Türkmenistanda 736 bendiniň günäsi geçildi

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankytlaýarlar.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 736 raýatyň günäsi geçildi. Bu baradaky degişli karara prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda gol goýdy.

Maglumatda, günäsi geçilen raýatlaryň mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadylandygy aýdylýar.

27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan edilen günä geçişlikde syýasy matlaplar bilen tussag edilen adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy häzirlikçe belli däl.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankytlaýarlar.

Şeýle-de, ynsan hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistandaky zorlukly ýitirim etmeler, polisiýa we türme resmileri tarapyndan adamkärçiliksiz çemeleşmeler, agyr türme şertleri, syýasy tussaglar, kazyýetiň garaşsyzlygy bilen bagly bar bolan problemalar babatynda alada beýan edilýär.

Türkmenistanda türmelerde saklanýan tussaglaryň sany we şertleri barada resmi maglumatlar çap edilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri türmeden boşan raýatlary berk gözegçilikde saklaýar. Günäsi geçilýän raýatlary iş bilen üpjün etmek ýerli häkimiýetlere tabşyrylýar. Ýöne Azatlygyň habarçylary öňki tussaglaryň güýç edaralary tarapyndan “gara donly” häsiýetlendirilip, dürli mümkinçiliklerden mahrum edilýändiklerini aýdýarlar.

Degişli maglumat Garaşsyzlyk mynasybetli günäsi geçilenleriň sanawyna goşdurmak üçin ‘para soraldy’ – öňki tussag