Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa meselesi ýene çözülmedi


Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
«Trend nýus» internet saýtynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi esasynda ýurduň bilim ministrligi Türkmenistanda Kolumbiýa uniwersitetiniň filialyny açmak boýunça aktiw gepleşikler geçirýär.

Şeýle-de, Aşgabatda 9-11-nji sentýabr aralygynda ylym we bilim barasynda halkara sergi hem konferensiýa bolar. Sergi esasan komputer tehnikasy, öňdebaryjy komputer tehnologiýalary, döwrebap bilim bermek usullary, metodik edebiýat, poligrafiýa ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar.

Parahorlyk heniz bar

Türkmenistanda ýaşlara döwrebap bilim bermek, bilimde kämil ýaşlary ýetişdirmek ugrunda iş alnyp barylýar. Emma bu edilýän işler ýurtdaky parahorlygy ýok etmek üçin ýeterlik däl diýip synçylar belleýärler.

Dünýä dilleri institutynyň rektory we käbir mugallymlar parahorlukda tutulyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilensoň, paranyň möçberi Türkmenistanda has-da artypdyr.
Bize Türkmenistandan gelip gowşan maglumata görä, şu okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda parahorluk iki esse artypdyr. Hakykatdan-da, bilim pudagynda korrupsiýanyň bardygy hiç kime gizlin däl.

Golaýda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň prokurory Hojamyradow hem ýurduň ýokary okuw jaýlaryndaky parahorlyk barasynda hasabat beripdi. Onda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň rektory Aýna Gurbannyýazowanyň gatnaşmagynda bu ýokary okuw jaýynda parahorluga ýüz urlanlygy paş edilipdir.

Ýurduň prezidenti öz şahsy terbiýesi ýaşlara görelde bolardan pes adamlaryň ýurduň ýaşlaryny terbiýelemek işlerinde işleýändiklerini aýdyp, hut şeýle ýagdaýlaryň ýurtda köki-damary bilen ýok edilmelidigini belläpdi. Korrupsiýa garşy näçe göreş alyp barylsa-da, gaýta ol ýurtda möwç alýar diýlip habar berilýär.

Aşgabatly Akmyradyň habarçymyz Myrat Gurbanowa gürrüň bermegine görä, Dünýä dilleri institutynyň rektory we käbir mugallymlar parahorlukda tutulyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilensoň, paranyň möçberi Türkmenistanda has-da artypdyr.

Maglumatlara görä, Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň kabir fakultetlerine girmek üçin bermeli paranyň möçberi häzir 40 müň ABŞ dollaryndan hem geçipdir. Ýurtda paranyň derejesi ösüp, ýaşlaryň bilim derejesi öňküdenem pese gaçypdyr. Synçylar ýaşlarda daşary ýurtlarda okamak höwesiniň döremegine hut şu ýagdaýyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň dosenti, syýasaty öwreniji Aýdarbek Koçkunowyň sözlerine görä, korrupsiýa Merkezi Aziýada diňe bilim pudagynda däl, eýse jemgyýetçilik durmuşynyň ähli sferalarynda bar. Soňky sosial barlaglaryň netijesine görä, Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda hem, hatda postsowet ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň hemmesinde-de korrupsiýa bar.

Ynsan hukuklary boýunça Turkmen-Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň sözlerine görä, Türkmenistanda parahorlygyň ösüp barýandygy barasynda olarda hem maglumat bar. Begmedowa ýurtda parahorlygyň ösmeginiň sebäplerini Türkmenistanda orta we ýokary okuw jaýlarynyň azlygyndan, şeýle hem hususy orta we ýokary bilim berýän okuw jaýlaryny, kolledžleri we liseýleri açmak barada programmanyň işläp düzülmänliginden görýär. “Eger-de ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçiligi köp bolsa, olar okuwa girmek üçin para bermeli diýen pikirden uzakda bolardylar.”

Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň dosenti, syýasaty öwreniji Aýdarbek Koçkunow korrupsiýanyň ösmeginiň esasy sebäbini orta we ýokary okuw jaýlarynda mugallymlaryň zähmet hakynyň azlygyndan görýär.

Test synagynyň ähmiýeti

Maglumatlara görä, Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde ýaşlar ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamen tabşyrmak ýoly bilen däl, eýse test synagy, ýagny test tabşyryp, girýärler. Ýaşlara bilim bermek pudagynda 30 ýyl işlän özbegistanly Rizaýewiň sözlerine görä, garaşsyzlyga çykylandan soň, bilim pudagyndaky korrupsiýa garşy göreşmek üçin Özbegistanyň ähli ýokary okuw jaýlarynda test tabşyrmak usuly, ýagny test synagy girizilipdir. Şeýle usulyň häzirki wagtda Türkmenistanda diňe Halkara türkmen-türk uniwersitetinde bardygy habar berilýär.

Häzir Gazagystanda, Gyrgyzystanda hem ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin abituriýentler test synagyndan geçýärler. 1-nji awgust güni ýurduň ähli ýokary
Bilimdäki korrupsiýa garşy göreşmek üçin Özbegistanda test synagy girizildi.
okuw jaýlarynda test tabşyrylýar. Türkmenistanda bolsa, entegem giriş ekzamenleri tabşyrylýar. Giriş ekzamenleri para almak üçin gowy şert döredýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Türkmenistandan gelip gowşan maglumatda aýdylmagyna görä, para bermedik okuwçylara mugallymlar sorag üstüne sorag berip, olary giriş ekzameninden ýykyp, soňam “Men mugallymlaryň beren soraglaryna jogap berip bilmedim” diýdirip, olardan dil haty ýazdyryp alýarlar. Şeýlelikde, mugallymlarda para beren abituriýentlere gowy baha goýmak mümkinçiligi döreýär.

Gyrgyzystanly dosent Koçkunow giriş ekzamenlerini tabşyrmak düzgüniniň Sowet döwründen galan, könemöwrit usuldygyny, test tabşyrmagyň hem özüne görä kynçylyklarynyň bardygyny, emma test synagynyň barybir has ygtybarly, has döwrebapdygyny aýdýar. Şeýle hem ol, abituriýentler test synagyndan bir günde geçýärler diýýär. Ol abituriýentler test tabşyranlarynda, ýokary ball almaga, stipendiýa mynasyp bolmaga, budjete düşmäge dyrjaşýarlar diýip belleýär.

Begmedowa hem abituriýent mugallym bilen ýüzbe-ýüz galanda, ýagdaýyň diňe mugallymyň adalatlylygyna ýa-da däldigine bagly bolýandygyny aýdýar.

Möhüm sorag

Koçkunow Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistandan gelen studentleriň köp okaýandygyny, ýöne olaryň aglabasynyň bilim derejesiniň pesdigini aýdýar. Munuň sebäbini dosent Nyýazowyň döwründäki okuw sistemasyna girizilen ýaramaz düzgünlerden görýär.

Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, bilim pudagyndaky korrupsiýanyň öňüni almak üçin ýurtda kanun işlemeli. “Ýurtda Konstitusiýa bilen kanunlara hormat goýulsa, korrupsiýa garşy göreşip bolar. Prezident Berdimuhamedowyň korrupsiýa garşy göreşmeli diýip, açyk aýtmagynyň özi-de döwlet baştutanlarynyň korrupsiýanyň öňüni almalydygna dogry düşünýändiklerini bildirýär. Emma parahorluga garşy göreşmäge hökümetiň erki ýetermi ýa-da ýok, bu möhüm sorag” diýip, Türkmen Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowa nygtaýar.
XS
SM
MD
LG