Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Meredowyň ABŞ-na sapary problemasyz görünmeýär'


Aleksandr Narodetski: “Belki amerikan wekilleri Meredowyň öňünde gumanitar meseleleri keserdip goýmaz. Ýöne hut gumanitar ýagdaýyň gowy bolmadyk ýurdy bilen ýakynlaşmakda bu fakt amerikanlaryň elini daňyp, ýakynlaşmagy süýrenjeň ýagdaýa getirip biler.”
Aleksandr Narodetski: “Belki amerikan wekilleri Meredowyň öňünde gumanitar meseleleri keserdip goýmaz. Ýöne hut gumanitar ýagdaýyň gowy bolmadyk ýurdy bilen ýakynlaşmakda bu fakt amerikanlaryň elini daňyp, ýakynlaşmagy süýrenjeň ýagdaýa getirip biler.”

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary iki ýurt arasyndaky gatnaşyklar giňişliginde iki meýdana degip geçer. Geosyýasy strategiki meýdanda Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň ýakynlaşmasy, Merkezi Aziýa regiony üçin täze bir itergi bolup biler. Şeýle roly Orsyýet oýnap biler diýen pikirler dargap barýar. Günbatardan täze hyzmatdaşlar gözlemesi türkmen ýolbaşçylaryny Waşingtona alyp geldi.

Bu ýagdaýdaky täzelik nämeden ybarat? Birleşen Ştatlar türkmen delegasiýasyny kömek sorap gelen hökmünde kabul etmeýär. Bu ýagdaý ilkinji gezek peýda boldy. Türkmenistan ugrunda işlemegiň zerurdygyna Waşington doly düşünýär. Munda üç möhüm faktoryň gürrüňini edýärler: Türkmenistanyň Eýrana goňşy oturan ýurtdugy, Birleşen Ştatlaryň dünýäde energetik problemalara täsir etmäge aktiw gatnaşmak karary hem-de Orsyýet bilen syýasy ýaryş. Şu sanalan faktorlar Birleşen Ştatlar üçin aňrybaş möhüm faktorlar. Olar Türkmenistan üçin hem uly ähmiýete eýe. Bu bolsa taraplaryň biri-birine gerekdigini görkezýär. Iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň ikinji giňişligi kontaktlaryň ösmegine we çuňlaşmagyna aýakbagy bolup biler. Ol giňişlik gumanitar meseleleri öz içine alýar.

Diktatorlyk bilen Nyýazowyň ýurdy dolandyran soňky onýyllyklarynda, Türkmenistanyň halkara abraýy juda pese gaçdy. Hut şol ýyllarda Türkmenistanyň ägirt uly türmä, Nyýazowyň töweregindäki az sanly adamlardan başga ähli halkyň dilsiz-agyzsyz gullara öwrülendigi barasyndaky pikir halkara jemgyýetçiligine ymykly ornaşdy. Režime islendik gulak gabartmazlyk ýa-da oňa boýun egmezlik köpçüligiň öňünde paş etmeler, ar almalar, pidalaryň bolsa türmelere dykylmagy bilen tamamlanýardy. Türme şertleri yzygiderli urup-ýençmeler, dürli kemsitmeler, jezalar bilen tapawutlanýardy.Ýurduň halkara derejesindäki şunuň ýaly ýagdaýy onuň bilen haýsydyr bir gatnaşyklary ýola goýmagy kynlaşdyrýardy ýa-da demokratik döwletler üçin şol gatnaşyklary saklamagy başa barmajak işe öwürýärdi.

Ine, Raşid Meredowyň Amerika missiýasy şol ýagdaýlar bilen bagly o diýen problemasyz görünmeýär. Eger türkmen jemgyetini açyklaşdyrma, liberallaşdyrma mümkin bolan ähli ugurlarda has aktiw hem göze görnüp duran derejede alnyp barylýan bolsady, Amerika Aşgabat bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak has ýeňil bolardy. Diňe bir ABŞ däl, tutuş demokratiki dünýä türkmen ýolbaşçylaryndan şol ädimlere garaşýar. Mysal üçin ýurda gelmekde, ýurtdan çykmakda serhet düzgünlerini ýeňilleşdirmek, ol diňe bir daşary ýurtlara degişli bolman, şol ýeňillikler Türkmenistanyň öz graždanlaryna-da berilmeli.

Ýurduň ýapyklygy adam hukuklary boýunça ençeme halkara konwensiýalaryň bozulýandygyny tutuş dünýä görkezip dur. Belki, amerikan wekilleri Raşid Meredowyň öňünde bu meseleleri keserdip goýmaz ýa-da olaryň çözülmegini talap etmez. Ýöne bir fakt faktlygyna galýar. Hut gumanitar ýagdaýyň gowy bolmadyk ýurdy bilen ýakynlaşmakda bu fakt amerikanlaryň elini daňyp, ýakynlaşmagy süýrenjeň ýagdaýa getirip biler. Paradoks reallykdan hem ýokarda dur. Ähli ugurlar boýunça Waşington Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aşa gyzyklanýar. Ýöne şol ýolda Nyýazow döwrüniň ganly diktaturasy bilen bagly ajy hykakat, agyr ýagdaýlar, başdan geçirilýän hupbatlar ýatyr. Taraplaryň ikisi-de birek-birege tarap aýgytly ädim ätmeli. Şol ädimi Amerika eýýäm ätdi, indi nobat Türkmenistandan…

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG