Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý we ÝB Merkezi Aziýanyň gapysynda


Hytaýyň esasy bähbidi öz goňşularynyň energiýa resurslaryny almak bolup durýar.
Hytaýyň esasy bähbidi öz goňşularynyň energiýa resurslaryny almak bolup durýar.

Uly güýçleriň ambisiýalarynyň obýekti bolmak bilen Merkezi Aziýa islendik oýunçynyň agalygyna garşy durýar. Şeýle oýunçylaryň ykbaly isle Orsýet bolsun, ABŞ, Hytaý ýa-da Ýewropa bäş sany Merkezi Aziýa döwletlerindäki öňünden bilip bolmajak wakalara bagly bolup durýar.

Sowet Soýuzy dargandan soň, başlanan täze uly oýunda Orsýet we ABŞ-nyň atlary has köp agzalsa-da, birnäçe beýleki oýunçylar hem oýna goşuldylar.

Merkezi Aziýa milliardlarça barrel nebite we trillionlarça kubmetr tebigy gaza eýe bolmak bilen tötänlikden iki sany uly energo-resuslaryň iri alyjylary bolan Ýewropadyr Hytaýyň arasynda ýerleşýär. Bu regionyň Yslam dünýäsiniň araçäginde ýerleşýändigi sebäpli Pekin bilen Brýussel Merkezi Aziýany Eýrandan, Owganystan we Päkistandan gelip biljek potensial howpa garşy gorag diwary hökmünde görýär.

Londonda ýerleşýän “Chatham House” guramasynyň Orsýet we Ýewraziýa boýunça işgäri Jeýms Nikseyiň pikirine görä, Hytaýyň Merkezi Aziýada diňe birnäçe bähbidi bolmak bilen çäklenmän, eýse ol şu region bilen aragatnaşyk saklamak üçin aýratyn syýasat oýlap tapdy.

Howpsuzlyk aladalary

Londonda ýerleşýän IHS Jeýns guramasynyň Ýewraziýa regionynda töwekgelçilik boýunça analitigi Mätiw Klements Hytaýyň Şanhaý arkalaşygyny Owganystandyr Päkistandan geljek howplaryň Merkezi Aziýa we öz musulman bölegine ýaýramagynyň öňüni almak üçin guraly hökmünde görýändigini aýdýar.

Howpsuzlyk meselesiniň iňňän aktual bolup galmagyna garamazdan, Hytaýyň esasy bähbidi öz goňşularynyň energiýa resurslaryny almak bolup durýar. Muny başarmak üçin onuň Orsýet ýaly regionyň beýleki oýunçylaryna we regiondan daşardaky ÝB we ABŞ ýaly oýunçylara garanyňda, mümkinçilikleri has artyk.

Merkezi Aziýa ýurtlary öz goňşusy Hytaýa öz eksport harytlarynyň potensial alyjysy hökmünde garaýar. Pekin hem pulunyň bardygyny görkezýär. Şeýle hem Günbatar bilen tapawutlylykda Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içerki syýasatlaryny tankytlamaýar. Mundan başga-da, Hytaýyň kompaniýalary regiondaky turba çekmek, ýol çekmek ýaly proýektleri amala aşyrmakda uly rol oýnap, özlerini ynamly hyzmatdaş hökmünde tanatdylar.

Orsýet kompaniýalary 1990-njy ýyllarda Merkezi Aziýanyň energiýa resurslaryny eksport etmek boýunça monopoliýa eýe bolan bolsalar-da, regionda az iş etdiler.

Hytaý günbatar Gazagystandan gaýdýan we eýýäm işläp başlan gaz turbasyny gurmaga kömek edipdi, şeýle hem ol şu ýylyň ahyrynda işlap başlamaly Türkmenistandan geljek gaz turbasynyň gurulmagyna kömek edýär.

Oýunda Ýewropa Bileleşigi

Şol bir wagtda Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň Merkezi Aziýanyň energiýa resurslaryna bolan monopoliýasyna böwet basmaga çalyşýar.

Ýewropa Merkezi Aziýanyň nebitini we tebigy gazyny Orsýetiň üstünden alýar. Şeýle ýagdaýda Bileleşigiň özünde ÝB-niň energiýa üpjünçiligi meselesinde Orsýete doly bagly bolup galmagyny ýiti ýazgarýarlar.

Şu ýylyň başynda Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky düşünişmezlik sebäpli Orsýetiň öz gazynyň eksportyny duruzmagy ýaly wakalar energiýanyň importy boýunça diwersifikasiýa etmelidigi baradaky garaýyşlary täzeden güýçlendirdi.

Şeýle aladalary çözmek üçin ÝB-gi Azerbeýjanyň we beýleki birnäçe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigy gazyny Ýewropanyň merkezine eltmegi planlaşdyrýan 3,300 kilometrlik Nabukko proýektini goldaýar.

Şu ýyl ÝB-gi özüniň Ýewropa bilen Kaspiý meýdanynyň arasynda asfalt, turba we demirýol gatnawyny ýola goýjak “Günorta Koridor-Täze ýüpek ýoly” strategiýasyny yglan etdi.

Klementsiň pikirine görä, ÝB strategiýa taýdan başarnygynyň bardygyny görkezdi. Ýakynda Nabukko tranzit ýurtlarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyk bu
Bir gezek berlen zadyň soňra ýene örän tiz yzyna alnyp bilinýändigini-de unutmaly däl.
proýekti amala aşyrmagyň ýolunda ädilen ýene bir ädim boldy.

ÝB-niň Merkezi Aziýada alyp barýan şeýle syýasaty Merkezi Aziýa döwletleriniň Orsýet bilen söwdada öz elini giňeldýändigini görkezdi. Aprel aýynda Türkmenistanyň Orsýete gaz akdyrýan turbasynyň ýarylyp, bu ugurda eksportyň togtadylmagy-da muňa uly itergi berdi.

Şondan soň Türkmenistan Kaspiniň Türkmen tarapynda gözleg işlerini alyp barmak boýunça Germaniýanyň RWE kompaniýasy bilen ylalaşyga gol çekdi. Iýulda bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri energiýa barada gepleşik geçirmek üçin Waşingtona we Brýussele sapar etdi. Şeýle-de, iýul aýynda Türkmenistan öz tebigy gazyny Nabukko geçirijisi boýunça satjakdygyny mälim etdi.

Jeýms Nikseý bu ýagdaý hakdaky öz pikirini şeýle jemleýär: "Eger tendensiýalara üns bersek, meniň pikirimçe, şu wagt ösüşler we pese gaçmalar bar, emma onda-da biz özümizden hoşal bolup bileris. Gyrgyzlaryň Manasdaky howa bazasy baradaky kararyny oňyn tarapa üýtgetmegi, özbekleriň ümzüginiň ÝB-ne tarap gaýtadan öwrülmegi şeýle pikir etmäge esas berýär. Bu, elbetde, örän gowy zat, emma bir gezek berlen zadyň soňra ýene örän tiz yzyna alnyp bilinýändigini-de unutmaly däl."
XS
SM
MD
LG