Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Alyjylar jemgyýetleri hususylaşdyrylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda alyjylar jemgyýetleriniň düzümindäki edara-kärhanalar hususylaşdyrylýar. 6-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli agzalýan strukturalaryň işlini bes etmek boýunça teklip prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürlendi.

Döwlet baştutany derejesinde bu çäräniň “döwrüň talabyna laýyk gelýändigi” bellenip geçildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we welaýat merkezlerinde hereket edýän alyjylar jemgyýetlerine degişli emläkler hem tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrylar.

Alyjylar jemgyýetleriniň döreýşi we missiýasy

Gürrüňi edilýän emläkleriň ilki döwletiň hasabyna geçirilip soňra hususylaşdyrylmagy boýunça döwlet derejesinde görülýän çäreleriň fonunda, Türkmenistanda alyjylar jemgyýetleriniň döreýşi, olaryň missiýasy we türkmen jemgyýetiniň ykdysady durmuşynda olaryň oýnan we oýnaýan roly ýaly soraglar boýunça Azatlyk Radiosy Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.

Ýerli synçy alyjylar jemgyýetleriniň TSSR-iň döredilmeginden soňra, has takygy 30-njy ýyllarda döredilendigini, döwlet mehanizminiň alyjylar jemgyýetlerini bina etmek bilen harytlaryň ilat arasynda deň paýlanmagynyň gazanylmagyny üpjün etmegi baş maksat edinendigini gürrüň berdi. Has sadalaşdyranymyzda, söhbetdeşimiz “tapylgysyz harytlaryň alan-aldynyňky” edilmezligini gazanmak üçin, ýagny harytlaryň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek üçin şeýle düzümleriň döredilendigini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, ýerli synçy ýurt garaşsyzlygynyň alynmagy bilen Türkmenistanda agzalýan strukturalaryň 1930-1980-nji ýyllar aralygyndaky roluny ýitirendigini sözüniň üstüne goşup, garaşsyzlykdan soňky döwürde bu düzümleriň tas syýasy gurama öwrülendigini, olaryň ilatyň aladasyny etmäni başlandygyny aýtdy.

Täze şertler

Şeýle-de, alyjylar jemgyýetlerini hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri bazar ykdysadyýetine geçmekde “örän döwrebap” çäre häsiýetlendiren ýerli synçy bu prosesiň bökdençsiz durmuşa geçirilmegi üçin ykdysady sferada oňyn şertleriň öňünden döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.

“[Ýöne agzalýan täze şertlere] döwlet, jemgyýet, ykdysadyýet taýynmy – ynha, şu kölegeli sowal” diýip, ýerli synçy görülýän çäreler boýunça ikirjiňli pozisiýasyny mälim etdi. Hususy eýeçiligi kemala getirmek üçin ilkibaşda zerur şertleriň döredilmelidigine üns çeken synçy Türkmenistanda häzirki wagtda orta gatlagyň döredilmelidigini, bazar ykdysadyýetine geçen ýurtlarda orta gatlagyň umumy ösüşe agramly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady.

Alyjylar jemgyýetleriniň hususylaşdyrylmagy bilen bazarlaryň hem doly hususylaşdyryljakdygyny çaklan synçy, bu ýagdaý sebäpli häzirki wagtda orta biznesiň wekilleriniň aljyraňňy ýagdaýdadygyny habar berdi. Söhbetdeşimiz täze özgerişleriň fonunda, “arkaly adamlaryň has-da baýap, garyplaryň has-da garyplaşjakdygyny” aýtmak bilen öz howatyrlanmalaryny mälim etdi.

Alyjylar jemgyýetleriniň hususylaşdyrylmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada özüne berlen soraga aşgabatly synçy “döwlete gelýän girdejini köpeltmek üçin edilýän ädim bolmaly” diýip, jogap berdi. Söhbetdeşimiz bu çaklamalaryny alyjylar jemgyýetleriniň hususylaşdyrylan ýagdaýynda olara salynýan salgytlaryň mukdarynyň artdyrylmak ähtimallygy bilen delillendirdi.

Gürrüňi edilýän reformalar durmuşa geçirilen ýagdaýynda alyjylaryň we satyjylaryň hukuklaryny goraýan döwlete degişli bolmadyk garaşsyz jemgyýetleriň ähmiýetine ünsi çekip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew söhbetdeşligi jemledi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň golaýda habar bermeklerine görä, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky käbir myhmanhanalar hem hususylaşdyrmak çäreleriniň çäginde satuwa çykarlypdyr. Ýöne, bu maglumaty heniz beýleki garaşsyz çeşmelere tassykladyp bolmady.

Halkara pul gaznasynyň missiýasynyň 19-njy fewral – 6-njy mart aralygynda Aşgabada eden saparynyň netijelerine salgylanyp, missiýanyň ýolbaşçysy Martin Sommeriň 9-njy martda ýaýradan we dürli rekommendasiýalary öz içine alýan beýanatynda, Türkmenistanda beýleki käbir reformalar bilen bir hatarda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak prosesiniň tizleşdirilmegi we daşary ýurt maýadarlarynyň ýurda çekilmegi maslahat berlipdi.

XS
SM
MD
LG