Bu proýekt Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrliginiň, BMG-niň neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş bölüminiň we ABŞ-niň Halkara Ösüş Gullugy (USAID) tarapyndan maliýeleşdrilýän “Potensial” proektiniň bilelikdäki tagallasy esasynda amala aşyrylýar.
“Anonim we tölegsiz esaslarda işleýän söhbetdeşlik merkezi Bekrewedäki 4-nji saglyk öýüniň bazasynda ýaşyl baglyga we üzüm dalbarlaryna basyrylyp oturan saýaly howluda ýerleşýär” diýip, TDH ýazýar. Türkmen metbugatynyň tassyklamagyna görä, bu merkezde kömek üçin ýüz tutan näsaglara sosial, saglyk we ahlak goldawyny, ruhy ýardam bermek üçin gowy şertler döredilipdir.
Täzeçe çemeleşme duýulýar
Ýerli synçylar Türkmenistanda giň ýaýran neşekeşlige we neşe söwdasyna garşy göreş barada täzeçe pikirlenişiň we meselä öňki ýyllardaka garanda täzeçe çemeleşişiň duýulýandygyny aýdýarlar. Bu pikiri Türkmenistanyň prezidentiniň goňşy ýurtlar bilen serehetara hyzmatdaşlyk boýunça Aşgabatda açylan halkara maslahatyna ýollan gutlagyndan hem görmek bolýar. Ol gutlagyň bir ýerinde prezident şeýle diýýär: “Her bir ýurtda we tutuş dünýä bileleşigine howp salyp, bütindünýä wehimine öwrülen neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy diňe belilikdäki tagallalar arkaly netijeli göreşip bolar.”
Türkmenistanda ozal neşekeşlik we neşe söwdasy problemasy sosial dert hökmünde boýun alynmaýardy. Nyýazow režiminiň tankytçylyrynyň käbiriniň pikirine görä, öňki hökümet neşe maddalaryny ilaty gorkuly ýagdaýda saklap syýasat bilen meşgullanmakdan daşlaşdyrmak üçin gural hökmünde ulanýardy. Ýerli synçy Amanmyrat Buganyň pikirine görä, neşekeşligiň Türkmenistanda şeýle giň ýaýramagynyň aňyrsynda ýokary gatlak wekilleriniň bir böleginiň dar şahsy bähbidi ýatyr. “Görüp durus, bir-iki adamyň baýamagynyň ýa-da bir-iki adamyň wezipede galmagynyň hatyrysyna nijeme adam tirýekkeş, geroinçi bolup otyr.”
Neşekeşlik we neşe maddalarynyň bikanyn dolanyşygyna garşy göreş barada prezident derejesinde aýdylýan sözler indi bu ýagdaýyň üýtgemeginiň mümkindiginden habar berýär. Hünäri boýunça wraç Muhammet Deweji Türkmenistanda neşekeşlere garaýşyň üýtgedilmelidigi, olara näsag hökmünde seredilmelidigi barada öňden aýdyp ýören aktiwistleriň biri. Ol Türkmenistanda neşe belasyna uçran adamlara kömek boýunça şeýle merkeziň açylanyna Kanadada oturan ýerinden begenendigini, sebäbi bu merkeziň neşekeşleri bejermekde hökman goşandynyň boljakdygyny aýdýar.
Üç etaply çäre
Muhammet Deweji neşe belasyna garşy göreşiň ozaly bilen neşe derdine ulaşan adamlary ýörite bejeriş merkezinde bejermekden başlanýandygyny nygtaýar. Onuň pikiriçe, bu çäre üç etapdan durýar. “Birinji, neşe derdine ulaşan adamlary derman bilen bejermeli we neşe etmese azarlamaz ýaly etmeli. Ikinji, olary psihiki taýdan bejermeli, ýagny ýörite bilimli adamlar olar bilen gürleşmeli we ş.m. Üçünji, neşekeşler bejeriş alyp dertden saplanandan soň olary iş bilen üpjün etmeli we öňki ýagdaýyň gaýtalanmagynyň öňüni almaly.”
