Birbada geň görünse-de, gitlerçiligiň we stalinçiligiň aýratynlykda hem bilelikde XX asyrda onlarça million adamynyň başyna ýetendigini ýatlasaň, kabul edilen dokumentiň adalatlydygy bilen ylalaşmazlyk kyn. Onda: ”XX asyrda Ýewropa ýurtlary iki sany läheň totalitar režimleri – nasizmi we stalinizmi – başdan geçirdiler. Bu döwürde adam hukuklary basgylandy, genosid, harby jenaýatlar we adamkärçiligiň garşysyna jenaýatlar edildi” diýilýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bu möhüm dokumenti kabul etmek bilen ähli ýurtlary nasizmiň we stalinizmiň nähak pidalarynyň hatyrasyny deň tutmaga we her ýylyň 23-nji awgustynda ol pidalaryň Hatyra gününi bellemäge çagyrýar. Nähak pidalaryň güni diýlip 23-nji awgustyň saýlanyp alynmagy tötänden däl. Ol 1939-njy ýylyň 23-nji awgustynda faşistik Germaniýa bilen stalinçilik SSSR-iň arasynda baglaşylan we soňy erbetlige ýazan dostluk paktyna gol çekilen senä gabat gelýär.
Iň masgaraçylykly şertnama
”Molotowdyr-Ribbentropyň pakty” ady bilen taryha giren bu ylalaşyk adamzat taryhynda iň masgaraçylykly şertnamalaryň biri hökmünde tanalýar. Şol ylalaşyga görä, gitlerçilik Germaniýa bilen stalinçilik SSSR birek-biregiň üstüne çozmazlyk, söwda we harby hyzmatdaşlyk baradaky dokumente gol goýýarlar. Şondan bary-ýogy bir hepdeden soň, 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Ikinji jahan urşy başlanýar, emma muňa garamazdan, tas iki ýyllap, tä 1941-nji ýylyň 22-nji iýunyna çenli, ýagny Germaniýa SSSR-iň öz üstüne çozýança, Stalin Gitlere galla, metal we beýleki strategik materiallary ibermegini dowam etdirýär. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, ýükli sowet otlularynyň iň soňkusy Germaniýa 1941-nji ýylyň 21-nji iýunynda, Beýik watançylyk urşy turmazyndan bary-ýogy bir gün öň ugradylypdyr…
Sowet taryhçylary öz wagtynda bu fakty Staliniň sowet halkyny abanyp gelýän gyrgynçylykly uruşdan gutarmak maksady bilen edendigini aýdyp, agzalan ylalaşygy aklamaga jan etseler-de, Ýewropa taryhçylary bu argumente aşa skeptik garap geldiler we oňa örän negatiw baha berýärler. Olar bu hyzmatdaşlygyň stalinizm bilen nasizmiň arasyndaky ruhy ýakynlygyň netijesidigini nygtaýarlar. Munuň iň aýdyň subutnamasy hökmünde-de günbatar taryhçylary ”Molotow-Ribbentrop paktynyň” esasynda Gitler bilen Staliniň Ýewropany özara paýlaşmagyny, Polşanyň iki bölünmegini, Baltika ýurtlarynyň SSSR tarapyndan basylyp alynmagyny görkezýärler. Beýik Watançylyk urşy başlansoň, Günbatar döwletleriniň gitlerçilik Germaniýa garşy Ikinji fronty juda gijikdirip açmaklarynyň esasy sebäbini hem günbatar taryhçylary iki tiranyň ozalky hyzmatdaşlygynyň, bilelikde ýöreden basybalyjylykly syýasatlarynyň Günbatarda döreden çuňňur nägileligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Ruhy ýakynlyklary paş edildi
Gitlerçilik režim bilen stalinçilk režimiň arasyndaky ruhy ýakynlyk hakda geçen asyryň ahyrlarynda, Üýtgedip gurmak döwründe SSSR-de köp ýazyldy we stalinçilik bilen gitlerçiligiň birek-birekden ylham alandyklary, adamlara we halklara zorluk etmegi öwrenendikleri paş edildi. Hatda ilkinji konslagerleriň hem SSSR-de döräp, Gitleriň bu elhenç tejribäni soň öwrenenligi subut edildi. Beýik rus ýazyjysy, Nobel baýragynyň laureaty A.Solženitsiniň dünýä belli ”GULAG Arhipelagy” kitabynda-da bu hakda faktlar ýeterlik.
ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň häzirki kabul eden dokumentiniň türkmen jemgyýeti üçin zerur ähmiýetiniň bardygyny, ýöne adamlaryň muňa doly göz ýetirmekleri üçin ilki stalinizmiň biziň halkymyzyň başyndan inderen külpetlerini faktlaryň üsti bilen jikme-jik düşündirmegiň zerurdygyny unutmaly däl. Eger-de Türkmenistanda 23-nji awgust stalinizmiň we faşizmiň nähak gurbanlarynyň Halkara hatyra güni diýlip, resmi taýdan yglan edilse, halk köpçüliginiň ony goldajakdygyna-da, bu çärä gatnaşjakdygyna-da ynansa bolar. Sebäbi, beýleki milletleriňki ýaly, türkmeniň hem iň gowy ogul-gyzlarynyň ýüzlerçe müňüsi bu agzalan iki sany aýylganç totalitar ýuwdarhanyň nähak pidalary boldular.
Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.