Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden aýlyklaryň gijikdirilip, indi ençeme aýdan bäri berilmeýändigi barada dowamly habarlar gelip gowuşýar.
Zähmet haklarynyň wagtynda tölenmeýändigi baradaky maglumatlar ýurduň dürli, şol sanda bilim, saglyk, medeniýet pudaklarynyň işgärlerinden gelýär. Şol bir wagtda ildeşlerimiziň iberýän onlarça hatlarynda nebit-gaz sektoryndaky ýagdaýa has köp nägilelik bildirilýär.
Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki nebit-gaz edaralarynyň işgärleri aýlyklaryny eýýäm üç aýdan gowrak wagt bäri alyp bilmän kösenýändiklerini aýdýarlar. “Ýene näçe garaşamaly?! Biz pulsuzlykdan ýumruldyk, gutardyk. Ýokardyklaryň (ýolbaşçylaryň – red.) aýlyklary berilse-de, biziňkini üç aýlap saklap otyrlar” diýip, özüniň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ildeşimiz sosial ulgam arkaly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Lebabyň Türkmenabat şäherinden habarlaşan ýene bir ildeşimiz özüniň gaz pudagynda on ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekýändigini, emma soňky üç aýyň dowamynda özüne hiç hili zähmet hakynyň tölenmeýändigini gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen Balkanyň merkezi Balkanabat şäherinden habarlaşan nebit-gaz işgärleri-de öz aýlyklarynyň 2 aý çemesi wagt bäri berilmeýändigini gürrüň berdiler.
Balkanabatly ildeşlerimiz şu ýylyň başyndan bäri aýlyklarynyň 2-3 aý gijikidirip berilmeginiň hem eýýäm bir “adaty zada” öwrülendigini aýdýarlar. Olar öz işleýän edarlarynda ýörite ýygnaklaryň geçirilip, özlerine zähmet hakynyň wagtynda tölenmeýändigi barada hiç ýerde dil ýarmazlygyň tabşyrylandygyny aýdýarlar.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi ýapylandan soň, onuň düzümindäki edaralarda hem dürli tygşytlaýyş çäreleri geçirildi. Bir tarapdan, ozalky ministrligiň käbir bölümleri ýapylyp, iş ştatlary kemildilen bolsa, başga bir tarapdan, ozaldan işläp gelýän işgärleriň iş sagatlary kesilip, olar ýarym stawka geçirildiler.
Nebit-gaz pudagy bilen birlikde bilim ulgamynda hem işleýänleriň bir böleginiň zähmet haklarynyň üç aý töweregi gijikdirilip berilýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar. Marynyň mugallymlarynyň biri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, özleriniň iki aýlyk haklaryny alyp bilmän kösenýändiklerini gürrüň berdi.
Soňky gowşan maglumatlara görä, Lebap welaýatynda käbir mekdepleriň mugallymlary aýlyklaryny alan-da bolsalar, aglaba mekdepleriň pedagoglarynyň, çagalar baglarynyň işgärlerine çenli, iýul, awgust aýlarynyň aýlyklaryny henizem alyp bilmeýändigini habar berýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar hojalyk hasaplaşygyndaky käbir kärhanalaryň, şol sanda saglyk we gurluşyk edaralarynyň işgärleriniň-de öz aýlyklaryny wagtynda lyp bilmeýändiklerini, aýlyk haklarynyň üç-dört aý gijikdirilip berilýändigini aýdýarlar.
Aýlyklary gijikdirilýän ildeşlerimiziň güwä geçmegine görä, bu ýagdaýyň sebäpleri bilen gyzyklanyp, öz ýolbaşçylaryna ýüzlenenlerinde, olar her gezek “pul ýok” diýen jogaby alýarlar.
Galyberse-de, Türkmenistanda işçileriň zähmet haklarynyň ençeme aýlap berilmeýändigi baradaky mesele ne döwlet telewideniýesinde, ne-de hökümet maslahatlarynda gozgalýar. Azatlyk Radiosynyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň degişli maliýe edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary hiç hili netije bermedi.