Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyr Saparmyrat Öwezberdi bilen hoşlaşyk


Hally: "Ýöne her niçik ýagdaýda-da, Watandan bir zady gaty görüp bolmaýar. Nirede bolsaňam oňa hyzmat etmeli. Saparmyrat Öwezberdi hem mümkinçiliginiň boldugyndan hyzmat etdi."
Hally: "Ýöne her niçik ýagdaýda-da, Watandan bir zady gaty görüp bolmaýar. Nirede bolsaňam oňa hyzmat etmeli. Saparmyrat Öwezberdi hem mümkinçiliginiň boldugyndan hyzmat etdi."

Biziň hoşgylaw ýoldaşymyz, şahyr hem terjimeçi, “Azatlyk” radiosynyň öňki habarçysy Saparmyrat Öwezberdi dünýäden ötdi. Şeýdip, XX asyryň 2-nji ýarymyndaky türkmen medeniýetiniň bir ýyldyzy bakyýete süýndi.

Saparmyrat Öwezberdi bilen bir şahyrana dünýq, täsin ýatlamalar toplumy, sungat wekilleri baradaky janly ensiklopediýa ýitdi. Bu duýdansyz ýitgi boldy. Aslynda Saparmyradyň özi ýaşan ömründen kaýyldy. Beýle kaýyllyk örän az adamda duş gelýär.

Mundan üç-dört ýyl owal Saparmyrada bir goşgy ýazmagy maslahat beripdim.

- Gündogarda şeýle pähim bar: “30 ýyl okasaň, 30 ýyl dünýäni gezseň, 30 ýyl hem oturyp kitap ýazsaň” diýipdirler. Sen 30 ýyl okansyň. Dünýäni gezmek kemini hem goýmadyň. Ýeriň o çetinden beýleki çetine çykdyň. Indi 30 ýyl oturyp, kitap ýazaýmak galdy – diýdi.

- Meniň 30 ýyl ýaşamak niýetim ýok – diýip, ol muňa garşy çykdy. – Gara Seýitli 51 ýaşynda öldi. Mämmet Seýit 60-da gitdi. Kerim Gurbannepes 60-a hem ýetmedi. Men 60 ýaşasam razydym. Ine, ondan geçip gitdim.

Şeýlelikde, ol bu dünýäde iň gymmat, iň arzyly zat ynsan ömri – şony hem ilden artyk aljak bolmady.

Ýöne soňky döwürlerde Watany gaty köp küýseýärdi. Meniň bilen gürrüňdeşliginde esasy sözi “Watan” bilen “Alla” boldy. Ol diri gezip ýörmegine çäksiz şükür edýärdi.

- Geçen hepde himiki bejergi aldym. Şondan soň özümi gaty ýaramaz duýdum. Ölermikäm öýtdüm. Ölmedim. Alla meni ýalkady. Demimi berdi – diýip şükürler edýärdi.

Ol Waşingtonda bir arap ýigidine duşanyny aýtdy.

- Onuňam men ýaly üç ogly bar ekeni. Maňa ýuwaşlyk bilen Elhem (Fatiha) süresini okap berdi. Soňundan hem aglady – diýdi.

Bizde “ol öljegini öňünden bilipdir” diýen söz bar. Aslynda, ýaşy bir çene baran adamlaryň arasynda öljegini bilmeýäni ýok bolsa gerek. Ýöne gep takdyryň nähili boljagynda.

Saparmyrat Öwezberdi şeýle diýdi.

Ýamanlyk etmediň

Ýamanlyk etmediň, ýagşylyk etdiň,
Herki zadyň çägi bardyr, gaýra dur.
Käler ýagşylygňa wagşylyk etdi,
Golaýlaşma,“Käleriňden” aýry dur.

Besdir indi, merhumlarny syladyň,
Ýeke janyň peşgeş berme hemmäge.
Kişi üçin öz-özüňi gynama,
Gabyrstana geljek ýokdur gömmäge.

Adamzadyň tebigaty şeýledir,
Ýagşylygňy diňe Alla bilýändir.
Biri bir tüýslüdir, biri beýleräk
Eden ýagşylyklaň gaýdyp gelýändir.


Saparmyrat aslynda ownuk-uşak zatlary göwnüne almazak, ýüreginde kine götermezek adamdy. Onuň şu häsiýetinden peýdalanyp, gaty gödek degişýän adamlary gördüm. Eger hyltsyz degişme bolsa, Saparmyrat bir manysyz gülmek bilen jogap berýärdi. Emma oňa unudyp bolmajak sözleri hem aýdýardylar. Muny, elbetde, gaty görýärdi. Käteler ýatlaýardy. Soň içine sygman ýazyp başlady. Elbetde, olar efirde gitmedi. Ýöne bu günki gün şolardan iň bolmanda bir gysgajyk goşgyny ýatlamak gerek.

Syrtlan

Syrtlan-a syrtlan bor, adamam adam.
Syrtlana meňzeýän adam gördüm men.
Durmuşyň ençeme şarpygyn dadan
Dostunyň ömrüni gäden gördüm men.

Ol goşgy ýazmagy diýseň halaýardy, ondan lezzet alýardy. Poeziýa onuň diriligi hem oňa şatlyk berýän çeşmedi.

Ol halk içinde şahyr hökmünde tanalýardy. Onuň ençeme goşgularyna belli kompozitorlar aýdym döredipdiler.

Ýurt Garaşsyzlygyny alandan soň, Saparmyrat Öwezberdi “Azatlyk” radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy boldy. Onuň hyzmaty diňe bir gündelik täzelikleri “Azatlyga” berip durman, eýsem ýurtda demokratiýanyň ýol almagy ugrunda alada etdi. Ençeme hakykatyň üstüniň açylmagyna kömek berdi. Bir mysal; 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda demokratik özgerişlikleri talap edip köçä çykanlaryň ýaýradan çagyryşlaryny diňe Saparmyrat Öwezberdi okap, halk köpçüligine ýetirdi.

Biz golaýda Saparmyrat Öwezberdiniň 70 ýaşyny belledik. Elbetde, mundan öň onuň 60 hem 50 ýaş toýlary-da bolupdy. Emma ol hiç bir resminiň ýadyna düşmedi. Arada belli rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko Praga şäherinde bolanynda, özüniň 70 ýaş ýubileýiniň Moskwanyň Olimpiýa stadionynda bellenendigini, oňa 13 müň çemesi tomaşaçynyň gatnaşandygyny guwanyp gürrüň beripdi. Elbetde, ol uly şahyr, özem uly halkyň wekili. Bizde, goý, Saparmyradyň ýubileýine 2 müň tomaşaçy baraýsyn. Bu nähili ýakymly hem gowy duşuşyk bolardy. Ýogsam bolsa, ol döwürler Saparmyrat Öwezberdi hökümet bilendi.

Gynansak-da, bizde şahyra asla hormat goýulmaýar. Gaýtam olary ýurtdan gaçyp çykmaga mejbur edýärler. Ýöne her niçik ýagdaýda-da, Watandan bir zady gaty görüp bolmaýar. Nirede bolsaňam oňa hyzmat etmeli. Saparmyrat Öwezberdi hem mümkinçiliginiň boldugyndan hyzmat etdi. Elbetde, onuň dymmaga mejbur bolan pursaty hem az däldi. Şonuň üçinem onuň hyzmatyny kesgitlemek geljegiň işi.

Biz bolsa sözümiziň ahyrynda Saparmyradyň bir haýyşyny bitirmekçi. Ol ýan ýoldaşy Oguldurda bagyşlan goşgusynyň efire berilmegini birnäçe gezek sorapdy.


Kaktus

Ýüz ýyldan bir gezek kaktus güllärmiş,
Kaktus damarlarny çyga öllärmiş.
Kaktusy suwarýaň günde bir gezek
Senem gülleýärsiň ýylda bir gezek.

Kaktusyň watany uzak Meksika,
Kaktus watanynda şeýle mesmikä?
Onuň täze öýi – meniň öýümdi,
Bu ýerlerde şindem kaktus küýümde.

Sen bolsa yhlasyň çeşmä öwrüp,
Kaktusa watanny zarlatmaýarsyň.
Kaktus tikenlerini teşnä öwrüp,
Hor boljak bolsa-da horlatmaýarsyň.

Menem jyda düşdüm eziz Watandan,
Ykbalym kaktusyň ykbalna meňzeş,
Aralyk ýurdumdan diýseň juda daş,
Hut özümem kaktus bilen ykbaldaş.
XS
SM
MD
LG