Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awazada” oteller satuwa çykaryldy


"Awaza"
"Awaza"

Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky ýokary amatlykly käbir oteller satuwa çykaryldy.

Bu barada Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri maglumat berýär.

“Iri telekeçileriň arasynda “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky “Nebitçi”, “Watançy”, “Deňiz”, “Ahal”, “Mary”, “Lebap” ýaly ýokary amatlykly otelleriň daşary ýurtly telekeçilere ujypsyz pula hödürlenýändigi aýdylýar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlygyň ikinji çeşmesi hem bu habarlary tassyklap, Awazadaky “Täjir” atly oteliň hususylaşdyrylandygyny özüniň anyk bilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä bu otel daşary ýurtly bir “barlykly telekeçä” satylypdyr. Ýerli çeşmeler “Täjir” myhmanhanasynyň “Senagatçylar we telekeçiler” birleşmesiniň ýerine ýetiriji bolup çykyş etmeginde gurlandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady ysgynsyzlygyň fonunda, mundan ozal, has takygy apreliň başynda ýurtda hereket edýän Alyjylar jemgyýetleri hususylaşdyrylmaly edildi, şeýle-de döwletiň ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk ulgamy “Altyn Asyr” döwlet kärhanasy we “Türkmenhowaýollary” kompaniýalary ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwrüldi.

Şeýle-de Azatlygyň çeşmesiniň gürrüň bermegine görä, ýurtda Senagat ministrligine degişli demir we sement zawodlary hem ujypsyz töleg esasynda hususylaşdyryldy.

Ýagdaýdan habarly çeşme gürrüňi edilýän desgalara ýerli telekeçileriň-de isleg bildirýändigini, ýöne olaryň hökümetiň islän wagty yzyna almagyndan gorkup, ynamsyz garaýandygyny, şol sebäpden bu söwda ýanaşmaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Awazadaky” myhmanhanalar 2007-2017-nji ýyllar aralygynda döwletiň köp mukdarda serişde goýbermegine guruldy. Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, wagtynda 40-50 million amerikan dollary möçberinde serişde sarp edilip bina edilen ýokary amatlykly oteller häzirki wagtda 100 müň dollaryny nagt tölemek, galan bahany 30-40 ýylda üzmek şerti bilen ujypsyz pula satylýar.

Ýerli synçylar, “Awaza” syýahatçylyk zolagyna turistleriň gelim-gidiminiň selçeňdigini aýdýar.

Türkmen hökümeti köp mukdarda pul serişdelerini sarp edip agzalýan “syýahatçylyk giňişliginde” gymmat bahaly myhmanhanalary, restoranlary, dynç alyş merkezlerini, sergi we toý zallaryny gurdy.

Şeýle-de, mart aýynyň ortasynda geçirilen ýokary derejeli hökümet maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny işewürlik we edara ediş taýdan dolandyrmagy tabşyrmak barada karara gelendigini habar beripdi.

6-njy martda Türkmenistana eden saparyny tamamlan Halkara pul gaznasynyň missiýasy ýaýradan beýanatynda, türkmen resmilerine administratiw proseduralary ymykly sadalaşdyrmagy, reformalary tijemegi, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak prosesini tizleşdirmegi we daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekmegi maslahat beripdi.

Galyberse-de halkara maliýe edarasynyň beýanatynda Türkmenistanda döwlet inwestisiýalaryny aýawly meýilleşdirmek, harçlamalar boýunça netijeliligi ýokarlandyrmak, ilatyň gowşak gatlagyny goramak bilen bir hatarda ýeňillik reformalaryna dowam etmeklik maslahat berlipdi.

Adaty türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, milliardlap pul harçlanyp gurluşyk edilýän ýurtda soňky ýyllarda ykdysady çökgünlik höküm sürýär; wagtal-wagtal kepek üçin nobatlar döreýär, adaty raýatlar eklenç üçin daşary ýurtlara çykjak bolanda aeroportda ýollary petiklenýär.

“Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň hususylaşdyrylmagy barada resmi maglumat elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG