Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Internet üpjünçiligi bökdelýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Mary welaýatynda Internet aragatnaşygynyň üpjünçiliginde iki gün bäri bökdençlik ýüze çykýar. Ulanyjylar öý internetine-de, mobil internete-de aňsat baglanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Ilatyň internet elýeterliliginiň bölekleýin kesilmegi “Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynda bolup geçen bir “kiçeňräk näsazlyk” bilen, hem-de aragatnaşyk kabelleriniň könelmegi we öz wagtynda çalşyrylmazlygy bilen düşündirilýär.

“Welaýatda iki gün bäri Internet gowy işlemeýär. Diňe bir Wi-Fi däl, eýsem “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän mobil internet hyzmatlary hem işlemeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýär.

Sebitiň käbir etraplarynda öý internetiniň soňky iki günüň dowamynda günuzyn doly öçürilen halatlary hasaba alyndy. Ýerli ýaşaýjylar mobil internetiň eýýäm birnäçe hepde bäri kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.

Internet aragatnaşygy bilen bagly ýüze çykan bökdençlikler “Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynda ýüze çykan “kiçeňräk bir näsazlyk” bilen, hem-de könelen aragatnaşyk kabelleriniň öz wagtynda çalşyrylmazlygy bilen düşündirilýär.

“Bu näsazlyklar ‘Marytelekom’ kärhanasynda ýüze çykan kiçeňräk bir awariýa bilen düşündirilýär. Şeýle-de, internet geçiriji kabelleriň könelmegi hem-de olaryň öz wagtynda çalşyrylmazlygy hem internet kesilmelerine sebäp hökmünde görkezilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Sebitiň käbir etraplarynda öý internetinden peýdalanýan hojalyklardan 50 manat möçberinde pul toplanýar. Bu pullaryň hatardan çykan kabelleri öz wagtynda çalyşmaga sarp ediljekdigi aýdylýar.

Öý internetinden, Wi-Fi hyzmatlaryndan peýdalanýan hojalyklaryň käbirleri özleriniň daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlary bilen dowamly aragatnaşyk saklamak üçin, kadaly internet aragatnaşygynyň özleri üçin zerur bolandygyny aýdýarlar.

“Daşary ýurtlarda dogan-garyndaşlary bolan hojalyklar ‘düzelse bolýar’ diýip, 50 manat pul töleýär. Ýöne işgärler bu pullary öz jübülerine urýar. Olar internete garaşly galýan adamlaryň bu ýagdaýyndan peýdalanýarlar” diýip, maryly bir ýaşaýjy gürrüň berýär.

Mary welaýatynda “Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň 18 çemesi töleg, müşderiler bilen işlemek, hem-de internet hyzmatlaryny bermek bölümleri ýerleşýär.

Azatlyk Radiosy sebitde emele gelen Internet bökdençliginiň gerimi we mümkin bolan sebäpleri barada ýerli aragatnaşyk kompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Şeýle-de, halkara barlaglar ýurtda ilata hödürlenilýän internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygyny ýüze çykardy.

Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmeleri, şol sanda garaşsyz habar serişdeleri we iri sosial torlar häkimiýetler tarapyndan berk petik astynda saklanýar. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda ilat arasynda Internet işjeňliginiň, sosial media işjeňliginiň ýokarlanýandygyny habar berýärler.

Häkimiýetleriň Internet ulgamyny çäklendirmek ugrunda alyp barýan işleri ýurtda erkin maglumat akymynyň öňüni baglamak, ilat arasynda ýurt içindäki durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýlar barasynda özge pikirleriň kemala gelmegine böwet bolmak synanyşyklary hökmünde tankyt edilýär.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlarda ýurtda we halkara arenasynda bolup geçýän möhüm wakalar boýunça açyk pikir alyşmalaryň guralýandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, martyň ortalarynda häkimiýetler Ahal welaýatynyň edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden özleriniň sosial media hasaplaryny ýapmagy talap etdi.

Sosial ulgamlarda işjeňleşýän açyk pikir alyşmalar baradaky habarlaryň arasynda, VPN hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlaryň sanynyň artmagy bilen, Azatlyk Radiosynyň habarçylary apreliň üçünji hepdesinde Balkan welaýatynda VPN-leriň petiklenendigini, saglyk işgärlerine sosial ulgamlardan peýdalanmagyň gadagan edilendigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG