Bu gurluşlar onuň öz döreden edaralary däl, öz üstünden kontrollyk edýärmikä diýen düşünje prezidenti şeýle herekete getirýän bolaýmasyn?
Prokuratura, Içeri işler ministrligi, režimiň atasy Nyýazow tarapyndan ýyllaryň dowamynda berkidilen howpsuzlyk sistemasy –bularyň ählisi diktatoryň howandarlygynda ösdi, azdy, edenini etdi.
Ýapyklyk we gorky
Ol döwlet sistemasyny döredende, ýapyklyk, adamlarda gorkyny saklap galmak, ornaşdyrmak prinsipini oňat binýat edip goýdy. Munuň şeýledigine hiç kimde şübhe bolmaly däldi, ýurt tutuşlygyna ýapylypdy. Ýurt baradaky maglumatlar hem ýapykdy. Hat-da iň ýönekeý statistiki maglumatlar: ýygnalan pagta, gawun baradaky maglumatlar hem strategiki ýapyklyga sezewar edildi. Olaryň ýerine diktatora gerek sanlar çap edilýärdi, elbetde olar hakykatdan juda daşdy.
Ähli maglumatlar ýapyklyk eleginden geçirilýärdi. Bu ýapylykda gizliniň gizlini, syryň syry – güýç ulanyjy gurluşlar bolup galýardy. Ol ýerde nämeler edilýär, Nyýazowyň syrkaw kellesinde ar alayjy, jeza beriji nähili nobatdaky aksiýalar döredi? - muny bilýän ýokdy. Döwletiň içindäki döwlet şeýle bir berk ýapylypdy, şolar organlaryň içinde bolup geçýän käbir zatlary ony döredeniň özi-Nyýazow hem ep-esli wagt geçenden soň bilip galýardy.
Belki şonuň üçindir, Berdimuhamedow wagtal-wagtal üsti syrlar örtgüsi bilen berk ýapylan sistemada tertibe getiriji gözegçilikler gurnaýandyr? Şol organlaryň ýolbaşçylarynyň doly çalşyrylmagy barybir olaryň üstünden doly gözegçilige mümkinçilik bermeýär. Ýerlerde hemmesi bolmasa-da, kadrlaryň köpüsi Nyýazow döwründen galan adamlar. Olar Türkmenbaşa köre-körlük bilen wepaly bolmaga öwrenenler. Olar täze ýolbaşçylara-da şol wepalylygy saklaýarlarmy?
Prezidentiň adresine suwjuk, ýaranjaň sözleri aýtmak, öňünde epilmek Türkmenistanda däbe öwrüldi. Eýsem bu däbiň berjaý edilmegi tüýs ýürekden oňa wepalylygy aňladýarmy? Şol hereketleri bilen köne kadrlar özleriniň öňki eden pyssy-pujurlyklaryny, professional taýdan gowşaklygyny ýa-da işe ýaramly däldigini ýaşyrmak isleýärmikä? Diwarlary galyň, elhenç güýç ulanyjy organlaryň içinde nämeleriň bolup geçýändigini kim bilip biler?
“Iň ýapyk edaralaryň biri türmeler”
Şol edaralardan hakyky, dogruçyl maglumatlar juda seýrek syzýar. Döwlet sistemasynda iň ýapyk edaralaryň biri - türmeler. Diktator döwründe ýygnalan, türmä salynan ýesirler nähili bela-beterleri başdan geçirýärler? Galyňdan-galyň diwarlardan käwagt maglumatlar daşyna syzyp çykýar weli, olary hiç kim tassyklap hem, inkär edip hem bilenok.
‘Türkmen türmesiniň elhenç režimine önki baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa döz gelip bilmändir’-diýen maglumatlar bar. Öz wagtynda bu hanym Nyýazowyň halamaýan adamlaryndan rehimsizlik bilen ar alypdy. Yzyndan hem Nyýazow onuň özüni gözenegiň aňyrysyna geçiripdi.
Oppozisiýa wekili Boris Şyhmyradowyň ykbaly bilen bagly ýagdaý tüm garaňky. ‘Ol diri dälmiş’- diýen ýaly gürrüňler her wagt peýda bolýar. Şyhmyradow barada köpden bäri hiç hili resmi maglumatyň ýokdugy ýone ýerden däl bolsa gerek. Boris Şyhmyradow bilen aragatnaşyk ol tussag edilen badyna kesildi, şondan bärem ýok. Nyýazowyň islegi bilen türme gözegçileriniň Şyhmyradowa nämeler eden bomagynyň mümkindigini diňe hyýalda aýlamak mümkin.
Şol ýerine ýetirijileriň şu günki günem şol sistemada işleýän, adamçylyga sygmaýan ýowuz işlerini dowam etdirýän bolmaklary mümkin. Şunuň bilen baglanyşykly köp sanly halkara synçylary: ‘Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Galkynyşlar atlandyrýanyny, prinsipde, Türkmenistanyň güýç ulanyjy gurluşlary nähili kabul edýärkäler?’- diýen soragy berýärler.
Ol nä derejede Goşuna, IIM-ne, Prokuratura, howpsuzlyk organlaryna degişli? Sanalan edaralar demokratiki gymmatlyklary we standartlary hasaba almak bilen oňyň özgerişlere we reformalara ukyplymy? Bu ägirt uly güýç ulanyjy apparat jemgyýeti gorkuzmak praktikasyndan-işinden yza çekilmäge taýýarmy? Olar türkmenleriň elhençlikden gutulyp, garaşsyzlygyna eýe bolup, ony özlerinde saklamagy ýaly möhüm meselä ýakynlaşyp bilermi?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.