Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt garaşsyzlygyny yglan edenden 2 ýyl soň, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pul birligini – türkmen manadyny dolanyşyga girizdi.
Parahorlyk zerarly ýüze çykan negileliklerden soň, IIM-niň Lebabyň ähli etraplarynda ulag serişdeleriniň döwlet tehniki barlagyny geçirmäge mümkinçilik döretjekdigi aýdylýar
Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýurduň oba hojalygyndan habarly hökümete ýakyn çeşmesi ýurt boýunça pagta plan borçnamasyny dolmagyň bu ýyl hem mümkin däldigini, hasylyň pesdigini habar berýär.
Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda dowam edýän azyk haryt ýetmezçiliginiň fonunda, Aşgabatda dükanlaryň öňünde döreýän nobatlara polisiýa işgärleri gözegçilik edýär.
Lebap welaýatynyň Halaç we Kerki etraplarynda adamlar uzak wagtlardan bäri temmäki ösdürip ýetişdirýärler.
Türkmenistandan daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentlere pul ugratmak bilen bagly täze çäklendirme girizildi.
Şu ýylyň ýanwar- sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň 38700 töweregi raýaty Azerbaýjana sapar etdi.
Saglyk howpsuzlygy boýunça dünýädäki ilkinji giňişleýin global hasabata görä, Türkmenistanyň ýokanç kesellere
23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda owgan türkmenleriniň durmuşyndan “Eneli gyzy dilegçilige mejbur eden gowga” atly täze wideo çap edildi.
Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklary meselesinde aýratyn aladalanma bildirilýän ýurtlar boýunça ýaýradan täze beýanatynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirdi.
LGBT näme?
Türkmenistanda kofe ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň oba hojalygy barada maglumatlary çap edýän döwlet eýeçiligindäki “Bereketli Toprak” gazeti 21-nji oktýabrda habar berdi.
Golaýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar ministrligine Aşgabat şäherinde Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik Geňeş aň-düşünje guramasy Türkmenistanda göz öňünde tutulýan nobatdaky konstitusion özgertmeler hem-de munuň ýurtda ýol açmagy ahmal häkimiýet çalşygy barada 21-nji oktýabrda makala çap etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar
Türkmenabatly ýaşaýjylar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklary başdan geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habar berýär.
Türkmenistanda dowam edýän azyk haryt ýetmezçiliginiň fonunda, 18-nji oktýabrda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde
Halkara walýuta fondunyň (HWF) soňky hasabatynda 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6.3 %-e deň boljakdygy çak edilýär. Üstümizdäki ýyl bu görkeziji has-da pese gaçyp, 6 %-e deň bolar.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen pagta, pagtaçylyk senagaty, onuň sowet ýyllarynda we häzirki döwürdäki wagzy barada gürrüňler gozgalýar.
Soňky wagtlarda Mary welaýatynyň ençeme obalarynda iri şahly mallar köpçülikleýin gyrylýar.
Ýene-de ýükle