda eýýäm çözüldi, belki Orsýetiň ideýasy meseläniň Türkmenistan we Eýran arasyndahem çözülmegine ýardam berer” diýip, Nowruz Mämedowa salgylanyp, “Day.Az” ýazýar.
GDA giňişliginde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Informasion-analiz merkezinden Aleksandr Karawaýew şu günki gün şeýle guramanyň döredilmegine hiç hili päsgelçilik ýok diýip, hasap edýär. Şeýle guramanyň çäginde Hazar deňzine degişli islendik meseleler, ýagny transport, tranzit, howpsuzlyk we ekologiýa bilen bagly gatnaşyklar taraplar arasynda maslahat edilip bilner. Emma regionda bar bolan problemalary çözmek ugrunda şeýle guramanyň netijeli boljagyna Karawaýew şübheli garaýar.
“Adatça, halkara guramalar problemalary çözmeýär, olar eýýäm bar bolan ylalaşyklary goldamak bilen meşgullanýar. Hazar ýaka döwletler ýaly ýaranlar barada gürrüň edilende, guramanyň döredilmegi olaryň arasyndaky düýpli gapma-garşylyklary çözmäge ýardam bermez” diýip, A.Karawaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar Guramasyny döretmek ideýasy barada Türkmenistanyň resmi pozisiýasy mälim edilmedi. Şu temadan ýerli habar beriş serişdelerinde-de maglumat berilmedi.
Kime gönükdirilýär?
Şol bir wagtda-da D.Medwedewiň öňe süren ideýasy hut Türkmenistana gönükdirilýär diýen pikirler hem orta atyldy. Azerbeýjanyň “Bakililar” Internet neşiriniň syýasaty öwreniji Rasim Musabekowa salgylanyp ýazmagyna görä, “Edilýän beýannamalara garamazdan, Türkmenistan Hazar deňzindäki ýataklara edýän dawasyndan el çekmez, sebäbi ol Orsýete garaşly däl”.
Şeýle-de, Orsýetiň Astrahan şäherinde şu hepdäniň başynda geçirilen maslahatda Gazagystanyň Aktau şäherinden Azerbeýjanyň paýtagtyna tarap nebit geçirijisiniň gurluşygyna we “Nabukko” proýektiniň çäginde Türkmenistandan Azerbeýjana tarap çekilmeli gaz geçirijisiniň taslamasyna hem üns berlenligi aýdylýar.
Maslahatda Orsýetiň giňişliginden geçmeýän proýektleriň öňüne böwet basmagyň zerurlygynyň agzalanlygyny “Turan” agentligi ýazdy. Orsýetiň “2020-nji ýyla çenli “Milli howpsuzlygy boýunça” şu ýylyň maý aýynda yglan eden strategiýasynda Hazar regiony we Merkezi Aziýa Moskwanyň üns merkezindäki regionlar hökmünde kesgitlendi diýlip, maglumatda bellenilýär hem-de Hazar regionyndaky täsirini artdyrmak üçin Orsýetiň hatda güýç ulanmakdan hem çekinmejegi çak edilýär.
“Güýç ulanmak netije bermedi”
Öz nobatynda Azerbeýjanly syýasaty öwreniji Rustam Mämedow soňky wagtda Orsýetiň pozisiýasynyň konstruktiw häsiýete eýe bolanlygyny belleýär. “Day.az” Internet neşiriniň Mämedowa salgylanyp ýazmagyna görä, güýje daýanmagy bilen bagly çäreleri şu çaka çenli netije bermänsoň, Orsýet regiony öz täsiri astynda saklamak üçin täze usullara geçýär. “Orsýet netijelilik ugrunda hereket etse, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasyny döredip biler” diýip, “Day.az” Internet saýtynda syýasaty öwreniji R.Mämedowyň sözlerinden sitata getirilýär.
GDA giňişliginde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Informasion-analiz merkeziniň bilermeni A. Karawaýew ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasyny döretmek meselesiniň Orsýet tarapyndan gozgalmagyny syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrdy. “Maksat täze syýasy pozisiýany kesgitlemekden ybarat. Bu taraplaryň birek-birege ýakynlaşýanlygyny görkezýän goşmaça býurokratik çäre bolup bilerdi. Bu diňe syýasy maksatlary göz öňünde tutýar” diýip, A.Karawaýew aýdýar.
Şeýle guramanyň döredilmegi Hazar deňzi boýunça konwensiýanyň düzülmegine we region döwletleriniň özara dawalarynyň çözülmegine nähili täsir ýetirip biler?
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasynyň döredilmegi Orsýetiň prezidentiniň sözlerine görä, “ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine uly goşant goşup bilerdi”.
“RIA Nowosti” agentliginiň maglumatyna görä, şeýle guramanyň döredilmegine degişli mesele geçen ýylyň oktýabr aýynda, Astrahanda hökümetara ykdysady konferensiýada wise-premýerler derejesinde maslahat edilipdi. “Şonda karara gelinmedik hem bolsa, bu ideýa ýeterlik gyzyklanma bildirildi” diýip, Dmitriý Medwedew şu ýylyň 17-nji awgustynda Hazar meselesi boýunça Astrahanda geçiren maslahatynda aýtdy.
Şeýle guramanyň döredilmegi başda Orsýet we Eýran tarapyndan goldanyldy, soňra Gazagystan we Azerbeýjan hem goldaw bildirdiler. Türkmenistan garşy çykypdy diýip, “RIA Nowosti” ýazýar.
“Gyzykly ideýa”
Azerbeýjanyň prezidentiniň administrasiýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Nowruz Mämedow Orsýetiň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hazar guramasyny döretmek inistiwasyny “gyzykly ideýa” diýip atlandyrdy. Emma ol mundan öň Hazar deňziniň statusynyň çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy.
“Özara bölünişik meselesi Orsýet, Azerbeýjan we Gazagystan arasynda eýýäm çözüldi, belki Orsýetiň ideýasy meseläniň Türkmenistan we Eýran arasynda
Özara bölünişik meselesi Orsýet, Azerbeýjan we Gazagystan arasynda eýýäm çözüldi.