Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň bäş senatory tussaglykdaky dissident Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrýar


Gulgeldi Annanyýazow. Arhiwden alnan surat
Gulgeldi Annanyýazow. Arhiwden alnan surat

22-nji maýda Birleşen Ştatlaryň bäş senatory Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýazyp, tussaglykdaky dissident Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrdy.

Senatdaky demokrat partiýanyň wekillerinden bolan senatorlar Riçard Durbin (Richard Durbin), Şerrod Braun (Sherrod Brown), Ben Kardin (Ben Cardin), Patrik Leahy (Patrick Leahy) we Robert Menendeziň (Robert Menendez) 22-nji maýda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýazan hatynda Annanyýazowyň tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş edilýär. Senatorlaryň haty barada "Freedom Now" guramasy habar berdi.

“Biz 2008-nji ýyldan bäri şübheli aýyplamalar esasynda tussaglykda saklanýan hem-de şu ýyl tussaglyk möhletini tamamlamaly Gulgeldi Annanyýazowyň uzaga çeken işi boýunça alada bildirýäris. Hususan-da, oňa çykarylan hökümiň ýene-de bäş ýyl eden-etdilikli uzaldylan bolmak ähtimallygy barada çykan habarlar bizi ynjalyksyzlandyrýar. Biz onuň ozal garaşylyşy ýaly şu ýyl boşadylmagyna tutanýerlilik bilen çagyrýarys” diýip, amerikaly senatorlaryň türkmen prezidentine ýollan hatynda aýdylýar.

“Jenap Annanyýazow ilkibaşda 1995 ýylda ykdysady kynçylyklara ünsi çekýän hem-de has giň demokratiki azatlyklara çagyrýan parahatçylykly demonstrasiýalaryň guramaçylygyna ýardam berensoň, tussag edildi” diýip hatda aýdylýar.

Soňra hatyň mazmunynda Annanyýazowyň 15 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilmegi, bu möhletiň 4 ýylyny tussaglykda geçirenden soň, günä geçişlik yglan edilip onuň tussaglykdan boşadylmagy we 2002-nji ýylda Gazagystanyň üsti bilen Norwegiýa çykyp, şol ýerden bosgunlyk almagy barada maglumat berilýär.

Gulgeldi Annanyýazow ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan protest aksiýasy sebäpli tussag edilip, bu işiň çäginde dürli möhletlerde ýyl kesilen 30-a ýakyn protestçiniň arasynda 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 1999-njy ýylda onuň günäsi geçilipdi.

“Human Rights Watch, Freedom Now, “Olary diri görkeziň!” ýaly birnäçe toparlar oňa bildirilen aýyplamalara we çykarylan höküme alada bildirip geldiler” diýip, amerikaly senatorlaryň prezident Berdimuhamedowa ýazan hatynda aýdylýar.

Şeýle-de hatda 2013-nji ýylda BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi toparynyň Gulgeldi Annanyýazowyň eden-etdilikli tussag edilendigini anyklandygy ýatladylýar.

Hatyň mazmunynda Annanyýazowyň 2008-nji ýyldan bäri ýakyn wagta çenli daşky dünýäden üzňelikde saklanandygyna ünsi çekilýär:

“Has sadalaşdyryp aýdylanda, jenap Annanyýazow köp ejir çekdi we onuň dessine boşadylmagyna rugsat berilmegi hem-de onuň Norwegiýada ýaşaýan aýalynyň we oglunyň ýanyna goşulmak mümkinçiligi örän makul ýagşylygyň alamaty bolar” diýip, Birleşen Ştatlaryň bäş senatorynyň türkmen prezidentine iberen hatynda aýdylýar.

Ýatlasak, 13-nji maýda Human Rights Watch guramasy beýanat ýaýradyp, Türkmenistanyň türmelerinde eýýäm ömrüniň 15 ýylyny geçiren dissident Gulgeldi Annanyýazowyň çekýän jebir-süteminiň soňuna çykmak üçin herekete geçmäge çagyrypdy.

Ondan ozal, 10-njy maýda “Olary diriň görkeziň!” kampaniýasy Gulgeldi Annanyýazowyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Hazaryň kenaryndaky Garabogaz, ozalky Bekdaş şäherine sürgün edilendigini habar beripdi.

Kampaniýa Gulgeldi Annanyýazowa garşy çykarylan hökümi bikanun diýip atlandyrdy.

“2002-nji ýylda onuň adyndan üstünlikli çykyş eden Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we hökümetler herekete geçip, Annanyýazowyň azatlyga goýberilmegi, Norwegiýa dolanmagyna rugsat berilmegi we aýylganç hem-de adalatsyz jebir-süteminiň soňuna çykylmagy üçin türkmen hökümetine çagyryş etmelidir” diýip, Human Rights Watch 13-nji maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG