Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsyýetde täzeçe ekzamenlere nägilelik döreýär


Protestçiler 'Ekzamenler tamamlandy, emma problemlalar dowam edýär’ diýlen şygarlary göterdiler.
Protestçiler 'Ekzamenler tamamlandy, emma problemlalar dowam edýär’ diýlen şygarlary göterdiler.

Orsyýetdäki ähli gutardyş klaslaryň okuwçylary ‘Bitewi döwlet ekzameni’ diýlip atlandyrylýan täze ekzamenler toplumyny tabşyryp gutardylar. Orsyýetli käbir bilermenler we mekdep okuwçylary, standartlaşdyrylan bu täze gutardyş ekzamenleriniň ýurduň bilim standartlaryna uly urgy urýandygyny aýdýarlar.

Geçen hepde protestçileriň bir topary Moskwanyň merkezindäki orsyýetli belli dramaturg we kompozitor Aleksandr Girboýedowyň skulpturasynyň düýbünde ýygnanyp, piket geçirdiler. Ygally, çigrek howada toplanşan bu protestçiler esasan mekdep mugallymlaryndan we ýokary klas okuwçylaryndan ybarat boldy. Olar ýurduň bilim ministrliginiň resmilerini tankytlaýyjy şygarlary gygyryşdylar we ‘Ekzamenler tamamlandy, emma problemlalar dowam edýär’ diýlen şygarlar ýazylgy plakatlary göterdiler. Protestçileriň beýle nägileligine ‘Bitewi döwlet ekzameni’ ady bilen täze girizilen gutardyş ekzamenleri sebäp boldy.

Protestçileriň öňüni çekijilerden biri, taryh mygallymy Ilýa ‘Bitewi döwlet ekzameniniň’ eýýäm Orsyýetiň mekdepleriniň okuw sistemasyna ýaramaz täsirini ýetirip başlandygyny aýdýar. “Orsyýetiň islendik bir orta mekdebiniň 11-nji klasynda sapak öwredilişi köpçilikleýin BDE, ýagny ‘Bitewi döwlet ekzamenine’ taýýarlyk görüş çäresine öwrülýär. Ýagny, 11-nji klasda adatça bolşy ýaly sapaklar geçilmeýär. Okuwçylaryň hemmesi ‘Bitewi döwlet ekzamenini’ nädip tabşyryp biljekdikleri barada pikir edýärler.” Taryh mugallymy Ilýa, mugallymlaram öz mekdepleriniň bu ugurda gowy, abraýly, netijeleri görkezmeginiň aladasynda bolýarlar diýip belledi.

Amerikan ‘SAT’ modeli

Gutardyş klas okuwçylary üçin hödürlenilýän bu test, geljekde olaryň nähili ýokary okuw jaýlaryna okuwa girip biljekdiklerini hem kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan ol, belli bir derejede Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ulanylýan SAT, ýagny ‘Scholastic Aptitude Test’ ekzamen sistemasyny hem ýatladýar.

Bu ‘Bitewi döwlet ekzameniniň’ tarapdarlary, bu täze prosesiň ýaşlaryň intellektual derjesine hiç hili tarapgöýlik etmezden dogry baha bermekde uly rol oýnaýandygyny aýdýarlar we ýurduň ýaşlarynyň, hat-da daşary ýurtlaryň ýaşlarynyň bilim derejesine adalatly baha bermäge ýokary okuw jaýlaryna ýardam edýändigini öňe sürýärler.

Talantly okuwçylaryň bähbidinemi?

Emma bu täze ekzamen usulyna garşy çykyş edýänler, ‘Bitewi döwlet ekzameniniň’ zehinli okuwçylaryň döredijilik fantaziýasyna, başarnygyna we köpsanly beýleki hil-häsiýetlerine ähmiýet bermeýändigini belleýärler. Olaryň pikiriçe, täze sistema aglaba talantly okuwcylaryň bähbidine däl-de,empiriki meseleleri çözmekligiň hötdesinden gelýän okuwçylaryň bähbidine bolup çykýar.

Orsyýetde ‘Bitewi döwlet ekzameni’ bilen baglanyşykly mesele hat-da sud prosesleri derejesine çenli hem baryp ýetdi. Orsyýetiň hökumete degişli bolmadyk Bilim Fondunyň başlygy Sergey Komkowyň bu täze ekzamen usulyny bikanun hasaplap, oňa garşy şikaýat bilen suda ýüz tutmasy henize çenli hiç hili netije bermedi.

“Bu test usuly bilime baha bemregiň özboluşly bir ýönekeyleşdirilen usuly bolup durýar. Ol bilime baha bermek boýunça ähli talaplary, ähli ugurlary öz içine alyp bilmeýar. Şoňa görä-de geljek 10 ýylyň dowamynda goşa dyrnak içinde şular ýaly ‘öňe tarap’ hereket edilse, onda Orsyýetiň mekdeplerinden hiç zat galmaz” diýip, Sergey Komkow kinaýaly nygtady.

Öz gezeginde Orsyýetiň bilim ministrligi, Ýewropa Geňeşiniň agzasy hökmünde Orsyýetiň ýokary bilim baradaky ‘Bologna’ konwensiýasyna degişli öz borçnamalaryna eýerip, ‘Bitewi döwlet ekzameni’ girizýändigini aýdýar. Şol sanda standartlaşdyrylan bu täze ekzamen düzgünine, Orsyýetiň bilim sistemasyndaky korrupsiýa hem-de baha satyn almak ýaly epidemiýa öwrülen problemlara garşy göreşiň bir usuly hökmünde garaýan synçylar hem bar.
XS
SM
MD
LG