Dewejiniň pikirine görä, eger bejerilen neşekeşler öňki ýaşan ýerlerinden wagtlaýyn göçürilip başga ýerde, başga şertlerde we başga neşe ulanmaýan hem sagdyn durmuş obrazyny alyp barýan adamlaryň arasynda ýaşadylsa, olaryň önki endiklerini gaýtalamazlygyna has köp kepillik dörärdi.
Üç esasy ýörelge
Prezident Berdimuhamedowyň agzalan gutlagynda hem bellenişi ýaly, neşe belasy diňe Türkmenistanyň däl-de, bütin dünýäniň derdi. Bu sosial derde garşy göreş boýunça dünýäde her hili tejribeler bar. Sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor Galina Saganenko “Lisom k lisu s narkomanieý” – “Neşekeşlik bilen ýüzbe-ýüz” atly kitabyň awtory we golaýda 15 ýyllygyny bellän “Azariýa” regional jemgyýetçilik guramasynyň başlygy. Bu gurama Orsyýetde neşekeşlige garşy göreşde we neşe belasyna ulaşan adamlara kömek etmekde ylmy esasda iş alyp barýar.
Professor Saganenkonyň pikirine görä, Orsyýetde neşekeşlige garşy döwlet derejesinde alnyp barylýan göreş repressiýa, basyşa esaslanýar. Ol 2003-nji ýylda Putin tarapyndan neşe maddalaryna garşy federal göreş boýunça ýörite bir edaranyň döredilendigini, bu guramanyň 40 müň işgäriniň, şol sanda 52 generalynyň bardygyny, emma olaryň neşä garşy ýalan işjeňlik bilen meşgul bolýandyklaryny aýdýar.
Professor Saganenkonyň pikirine görä, neşe belasyna garşy göreş syýasaty esasy üç ýörelgä esaslanmaly. “Birinji, neşe söwdegärlerine we neşe maddalarynyň ýurda getirilmegine garşy hakyky göreş; ikinji, adamlar, ýaşlar neşä ulaşmaz ýaly, ilat bilen profilaktika-düşündiriş işlerini geçirmek; üçünji, näsaglar.”
Galina Saganenkonyň pikirine görä, neşekeşlige ulaşan näsaglary bejermek üçin olara ýeterlik serişde goýbermek gerek. Professor Saganenko bu sosial dertden hiç bir maşgala kepillik ýokdugyny, ondan ötri neşe belasyna uçran ýaşlar, olaryň ene-atalary bilen işlemegiň, jemgyeti bu derdiň salýan howpundan habardar etmegiň we göreşe taýýarlamagyň zerurlykdygyny aýdýar.
Göreş hemmeleriň borjy
Kanadada ýaşaýan türkmen wraçy Muhammet Deweji hem bu pikir bilen ylalaşýar. Ol “halkda, jemgyetde neşekeşlik baradaky ýalňyş garaýşy üýtgetmekde döwletiň we metbugatyň möhüm roly bar, ýöne bu diňe döwletiň işi däl, eýsem ene-atalaryň özleriniň hem işi” diýýär. “Şu sebäpden olar döwletiň neşe belasyna göreş meselesinde häzir ädýän sagdyn ädimlerinden peýdalanyp neşä garşy göreş, neşe derdine ulaşan adamlara goldaw boýunça döwlete degişli däl guramalary döretmeli” diýip, kanadaly türkmen aktiwisti Muhammet Deweji nygtady.
Synçylaryň köpüsi neşekeşligiň öňüni almak üçin ozaly işsizlik meselesini çözmelidigini, ýaşlara okara, hünär öwrenere has köp şert döretmelidigini, şonuň bilen birlikde neşäniň zyýany, adamda adamkärçiligi, ar-namysylylygy, mertebäni ýok edişi hakynda anyk adam ykballarynyň mysalynda tele-radio gepleşikleriniň, çeper we dokumental kino eserleriniň, kitaplaryň döredilmelidigini, bu ugurdan işleýän intellektuallara hemme taraplaýyn goldaw berilmelidigini aýdýarlar.