Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA guramasyna başlyklyk edýär


6-njy dekabrda GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary Sankt Peterburgda resmi däl sammit geçirdi. Arhiwden alnan surat.
6-njy dekabrda GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary Sankt Peterburgda resmi däl sammit geçirdi. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistan 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna başlyklyk edýär.

GDA guramasynyň sentýabr aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçiren sammitinde Arkalaşyga başlyklyk etmek nobaty Türkmenistana berlipdi.

“Media Türkmen” maglumat agentliginiň ýazmagyna görä, Duşenbede geçirilen sammitde, oňa gatnaşan türkmen wekiliýetiniň teklibi bilen, gurama 2019-njy ýylda başlyklyk etmek Türkmenistana berildi.

“Türkmen tarapynyň teklibi esasynda GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň nobatdaky geňeşini 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirmek barada karar kabul edildi” diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew “Interfaks” habar agentliginde sitirlenipdi.

GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşi maýyň aýagynda Aşgabatda geçiriler. Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň geňeşi hem 11-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda geçiriler.

Türkmenistanyň döwlet habar agentliginiň 6-njy dekabrda habar bermegine görä, Türkmenistan üstümizdäki ýyl Arkalaşyga başlyklyk etmegiň konsepsiýasynyny işläp taýýarlady hem-de ony GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürledi.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň hödürlän konsepsiýasynda “döwletleriň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, durnuklylyk, howpsuzlyk” we beýleki käbir möhüm meseleler Türkmenistanyň başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Türkmenistanyň GDA boýunça işläp düzen 2019-njy ýyl üçin konsepsiýasynda ýurtlaryň arasynda medeniýet, ylym-bilim we ynsanperwerçilik ugurlarynda-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýandygy bellenýär.

Galyberse-de, döwlet metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan 2019-njy ýylda Arkalaşygyň çäginde sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek boýunça programmanyň ýerine ýetirilmegine ähmiýet berer.

Türkmenistan GDA guramasynyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Resmi Aşgabat özüniň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp, 2005-nji ýylda GDA guramasynda assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.

“Agzalygyň bu görnüşi Arkalaşygyň Türkmenistanyň bähbitlerine hyzmat etmeýän taslamalaryna Aşgabadyň gatnaşmazlygyna rugsat berýär” diýip, türkmen hökümetine ýakyn habarlary çap edýän “Media Türkmen” ýazýar.

Türkmenistan 1999-njy ýylda Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda özara wizalary ýatyrmak boýunça ylalaşykdan çekildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň sentýabr aýynda Duşenbede geçirilen resmi sammitine gatnaşmady. Prezident öz ornuna türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek wezipesini ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Pürli Agamyradowa tabşyrdy.

Türkmen prezidenti 6-njy dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Akalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň Sankt Peterburgda geçirilen resmi däl ýygnagyna gatnaşdy.

6-njy aprelde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Minsk şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşan türkmen wekiliýetine prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edipdi.

Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA guramasyna başlyklyk edip, bir ýylyň dowamynda Arkalaşygyň çäginde otuza golaý çäre geçirdi.

Türkmenistanda geçirilýän prezidentlik we parlament saýlawlaryna GDA-nyň wekilleri yzygiderli gatnaşyýarlar. Arkalaşygyň saýlaw missiýalary şu wagta çenli Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara oňyn bahar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG