Türkmen halkynyň ata bolan söýgüsi gaty ir zamanlardan bäri dowam edip gelipdir. Muny soňky aýan edilen arheologiki tapyndylar hem subut edýär. Şoňa görä dünýade seýrek duş gelýan atlar, aýartynam bize giňden äşgär bolmadyk at tohumlary barada aýtmak gyzykly bolsa gerek.
Agyr ýük göteriji Brabanson tohumyndan bolan Burkleýn atly at dünýäde iň uly at saýylýar. Onuň gerşine çenli belentligi 1 m. 98 sm. Döşüniň-göwsüniň daşky aýlawy 3 m. 10 sm. Agramy 1374 kilogram. Bir zamanlar rysarlaryň ýöriş söweş aty bolan brabansonlar häzirki wagtda iş maly hökmünde ulanylýar.
Dünýädäki kiçi – göýdük at tohumlarynyň sany 30-dan geçýär. Olar Şotlandiýa, Sisiliýa, Irlandiýa at tohumlary ýaly tohumlardyr.
Göýdükleriň göýdügi saýylýan tohum häzirki wagtda Argentinada Farabella fermasynda köpeldilýär. Olaryň gerşine çenli belentligi 40 sm. Agramy 25 kilogramdyr. Bular juda çydamly, kindiwanja bedewlerdir. Birnäçe sagatlap ýorgalap çapandan soňra birnäçe minut dynç alyp, ýene täzeden aýlawa goşulyp bilýär. Olar adatça uzak – 40 ýyl ýaşaýarlar.
Farabella atjagazlaryna-da bäsdeş tapyldy. Filodelfiýada ýaşaýan bir fermer öz athanasynda kiçi atlaryň -- göýdükleriň seleksiýasyny geçirýär. Ilkinji taýçanagyň gerşine çenli belentligi 35 sm. Agramy 6 kilogram. Fermer seleksiýa doly tamamlanyp, göýdük atjagazlar köpçülikleýin köpeldilip ugranynda, “bularyň boýy 35 sm.liginde galar, agrany-da 9 kilogarmdan geçmez” diýýär. Ol öz bedewlerine: “Goý, ýük çekmesin. Goý, münüp bolmasyn. Ýöne bu atjagazlar öýde saklanýan itler, pişikler ýaly, adamyň höwrüne, dostuna öwrüler” diýip baha berdi. Onuň bu çaklamasyna gol ýapasyň gelýär. Çünki at gadymyýetden bäri adamzadyň iň wepaly dostlarynyň biri.
Goja Belli atly at iň uzak ýaşan atdyr. Ol 1822-nji ýylda doglup, 1884-nji ýylda, 62 ýaşynda ölýär. Atlaryň adatça 25-30 ýyl ýaşaýandygyndan hasap ýöretseň, Bellä “armanyň galmandyr, goja” diýesiň gelýär.
Gadymy Rimde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň birinde Aura atly at Olimpiýanyň çempiony ada eminleriň uzaga çeken çekeleşiginden soňra mynasyp boldy. Çekeleşigiň sebäbi kiçi-girim zat däldi. Aura ýaryşa goşulan dessine üstündäki atoglan – çapyksuwar ýykylýar. Muňa garamazdan, Aura ýaryşy dowam etdirýär hem-de pellehana ilkinji bolup gelýär. Köp çekeleşen eminler ýaryşa atoglan – çapyksuwar däl-de, at gatnaşýar. At bolsa ýeňdi diýip, Aurany çempion diýip yglan edýärler. Şol döwrüň Olimpiýa kanunyna laýyklykda, oňa ömürlik pensiýa bellenilýär. Aura ölenden soňra, jaýlanan ýerinde oňa ýadygärlik oturdýarlar. Sebäbi ýadygärlik oturtmak şol döwrüň Olimpiýa komitetiniň hökmany şerti ekeni.
Asly ahal-teke tohumyndan bolan Absent iki ýaşyndan başlap, dürli ýaryşlara gatnaşýar. Ol sekiz ýaşynda, 1960-njy ýylda Rim Olimpiýadasynda altyn medala mynasyp bolýar. Ol soňra-da iki Olimpiýada gatnaşyp, ikisinde-de 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp bolýar. 1968-nji ýylda Mehikoda geçirilen Olimpiýadada oňa Dünýäniň iň oňat sport aty diýen at – titul dakylýar. Dünýä metbugatynda futbolda Pele, boksda Muhammet Aly, atçylyk sportunda Absent – korol diýip ýazylýar. Ýöne taryh karam oýun edýär. Ol Gazagystan SSR-niň aty diýen at bilen dünýäniň meşhur atlarynyň albomyna girizilýär.
Ahat-teke bedewi Ýanardag Döwlet gerbinde suraty ýerleşdirilen ýeke-täk bedewdir.
Türkmenistanda, uman, türkmenleriñ arasynda atlar aýratyn hormata eýedir. Bizde ata milli buýsanç hökmünde garaýarlar. Türkmenistanda Bedew güni diýen resmi baýramçylyk hem bar.