Mary welaýatynda döwlet edaralarynda işleýänleriň aýlyklary ýene gijikdirilip berilýär. Şu günler bu ýagdaýyň býujetden aýlyk alýan edaralaryň tas ählisine degişlidigini welaýat ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna habar berdiler.
“Döwlete degişli edaralaryň ählisinde diýen ýaly aýlyklar wagtynda berlenok. Mugallymlar, ýangyn howpsuzlyk edaralarynyň, sanepidemstansiýanyň işgärleri häzir sentýabr aýynyň aýlyklaryny alyp bilmän otyrlar” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Şeýle-de, pensiýalaryň, çaga üçin berilýän kömek pulunyň we studentleriň stipendiýalarynyň hem şu gezek wagtynda berilmändigi aýdylýar.
“Pensiýalar, çaga pullary adatça her täze aýyň başynda berlip başlanýardy. Meselem, sentýabr aýynyňky tutuş ýurt boýunça 1-20 oktýabr aralygynda berilmelidi. Emma käbirler aýyň başynda alyp ýetişen bolsalar, beýlekilere puluň ýokdugyny aýtdylar” diýip, maryly söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, studentlere adatça aýyň ortalarynda berilýän stipendiýalar hem şu gezek aýyň aýagyna çenli saklanypdyr. “Talyplaryň çörek puly ýok, özlerine iýmit alyp bilmän oturanlar hem kän häzir, gaty kynçylyk çekýär talyplar” diýip, ýerli ýaşaýjysy belleýär.
Maryda aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaý tomsuň aýagynda-da ýüze çykypdyr. Hususan-da, Mary welaýatynyň bilim pudagynyň işgärleri sentýabr aýynda tomus aýlarynyň zähmet haklarynyň özlerine wagtynda tölenmändigini gürrüň berdiler.
“Tomsuň aýlyklary ýaňy berildi diýsek, indi sentýabryňkyny alyp bolanok”, diýip Azatlyk Radiosynyň ýene bir söhbetdeşi, bilim pudagynyň işgäri aýdýar.
Býujetden aýlyk alýan kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklarynyň wagtynda tölenmezligine degişli ýagdaýlar şu ýylyň bahar aýlarynda döräpdi we onuň yz ýany tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdy.
Şunuň bilen birlikde, käbir döwlet kärhanalarynda işgärleriň sany azaldylypdy, iş sagatlary çäklendirilipdi. Käbir kärhanalar doly ýapylypdy.
Türkmenistanda aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaý resmi derejede agzalmaýar. Bu problema ýerli metbugatda hem gozgalmaýar. Aýlyklaryň gijikdirilmeginiň resmi sebäbini anyklamak boýunça synanyşyklar hem netije bermedi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan döwlet edaralarynyň işgärleri özlerine diňe “pul ýok” diýlip jogap berilýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda ýylyň başynda aýlyklar, pensiýalar we beýleki sosial kömek tölegleri 10% galdyrylypdy, olaryň ýene 10% galdyrylmagy 2017-nji ýylyň býujetinde hem göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de, resmi maglumatlarda 2016-njy ýylyň döwlet býujetiň 79.3%-niň sosial pudagyň maliýe üpjünçiligine sarp edilendigi aýdylýar.
Ýylyň dowamynda Türkmenistanda harytlaryň nyrhy ortaça hasapdan 30% ýokarlandy.