Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçilik döwlet ýekeçiligine garşy...


ÝHHG we Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi tarapyndan gurnalan ekerançylykda işi dolandyrmak boýunça forum wagtynda, 6-njy aprel 2009 ý.
ÝHHG we Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi tarapyndan gurnalan ekerançylykda işi dolandyrmak boýunça forum wagtynda, 6-njy aprel 2009 ý.

Köp aýlaryň dowamynda timarlamalardan, elekden geçirmelerden soň ýurduň ýolbaşçylary Mejlis bilen bilelikde köp garaşylan “Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy baradaky” kanun proýektini tamamlady.

Bu kanun proýekti barasynda geçen hepdäniň bäşinji güni hökümet maslahatynda Mejlisiň başlygy Nurberdiewa habar berdi. Türkmen ykdysadyýetiniň hususy sektoryny ösdürmek ideýasy köp sanly kynçylyklary başdan geçirmek bilen diýseň haýal depginde durmuşda amala aşmaga tarap ýol açaýar.

Türkmen jemgyýetindäki özüne bolan ynamsyzlygyň, umumy gorkynyň derejesi şahsy inisiatiwalary has güýçli hem aktiw ösdürmäge zerurlygyň bardygyny görkezýär.

Ýurduň içinden berilýän habarlar akymynda ykdysadyýetiň döwlet sektorynyň ösüşi barada aşa köp maglumatlar bar. Täze döwlet myhmanhanalary, muzeýler, çagalar baglary, çörek bişirýän zawodlar we şuňa meňzeş obýektler bina edilýär. Amyderýanyň üstünden köpri gurulýar, Hytaýa çekilýän gaz turbasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bularyň ählisi döwlet proýektleri, olara häkimiýetler gözegçilik edýär.

Telekeçiligiň hususy sektory nähili ösýär? Bu sektoryň problemalary barasynda welin juda az maglumat berilýär. Köplenç hiç-hili maglumat ýok. Olary ýerli we paýtagt çinownikleriniň eden-etdiliklerinden döwlet nä derejede goramaga ukyply? Ýa-da çinownikler armiýasy gözegçilik edijiniň, barlagçynyň, jeza berijiniň rolunda telekeçileriň üstünden öz agalygyny dowam etdirip, döwlet salgydy görnüşinde ýa-da il içinde aýdylyşy ýaly “para” görnüşinde pul alýarmy?

Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän çykyşlaryndan durmuşy täzeçe gurmaga, döredijilikli inisiatiwalar hödürlemäge watandaşlaryna çagyryşlary okamak mümkin.

Şahsy inisiatiwanyň ähmiýeti

Şahsy inisiatiwa bolmazdan adamlaryň höwesini hem gatnaşygyny hiç zat bilen galdyryp bolmaýandygyny dünýä praktikasy ýüzýyllyklar bäri subut edip gelýär. Her bir adamyň öz öňünde, öz ýakynlarynyň, döwletiň öňünde şahsy jogapkärçiligi bolmaly. Eger bäsdeşlik şertleri bolmasa, ykdysadyýetiň döwlet sektory hiliň aladasynam etmez, hakyky ösüşe-de eýe bolmaz, ösmez.

Şu günki gün Türkmenistan dünýäde gaty seýrek ýurtlaryň biri hökmünde uly, orta hem kiçi biznesi öz monopoliýasynda saklap gelýär. Içerki bazarda döwlete bäsdeş ýok, bir özi, sportda bolşy ýaly bäsdeşlik bolmasa, täze rekorda garaşyp oturasy iş ýok.

Döwlet sektory diňe ýolbaşçylaryň gözegçiliginde hereketini dowam etdirýär. Hususy sektor welin hemişe ýaşaýşyň täze, häzirki zaman hem netijeli ýollaryny agtarýar, olary tapýar hem ornaşdyrýar. Hususy telekeçilikdäki adamlar gowy gazanmak, gowy ýaşamak üçin has janly hereket edýärler, gijesini gündiz edip işleýärler. Muňa olary öz hususy işi, telekeçiligi iterýär.

Şahsy inisiatiwany janlandyryp, Türkmenistanda jemgyetçilik we ykdysady şertleri gowulandrmak boýunça nähili ädimler ädilýär? Mejlisiň taýýarlan proýekti täze kanuna öwrülermi? Ol hususy telekeçilige itergi berip, ony döwlet sektorynyňky ýaly hukuga eýe edermi? Nyýazow döwründäki ýaly barja zady döwlet tarapyndan elinden alynmajakdygyna adamlar ynanarmy?

Häzirlikçe häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda howandary bar adamlar ýa-da soňuny saýman töwekgellige ýüz urýanlar hususy eýeçilige gelýärler. Şol toparlaryň ikisi-de başyny etegine salýar. Telekeçileriň galan köplügi welin beýle ädimden çekilýärler, kellesini döwlet aýpaltasynyň aşagynda goýmak islemeýärler.

Nyýazowyň garaňky, gara döwründen soň döwlet öz watandaşlarynyň hakyky ynamyny gazanyp bilermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG