Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çözülmedik dawa we gazanylmadyk ýeňiş


Narodetski: "Häzir serhetlerde Nyýazow praktikasy dowam edýär. Bu bolsa, Berdimuhamedowyň çözmekçi bolýan meseleleri bilen çapraz gelýär."
Narodetski: "Häzir serhetlerde Nyýazow praktikasy dowam edýär. Bu bolsa, Berdimuhamedowyň çözmekçi bolýan meseleleri bilen çapraz gelýär."

Ýakynda Türkmenistanyň we Azerbeýjanyň wekilleri Bakuwda Hazar deňzi bilen bagly dawaly meseleler boýunça üç günlük gepleşikler geçirdi. Bu köp ýyllaryň dowamynda iki tarapyň ikiçäk geçiren ilkinji gepleşikleridir.

Gatnaşyklar şeýle bir dartgynlydy, taraplaryň resmi wekilleri giň regional hem-de halkara forumlarda duşuşyp bilýärdi. Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenistana baştutanlyk eden ýyllary gatnaşyklar has-da ýitileşipdi. Ol ýagdaýy şeýle bir derejä ýetirdi, Bakuwdaky Türkmenistanyň ilçihanasany ýapdy. Bu bolsa Hazaryň hukuk durumy-statusy boýunça azda-kände ýakynlaşmaga, maslahatlaşmaga ýol, mümkinçilik goýmaýardy.

Hut şu çözülmedik mesele jedele goşulýan ýurtlar arasynda aýratyn dartgynlylyk döredip, ol territorial dawalara baryp ýetýärdi. Bu ýerde jedel diňe suwy paýlaşmak barada däl, Hazar deňziniň düýbi boýunça çägi belli etmek hem onuň aşagyndaky baýlyklar barada.

Orsýetden sowa NABUCCO turbasyny gurup, Ýewropany gaz bilen üpjün etmek ideýasy döränsoň, Hazaryň statusy şol proýekte garşy çykýanlar üçin gural bolup hyzmat etdi. Hazaryň hukuk durumynyň çözülmändigini soňky aýlar Orsýet tarapy ençeme gezek dile getirdi. NABUCCO proýektini heniz gurulmanka jaýlamak üçin status problemasynyň çözüp bolmajak mesele, geçip bolmajak päsgelçilikdigini ýaňzytdy.

“Moskwada begenip duranoklar”

Türkmen-äzeri gatnaşyklarynyň öňki sowuklyk ýagdaýyndan çykmagyna Moskwada begenip duranoklar. Olar iki ýurduň gatnaşyklarynda maýylganlyga garaşmadyk bolsa gerek. Çünki Nyýazow onlarça ýyllap Hazar boýunça Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda umumy dil tapyşmaga jinnek ýalam umyt goýmandy. Indi ýagdaýlar ütgeýär. Eger şeýle bolsa Hazar deňzini kommersiýa maksatlary üçin ulanmak meselesinde türkmen-äzeri birligi Orsýeti azlyk topara goşup biler. Bolmagy mümkin, ýakyn geljekde çala göze ilýän türkmen-äzeri bilelikedäki hereketleri türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagyny çaltlandyryp biler. Munda Orsýete garaşlylyk aýrylar.

Munuňam üstesine Orsyet bilen Azerbeýjan ABŞ, Ýewropa Birleşigi ýaly kuwwatly hyzmatdaşlaryň diňe bir syýasy däl, maliýe goldawyny hem duýar. Uly syýasatda, amal ediljek dürli strategik planlarda, proýektlerde hem Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ýönekeý graždanlary öz şahsy peýdasyny duýmaklary hökman. Mundan Türkmenistan üçin ozaly bilen göze iljek, peýda boljak zat Nyýazowyň diktaturasynyň döreden izolýasiýasyndan, daşary dünýä bilen üzňelikden dynmaga tarap ediljek böküş bolar.

Garaşylýan pursatlar

Agzalan ýurtlaryň graždanlarynda daşarky dünýä bilen gatnaşyklara mümkinçilikler artar. Döwlet islese-islemese gulp asylan serhetler meselesini çözmeli bolar. Iru-giç türkmenleriň özleriniň hem daşary ýurtlylaryň serhedi geçmek işini ýeňilleşdirmeli bolar. Häzir serhetlerde Nyýazow praktikasy dowam edýär. Şol ýagdaý hem Berdimuhamedowyň yglan edýän hem-de çözmekçi bolýan meseleleri bilen çapraz gelýär. Serhet düzgünleri çözülse, ol özi bilen ýurduň içinde başga-da köp özgerişler döreder, ol ahyrky netijede täze galkynyşa etmäge Türkmenistana ýardam eder.

Bakuwda göni gepleşikleriň başlanmagy türkmen-äzeri gatnaşyklarynda maýylganlyk prosessiniň başlangyjy bolmak bilen ol iki ýurt arasynda gatnaşyklaryň giňelmegine alyp geler. Birinji tapgyrda anyk ylalaşyk gazanylmadyk hem bolsa, pozisiýalary biri-birine ýakynlaşdyrmak başartmadyk hem bolsa, goňşy ýurt bilen umumy dil tapyşmak ideýasyndan türkmen prezidenti ýüz öwürmeýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň soňky hökümet maslahaty şu meselä bagyşlanypdyr. Prezident halkara ýuridik ekspertiza esaslanmak, barlaglaryň netijelerini Halkara arbitraž suduna bermek kararyna gelipdir. Başgaça aýdylanda türkmen tarapy Azerbeýjan bilen belli bir barlyşyga taýýar. Eger bu kompromis başa barsa, iki ýurt arasyndaky serhet harby obýekt bolmasyny bes eder. Goňşular arasyndaky duşmançylygyň ýok edilmegi, bu döwletleriň özi üçin hem, graždanlary üçin hem uly ýeňiş. Ol dünýä açylan ýene bir penjire, çaklaňja hem uly azatlygyň penjiresi.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG