Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” Aşgabat bilen ýakynlaşmagyň ugrunda


“Gazprom” uzak möhletleýin şertnamalar boýunça öz gazynyň eksport bahasynyň dekabr aýynda her müň kubometr gaz üçin 500 dollara ýetmegine garaşýar.
“Gazprom” uzak möhletleýin şertnamalar boýunça öz gazynyň eksport bahasynyň dekabr aýynda her müň kubometr gaz üçin 500 dollara ýetmegine garaşýar.

25-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gazpromyň” başlygynyň orunbasary Waleriý Golubew bilen duşuşygynda hereket edýän ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri geňeşildi.


Aşgabatdaky gepleşiklerde şu ýylyň dowamynda Orsýete türkmen gazyny akdyrmak boýunça ylalaşygyň ýerine ýetirilişi maslahat edildi.

“Gazpromyň” başlygynyň orunbasary Waleriý Golubew
Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň wekili Waleriý Golubew nebit bazaryndaky ýagdaýyň üýtgemegi bilen türkmen gazynyň bahasynyň we eksportynyň möçberiniň pozitiw ugra özgerýänligini belledi.

Emma Türkmenistanyň “Gazprom” bilen şu ýylky gaz söwdasynyň möçberine we bahasyna degişli takyk sanlar barada resmi Aşgabat habar bermedi. “Gazprom” kompaniýasy hem öz resmisiniň Aşgabada sapary we gepleşikleriň netijeleri barada resmi maglumat ýaýratmady.

Golubewiň Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti bilen gaz söwdasynyň gidişini maslahat edenligini “Gazpromda” Azatlyk Radiosyna tassykladylar, emma kompaniýanyň Türkmenistan bilen gaz söwdasynyň häzirki derejesine we geljekki planlaryna degişli maglumatlary mälim etmekden saklandylar.

Gaz söwdasy

Soňky döwür “Gazpromyň” Ýewropa satýan tebigy gazynyň möçberi artýar. Kompaniýanyň başlygy Alekseý Milleriň 25-nji aprelde aýtmagyna görä, aprel aýynyň dowamynda “Gazpromyň” eksport edýän gazynyň möçberi gyş aýlaryna garanda has köpelipdir.

“Gazprom” uzak möhletleýin şertnamalar boýunça öz gazynyň eksport bahasynyň dekabr aýynda her müň kubometr gaz üçin 500 dollara ýetmegine garaşýar. Bu barada “Gazpromyň” resmi maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda gaz söwdasy 2003-nji ýylyň aprel aýynda baglaşylan 25 ýyllyk gaz ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar. 2009-njy ýylda taraplar gazyň bahasyny bazar nyrhlary esasynda kesgitlemek barada ylalaşypdylar.

Emma global ykdysady krizis netijesinde Ýewropa tarap öz gaz ekportynyň möçberini azaldan Orsýet Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini hem çürt-kesik çäklendiripdi. Kabir maglumatlara göra, 2009-2010-njy ýyllarda türkmen-ors gaz söwdasynyň möçberi ýylda 11 milliard kubometrden aşmady.

Hyzmatdaşlygy giňeltmek

Aşgabatdaky gepleşikleriň gidişinde özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň perspektiwalary barada hem pikir alşyldy. Taraplar nebit-gaz ugrundaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine gyzyklanma bildirdiler.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda alnyp barylýan täze infrastruktura proýektlerine we ýurduň gaz-himiýa senagatyny ösdürmeklige ors kompaniýalarynyň, şol sanda “Gazpromyň” gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýangyç-energiýa pudagynyň ýolbaşçylaryna agzalan ugurlarda bilelikdäki proýektleri amala aşyrmak boýunça şertleri takyklaşdyrmagy tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG