Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa meselesi ýiti ýaňlandy - indi näme etmeli?


Narodetski: "Diňe garaşsyz, azat-erkin metbugat býurokratlaryň, çinownikleriň terip-düzgüne boýun bolmagynda döwlete ýardam edip bilýär."
Narodetski: "Diňe garaşsyz, azat-erkin metbugat býurokratlaryň, çinownikleriň terip-düzgüne boýun bolmagynda döwlete ýardam edip bilýär."

Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna kabul ediş kampaniýasynyň başlanmagy bilen bagly ýurtda korrupsiýa meselesi ýiti ýaňlandy. Jogapkär işgärleriň hatarlaryny arassalamak, sanitaryň wezipesini ýerine ýetirmek ýüki ýene-de prezidentiň gerdenine düşdi. Hamana ikinji derejeli işler bilen meşgullanar ýaly onuň başga aladasy ýok ýaly…

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky maslahatynda ele düşen korrupsionerler bilen bagly ýene-de tertip-düzgün meselesi öňe saýlanyp çykdy. Milli dünýä dilleri institutynda üsti açylan jenaýat, parahorluk barasynda Baş prokuror Çary Hojamyradow hökümet maslahatynda gürrüň berdi. Ele düşenleriň arasynda institutyň rektory Aýna Gurbannyýazowa-da bar. Ol özüniň ýakyn kärdeş dostlarynyň kömegi bilen okuwa girmek islän birnäçe okuwçydan 120 müň töweregi amerikan dollaryny alypdyr. Gurbannyýazowanyň şunuň ýaly goşmaça gazanjy ýeke gezek edendigini göz öňüne getirmek kyn.

Türkmenistanyň beýleki köp sanly döwlet edaralarynda-da şunuň ýaly galplyklaryň edilmeýändigine kim ynanar?

Ministrler Kabinetiniň maslahatynda ýene bir rektor - Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory M.Durdyewa bilen hem hoşlaşdylar. Akademiýanyň mugallymlarynyň köpüsi esli wagt bäri akademiýany hut özüniň şahsy emlägi ýaly görýän hem dolandyrýan Durdyýewanyň üstünden şikaýat edýärdiler.

Bilim sistemasyndaky ýagdaýlar barasynda ýurt baştutanyna gelýän signallaryň ählisini hasaba almak bilen, prezident ýagdaýyň çydamsyzdygyny ykrar etdi hem bilim ministrini çalyşdy. Şunuň ýaly arassalaýyş işlerini geçirmek bilen Berdimuhamedow korrupsiýanyň öňüne geçmäge synanyşýar. Mundan netije bolarmy? Ol gaty uly sorag.

Köne tejribeler

Öz döwründe Saparmyrat Nyýazow hem häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda günä, ogurlyk eden çinownikleriň emini berýärdi. Saparmyrat Nyýazow olary häli-şindi Ministrler Kabinetiniň maslahatyndan göni türmä ýollaýardy. Köpçüligiň içinde olary uly ile masgara edýärdi. Köp ýyllap Türkmenistanyň Baş prokurory bolan Gurbanbibi Atajanowany Nyýazowyň masgaralaýşy türkmenistanlylaryň ýadynda bolsa gerek. Ol telewideniýe arkaly baş prokuroryň etmişlerini paş etdi, kasamlar, gözýaşlar, aman sorap ýalbarmalar hökümdaryň ýüregini ýukaldyp bilmedi. Şondan soň o hanymy gören ýok. Belki-de, gözenekden aňyrda jezasyny çekýändir.

Ýöne uly iliň gözüniň alnynda gurulýan bu paş ediji tomaşalar garaşylýan netijäni bermedi. Şeýle usul bilen Amerikada-da, Eýranda-da, Sowet Soýuzynda-da korrupsiýanyň ganly ýarasyndan gutulyp bilmändiler. Terror hem rehimsizlik iş ýüzünde peýda getirmeýär.

Korrupsiýa garşy nobatdaky göreş kampaniýasynda talabyň, gysyşyň güýçlendirilmegi paranyň möçberini artdyrýar. Çünki töwekgellik bazarynda ýagdaýyň ýitileşýändigi dünýä praktikasynda görlen zat. Korrupsiýany agyzdyryklaýan, onuň örüsini daraldýan, hat-da gysyp çykarýan, synagdan geçen birnäçe faktor bar.

Hususylaşdyryş we erkin metbugatyň roly

Şolaryň birinjisi erkin hususy telekeçiligi aktiw ösdürmek. Bazar ykdysadyýetinde her kim öz edýän işine jogapkär, korrupsiýa bolsa ösüşe aýakbagy bolýar. Şonuň üçin bir döwürde bazar ony ýuwudýar.

Ikinji usuly - köpçülikleýin habar serişdeleri. Ol azat dünýäde häzir Türkmenistanyň prezidentiniň mejbury ýagdaýda edýän işlerini ýerine ýetirýär. Diňe azat metbugat, garaşsyz telewideniýe jemgyýetdäki her hili gyşarmalary, nogsanlyklary heniz düwünçekdekä yzarlap bilýär. Diňe garaşsyz, azat-erkin metbugat býurokratlaryň, çinownikleriň terip-düzgüne boýun bolmagynda döwlete ýardam edip bilýär.

Eger prezidentiň gözegçilerden ybarat ägirt uly apparaty bolaýanda-da, tutuş jemgyýetiň tertibine kontrollyk edip bilmez. Bu ýerde sistema döretmek gerek, şol sistemada jemgyýetiň özi biriniň görkezmesi, tabşyrygy bilen ýaşamaz-da, öz-özüňi gurnamak prosessine gatnaşar. Erkin metbugatsyz, hususy inisiatiwasyz korrupsiýa prezidentiň juda ýakyn töwereginde-de özüne ýol tapar.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG