Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kime hyzmat edildi, nämä hyzmat edilmeli?


Narodetski: "Wagşy formanyň gitse-gelmeze gitmegi bilen, onuň wagşy mazmuny-da häzir ýok boldy diýip tassyklap bolarmy?"
Narodetski: "Wagşy formanyň gitse-gelmeze gitmegi bilen, onuň wagşy mazmuny-da häzir ýok boldy diýip tassyklap bolarmy?"

Geçen hepde Türkmenistanyň prokuraturasy, döredilmeginiň 17 ýyllygyny belledi. Bu edaranyň öňünde nähili çözülmeli meseleler bar?

Bu edara döredilip, aýak üstüne galan döwründen başlap çylşyrymly ykbaly başdan geçirdi. Işläp başlan ilkinji günlerinden 15 ýylyň dowamynda Nyýazowyň režimine köre-körlük bilen hyzmat etdi. Prokuratura ruhy nähoş diktatora gulak asan, onuň her bir tabşyrygyny gyşarnyksyz ýerine ýetiren edaralaryň biridi. Gazaply hökümdara Türkmenbaşy diýmäge, oňa mukaddes adam hökmünde sejde etmäge Türkmenistanyň ähli graždanlaryny diýen ýaly mejbur eden rehimsiz gural bolup, prokuratura hyzmat etdi. Iki ýarym ýyl gowrak mundan öň diktator dünýäsini täzeledi, türkmen jemgyetinden ýitirim boldy.

Indi Nyýazow sypatynda Türkmenbaşy ëk. Wagşy formanyň gitse-gelmeze gitmegi bilen, onuň wagşy mazmuny-da häzir ýok boldy diýip tassyklap bolarmy? Tutuş prokuratura sistemasy iň ýokary başlygyndan tä iň aşakdaky ýönekeý işgärlerine çenli ählisi robotlarlar ýaly Nyýazowyň görkezmelerini we buýruklaryny ýerine ýetirýärdiler. Türkmenistanda öz hökümdarynyň nähili ahlagynyň, gylyk-häsiýetiniň bardygyny, hemmelerden prokuratura işgärleri gowy bilýärdi. Her bir özbaşdak, oýlanyşyksyz ädilen ädimiň, her bir özbaşdak gelnen netijäniň özleri üçin nähili betbagtçylyk getirjekdigini olar duýýardylar. Munuň sebäbi ýurtda kanunyň hemme zatdan ýokary durmagynyň ýerini, nähoş bir adamyň häli-şindi üýtgäp duran, her tarapa öwsüp duran keýpi eýeläpdi. Şonuň üçin Türkmenistanda prokuratura, gorkuzmak, adamlary sesi çykmaz ýaly etmek hyzmatyny ýerine ýetirýärdi.

Prokuraturanyň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlag hatynda, Türkmenistanyň prezidenti prokuratura işgärleriniň işlerini döwrüň talabyna laýyk üýtgedip gurjakdygyna, kanunçylygyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine berk kontrollygy ýola goýjakdygyna ynam bildiripdir. Bu edaranyň nähili dörändigi, nähili ýagdaýlary başdan geçirendigi, özboluşly aýratynlyklary hasaba alynsa, onuň öňünde duran wezipelere baha bermek ýeňil-ýelpaý iş däl.

Diktatoryň ölmegi bilen bu döwlet organizmi nähili dowzahy, nähili bikanunçylyklary, eden-etdilikleri böwsüp çykdy? Indi näçe içki düzgünleri, permanlary, instruksiýalary, işleri alyp barmagyň kadalaryny üýtgetmeli? Şu edara bilen bagly halkyň başdan geçirýän gorkusyny aradan aýyrmak, ýok etmek üçin näçe işler geçirmeli!? Prokuratura işgärleriniň jellat däl-de, kanun goraýjylardygyna özleriniň düşünmegi üçin işgärleriň garaýşyny nähili üýtgetmeli, gözýetimini haýsy ýollar bilen giňeltmeli? Nyýazowyň zäherli aňy tarapyndan zaýalanan prokuratura işgärleriniň pikirleniş duýgularyny neneňsi üýtgetmeli?

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda: “Grajdanlaryň azatlyklaryny, erkin zähmet çekmäge bolan hukuklaryny berjaý etmek, döwlet garaşsyzlygyny goramak siziň mukaddes borjuňyz” diýen sözlerini, çagyryşlaryny olar nähili kabul etdikä? Şuny bilmek-de gaty gyzykly. Şol wezipeleriň hötdesinden gelmäge prokuratura organlarynyň gaýraty çatarmy? Olar dowam edip gelýän gorky diýen belany bir ýana taşlap, gullar ýaly lepbeý diýmekden çekilip, onuň köküne palta urup, türkmen jemgyýetine, kanuna täzeçe, döredijilikli hem watançylyk duýgulary bilen garamagy teklip edip bilermikä?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG