Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongres ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze baş ilçisini tassyklady


Elizabet Rud (Elizabeth Rood), arhiw suraty
Elizabet Rud (Elizabeth Rood), arhiw suraty

2-nji maýda ABŞ-nyň Kongresi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky täze baş ilçisi hökmünde Elizabet Rudy (Elizabeth Rood) tassyklady. Bu barada Kongresiň websaýtynda habar berilýär.

Rud bu wezipä ilki 2022-nji ýylyň awgustynda hödürlenipdi.

Rud, öz işinde gazanan uly netijeleri üçin Döwlet departamentiniň ençeme sylagyna, şol sanda diplomatik gullugyň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin berlen baýraklara mynasyp boldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri Mätýu Stiwen Klimow (Matthew S. Klimow) ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG