Russiýa ganly hüjümlerini dowam etdirýär, Zelenski Tramp bilen duşuşar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp. Nýu-Ýork, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Prezident Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we wise-prezident, demokratik partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Kamala Harris bilen Waşingtonda bolan duşuşyklaryndan soň, Russiýanyň Ukraina ganly zarbalary urmagyny dowam etdirýän wagtynda, 27-nji sentýabrda Donald Tramp bilen gepleşik geçirmeli.

Uruş tagallalaryna berilýän goldawy berkitmäge çalyşýan Zelenski bilen Trampyň arasy sowuk. Bu duşuşyk ABŞ-nyň öňki prezidenti, häzir respublikanlaryň prezidentlige kandidaty Donald Trampyň Ukrainanyň Russiýanyň sebäpsiz başlan urşuna gaýtawul berip, ony uruşda ýeňip biljekdigine bildirýän şübhelerini ýene bir gezek dile getiran wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Şeýle-de, Tramp Ukrainanyň, urşy soňlamak üçin ylalşyk baglaşmalydygyny aýtdy. Ol Kiýewiň Russiýa bilen Moskwa çozmazyndan birnäçe aý öň eglişige gelmelidigini, "islendik ylalaşygyň - iň ýaramaz ylalaşygyň hem häzirki eýe bolnan ýagdaýdan has gowy boljakdygyny” öňe sürdi.

Baýden 26-njy sentýabrda, şol gün Kiýew üçin milliardlarça dollarlyk harby kömegiň beriljekdigini yglan edeninden soň, Zelenskini Ak tamda kabul etdi we Russiýanyň Ukraina çozuşynda "üstün çykyp bilmejekdigi” ýene bir gezek gaýtalady.

Zelenski Baýdeniň garamagyna öz "ýeňiş meýilnamasyny" hödürledi, Birleşen Ştatlaryň Kiýewe beren uzak aralyk ýaraglarynyň Russiýanyň has töründäki nyşanalara zarba urmak üçin ulanylmagyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrmagy baradaky haýyşyny gaýtlady.

Şu hepdäniň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýyllyk Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-a geleli bäri ýygjam diplomatik missiýada bolan Zelenskiniň işläp düzen "ýeňiş meýilnamasy" barada bilinýän jikme-jiklikler kän däl.

Zelenski, ukrain şäherlerine we infrastrukturasyna edilýän hüjümleriň öňüni almak maksady bilen, Russiýanyň has töründäki harby nyşanalara zarba urmak üçin, Kiýewe berlen uzak aralyk raketalaryny ulanmaga ýene bir gezek rugsat sorajakdygyny mälim etdi. Onuň bu göçümi Ukrainanyň ýaranlarynyň arasynda bölünişik döretdi.

"Russiýa ýeňiş gazanyp bilmez. Ukraina ýeňer, biz bu ýoluň her ädiminde siziň ýanyňyzda durarys" diýip, Baýden Zelensini Ak tamda kabul eden güni, ol öz meýilnamasyny aýan edeninden soň aýtdy.

"Biz Ukrainanyň we Amerikanyň bile, egin-egne berip durandygyna çuňňur minnetdarlyk bildirýäris" diýip, harby görnüşdäki garamtyl-ýaşyl eşik geýen Zelenski aýtdy.

Zelenski biraz soň öz “ýeňiş meýilnamasyny” Ak tamda Harrise hem gürrüň berdi. Harris Zelenskä özüniň Ukrainanyň halkyna berýän goldawynda gyşarnyksyzdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Harris ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşjek garşydaşyny tankytlap, Trampyň Ukrainanyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen urşy soňlamak üçin yalalşyk baglaşmagy baradaky teklipleriniň parahatçylyk teklipleri däl-de, eýsem “tabyn bolmak teklipleri” bolandygyny aýtdy.

Baýden 26-njy sentýabr güni irden Kiýewe 8 milliard dollardan gowrak harby kömek beriljekdigini yglan etdi we ABŞ-nyň “Ukrainany bu uruşda ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan goldaw bilen üpjün etjekdigini” aýtdy.

Bu gezekki kömek bukjasy ilkinji gezek berilýän “Joint Standoff” ýaragyny, ýokary takyklygy bolan, söweş uçaryndan 130 km uzaklyga çenli atylyp bilýän ugrukdyrylýan bombany hem öz içine alýar. Şeýle-de, bukjada goşmaça “Patriot” howa gorag batareýasy, ýüzlerçe “Patriot” raketalary, AMRAAM-lar (kämilleşdirilen, orta aralyga niýetlenen howadan-howa raketalary) bolar.

Birleşen Ştatlar, Ukrainanyň esasy goldawçysy we Günbatar ýaranlary Kiýewe milliardlarça dollarlyk harby kömek we beýleki kömekleri berdi, şol bir wagtyň özünde-de Moskwa garşy tapgyrlaýyn sanksiýalary girizdi.

Russiýanyň soňky, 27-nji sentýabrda eden giň gerimli pilotsyz uçar hüjüminde Ukrainanyň Dunaý boýundaky Izmaýil portunda 3 adam ölüp, 11 adam, şol sanda bir çaga ýaralandy diýip, Odesanyň sebit gubernatory Oleh Kiper habar berdi.

NATO agzasy Rumyniýa bilen serhetde ýerleşýän Izmaýil porty Ukrainanyň galla eksporty üçin möhüm merkez bolup, Russiýa tarapyndan gaýta-gaýta nyşana alyndy.

Tulça sebitindäki rumyn häkimiýetleri, serhediň aňry ýüzünde, Izmaýiliň garşysynda ýerleşmek bilen, pilotsyz uçarlaryň serhet ýakasyna golaýlaşandygyny habar berip, ilata duýduryş berdi.

Rumyniýanyň Goranmak ministrligi biraz soň milli howa giňişliginiň rus pilotsyz uçary tarapyndan meger 3 minut çemesi bozulandygyny aýtdy.

Ministrlik Rumyniýanyň howa güýçlerine degişli iki sany F-16 söweş uçaryny asmana galdyrandygyny, soň olara NATO agzasy Ispaniýa degişli iki sany F-18 söweş uçarynyň goşulandygyny habar berdi. Dört söweş uçarynyň ählisi soň Rumyniýanyň günorta-gündogaryndaky howa bazalaryna sag-aman gaýdyp geldi diýip, ministrlik aýtdy.