Birleşen Ştatlaryň Dini Azatlyklar boýunça halkara komissiýasy amerikan hökümetiniň garaşsyz edarasydyr. Ol Birleşen Ştatlaryň prezidentine, Döwlet sekretaryna we Kongresine alnyp barylýan daşary syýasatda dini azatlyklar meselesiniň nä derejede möhümdigi barada tekliplerini hödürleýär.
ABŞ-nyň Dini azatlyklar boýunça halkara komissiýasynyň başlygy Leonard Leo bu hasabat barada şeýle gürrüň berdi: “Biz her ýyl özümiziň ýaýradýan hasabatymyzda Döwlet sekretaryna dini azatlyklar boýunça “has uly alada bildirilýän” döwletleriň sanawyny hödürleýäris. Bu döwletlerde dini azatlyklar üçin şertler gözgyny bolup durýar. Biziň ýaýradan bu hasabatymyzda “has köp alada bildirilýän” döwletler diýlip bellenilen ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem bar”.
2011-nji ýyl boýunça hasabatda nygtalmagyna görä, Türkmenistanda dini azatlyklary berjaý etmek boýunça gödek kemçilikler we hökümet yzarlamalary dowam edýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2007-nji ýylda amala aşyrlan reformalara garamazdan, ýurtdaky kanunçylyk binýady we alnyp barylýan syýasat halkara derejede kabul edilen kadalary, hususan-da dini azatlygy bozýar.
Öňki awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň mundan dört ýyl ozal aradan çykandygyna garamazdan, Türkmenistanda howpsuzlyk güýçleriniň hasaba alynan we alynmadyk dini toparlary yzarlamagy we başga sütemler entegem dowam edýär diýlip, habar berilýär.
Türkmenistanyň Baş kanuny dini azatlyga, deňlige kepil geçýär. Emma 2003-nji ýylda kabul edilen dini kanun Konstitusiýanyň öňe sürýän kepilligine ters gelýär. Bu kanunda dini toparlary hasaba almak üçin bulaşyk şertler kesgitlenen we hasaba alynmadyk toparlara iş alyp barmak gadagan edilýär. Şeýle-de hasaba alnan dini toparlar çäre geçirmek üçin hökümetden rugsat almaga mejbur.
123 sany dini jemgyýet
Berilýän maglumata görä, 2010-njy ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanda 123 sany dini jemgyýet hasaba alnypdyr. Bularyň arasyndan 100-si sünni we şaýy musulmanlary, 13 sanysy ordokos hristiýanlary, galanlary bolsa, baptistler, ellinjiler, Hare Krişna, Ýedinji gün, ýagny adwentistler, Täze resullyk, Bahai we Beýik perwerlik jemgyýetleri.
Türkmenistandan Norwegiýa çykyp gaýdan Batyr atly baptist ýurdy terk etmeginiň sebäplerini şeýle düşündirdi: “Meniň pikirimçe, muňa nämäniň sebäp bolandygy hemmeler üçin aýdyňdyr, hemmeler üçin bellidir. Sebäbi diňe bir baptistler däl, başga dinlerden bolan adamlar-da yzarlanmalaryň, kynçylyklaryň pidalary bolup, ýurdy taşlap gitmäge mejbur galýarlar”.
Türkmenistandaky dini meselelere döwlet tarapyndan bellenilýän Dini işler boýunça geňeş gözegçilik edýär. Geňeşiň düzüminde hökümet resmilerinden, Sünni musulmanlaryň we ortodoks hristiýanlarynyň wekillerinden daşga dini toparlaryň wekilleri ýok.
Türkmenistandaky musulmanlar döwlet tarapyndan bellenilýän ymamlaryň ýeterlik dini biliminiň ýokdugyndan hem zeýrenýärler. Ýurtda dini kitaplaryň çap edilmegi we getirilmegi hem döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar.
Birleşen Ştatlaryň Dini azatlyklar boýunça halkara komissiýasynyň başlygy ýaýradylan hasabatyň üsti bilen öňde goýlan maksatlar we umytlar barada şeýle gürrüň berdi: “Biz bu hasabaty Amerikanyň prezidentine, Döwlet sekretaryna we Kongrese ýolladyk. Bu hasabatda türkmen hökümetiniň amal etmegine maslahat berilýän ençeme şertler bar. Olaryň arasynda belli bir şertler içinde dini kanuna üýtgetmeleri girizmek, ýagny has erkinräk kanunlar, şeýle-de halkara adam hukuklary boýunça kanunlara laýyklykda parahat dini toparlara hiç hili pägelçilik bermezlik ýaly rekomendasiýalar bar”.
Bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Dini işler boýunça geňeşinden maglumat almak başartmady.
Dini azatlyklar boýunça hasabatda “has uly alada bildirilýän” döwletleriň arasyna Demirgazyk Koreýa, Eýran, Pakistan, Yrak, Hytaý, Saud Arabystany we Özbegistan hem girýär.