Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklary boýunça döwlet komissiýasynyň jemgyýetdäki roly


Narodetski: "Entek döwlet, häkimiýetler we býurokratiýa raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün edýänçä olar näçe garaşmaly bolarlar?"
Narodetski: "Entek döwlet, häkimiýetler we býurokratiýa raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün edýänçä olar näçe garaşmaly bolarlar?"
Eýse, adam hukuklary boýunça döwlet komissiýasy näme bilen meşgullanýar we ol ýurt, has dogrusy, halk üçin näme iş etdi? Çünki raýatlaryň hukugyny goramak komissiýanyň esasy wezipesi bolup durýar.

Eýse, ýurduň adaty raýatlary bu komissiýanyň bardygyny berin duýýarmy? Eger olar duýýan bolsalar, onda nähili? Sebäbi, komissiýa prezidente iň golaý resmileriň biri, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär.

Kabul edilen ol ýa-da beýleki döwlet kararlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin başga çinowniklere garanyňda, Meredowyň täsir serişdesi has köp bolsa gerek. Eýse, onuň ministr hökmünde adam hukuklary bilen bagly problemalaryň çözgüdini tapmaly komissiýa täsir etmäge mümkinçiligi barmy? Elbetde, bu sowala kän ýyllap dünýäde döwrüň iň gazaply diktator režiminde ýaşan ýurtda jogap bermek kyn bolsa gerek.

Demokratik däl we ýakyn döwürdäki tejribesi ýaramaz ýurt bolan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça komissiýanyň ýurduň içindäki ýagdaýlara oňaýly täsir etmegi hakykatdanam mümkinmi? Komissiýanyň öňünde durýan wezipeler ondan köp zada garaşmalydygyny aňladýar.

Komissiýanyň wezipesi

Komissiýanyň wezipesi “Döwlet organlarynyň we dolandyryşynyň adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň boýun alan Halkara borçnamalaryny üpjün etmek ugrundaky işlerini koordinerlemekden ýbarat”. Bu ýerde her bir raýat üçin möhüm zatlar bar. Hut şu ugurda Adam hukuklary we demokratiýa boýunça milli institutda gürrüň edildi.

Daşary işler ministri Meredowyň sözlerine salgylanyp berlen habarlara görä, komissiýa kanunçylyga gözegçilik, adam hukuklary meseleleri boýunça degerli teklipleri etdi, dürli kanunlaryň taslamasyny ýazdy, Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada BMG-e we beýleki Halkara guramalary üçin hasabat taýýarlady. Eýse, bu işler adam hukuklary boýunça türkmenistanlylaryň edýän talaplaryndan we zeruryýetlerinden näçe uzakda?

Eýse, bu simwoliki işleriň ýene-de býurokratik dabaralara öwrülmegi mümkinmi? Ýogsa, şol işler has aktiw we anyk ädimleri talap edýär ahyry. Şeýle-de, adam hukuklary problemasyny netijesiz teoriýa öwürmek howpy abanmaýarmy? Eýse, adam hukuklary meselesini howaýy analizdir howaýy ekspertiza arkaly kagyz zaýasy çinownikçilik ugra gönükdirip, boş gürrüňe öwürmek howpy ýokmy? Ahyrynda reforma we problema öz wagtynda üns bermegiň deregine, kararlaryň gaýra goýlup, meseleleriň çözülmän galmagy mümkin dälmi?

Eýse, bu komissiýanyň işleriniň tizligi we sazlaşygy, aýdalyň, Türkmenistanyň türme sistemasy bilen bagly problemalaryň çözgüdini tapmaga laýykmy? Aslynda bu zatlar komissiýanyň haýsydyr bir peýdaly işi bitirmäge gyssanmaýandygy ýaly bolup görünmeýarmi? Belki-de, onuň wezipesi hiç zada howlukmazlykdyr? Eýse, bu adam hukuklary boýunça edilmeli işlere ters gelmeýärmi näme? Aslynda Türkmenistanda meseleler haýsy ölçegler boýunça çözülýär?

Entek döwlet, häkimiýetler we burokratiýa raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün edýänçä, adamlaryň näçe garaşmaklary mümkin we olar näçe garaşmaly bolarlar?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG