Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa giden ýollar we çözgütler


Begmedowa: "“Ýurtda korrupsiýany ýok etmek üçin türkmen resmileriniň ýörite güýçli pozisiýasy bolmaly.”
Begmedowa: "“Ýurtda korrupsiýany ýok etmek üçin türkmen resmileriniň ýörite güýçli pozisiýasy bolmaly.”

3-nji iýulda prezident Gurnanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky maslahatynda ýene-de bilim pudagyndaky nogsanlyklaryny tankytlady.

Masalahtda çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory Hojamyradow Türkmen Milli Dünýä Diller Institutynyň rektory Aýna Gurbannyýazowanyň gös-göni gatnaşmagynda para alynanlygy bilen bagly ýagdaý barasynda hasabat beripdir. Gurbannyýazowanyň ýakyn dostlary bolan gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň dekany Öwezowanyň, rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Esenmyradowanyň arasyndaky jenaýatçylykly dildüwşük barada aýdylypdyr. Olar şu ýyl instituta okuwa ýerleşdirmegiň kepili hökmünde 8 adamdan jemi 119 müň amerikan dollaryna barabar para alypdyrlar.

Ekspertleriň garaýşy

Gyrgyzystanyň rus-slawýan institutynyň dosenti Bekbosun Borubaşewiň sözlerine görä, beýle problemany hem Türkmenistanyň hem Gyrgyzystanyň prezidentleriniň gozgamagynyň esasy sebäbi bu şu günüň aktual problemasydyr. “Ýaşlara döwrebap bilim bermek - geljegiň aladasyny etmekdir.”
Ýaşlara döwrebap bilim bermek - geljegiň aladasyny etmekdir


Özbegistanly jemgyýeti öwreniji Kamron Aliýew bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň korrupsiýa baradaky soňky tankydyny dogry diýip hasaplaýar. “Sebäbi Merkezi Aziýa respublikalarynda serhet çyzyklaryna garamazdan umumy ýagdaý biri-birine meňzeş. Korrupsiýa Merkezi Aziýanyň her bir döwletinde bar. Meselem Özbegistanda hem ýokary okuw jaýlarynda studentlerden para alynýandygyny, olara ynsap bilen bilim berilmeýändigini aýtsa bolar” diýip Aliýew belleýär. “Egerde parahorlyga garşy göreşi Gurbanguly Berdimuhamedow başlan bolsa bu gaty gowy başlangyç. Diýmek goňşy ýurtlaryň prezidentleri hem şondan görelde almaly.”

Bekbosun Borubaşewiň sözlerine görä, Merkezi Aziýada korrupsiýanyň giňden ýaýramagynyň birnäce sebäpleri bar. Birinji sebäp bu ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryna zähmet hakynyň ujypsyzdygy, ikinjiden orta mekdeplerde okuwçylara berilýän bilimiň derejesiniň pesdigi.

Çözgütler

Ynsan hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Toparynyň başlygy Täjigül Begmedowa, bu problemanyň sebäbini ýurtda kanunyň işlemeýändiginden görýär we bu problemanyň öňüni almak üçin jemgyýetiň aktiw bolmalydygyny nygtaýar. “Ýurtda korrupsiýany ýok etmek üçin türkmen resmileriniň ýörite güýçli pozisiýasy bolmaly.”

Dosent Bekbosun Borubaşew bu problemanyň öňüni almak üçin ilki bilen ýurtda hukuk bazasynyň bolmalygydygyny, ikinjiden mugallymlaryň zähmet hakynyň ýokarlanadyrylmagyny, üçünjiden ýokary okuw jaýlaryna işgärleriň konkurs esasynda alynmalydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG